Hytaý häkimiýetleri çarşenbe güni maglumatlary goramak baradaky täze
kanuna laýyklykda informasion howpsuzlyk meselelerini düzgünleşdirmäge
başladylar. Bu barada köpçülige ýetirilen resminamanyň tekstinde aýdylýar diýip,
TASS habar berýär.
Onda tor maglumatlaryna gözegçilik etmek boýunça çäreleriň, şeýle-de
informasion howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ulanylýan tehnologiýalaryň HHR-iň
sosial-ykdysady ösüşine, raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam
etmelidigi, “ahlak we jemgyýetçilik etikasynyň kadalaryna laýyk gelmelidigi”
bellenilýär. Jogapkär adamlar we guramalaryň bölümçeleri indi ýüze çykan
meseleler we ulgamlaýyn töwekgelçilikler barada Hytaýyň doly ygtyýarly döwlet
edaralaryna yzygiderli hasabat bermeli.
“Hiç kimiň maglumatlary ogurlamak ýa-da bikanun ýygnamak bilen
meşgullanmaga hukugy ýok” – diýlip, resminamada bellenilýär. Täze kanunyň
bozulandygy üçin 10 müňden 10 mln ýuana çenli (1,5 müň dollardan 1,5 mln
dollara çenli) möçberde jerime göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da,
maglumatlaryň ulanylmagy bilen bagly çäreleri görýän we Hytaýyň milli
bähbitlerini kemsidýän kompaniýalar ýapylyp ýa-da täjirçilik işini ýerine ýetirmek
üçin ygtyýarnamadan mahrum edilip bilner.
10-njy iýunda HHR-iň prezidenti Si Szinpin täze kanunyň 1-nji sentýabrda
güýje girýändigini görkezýän permana gol çekdi. Bu hukuk resminamasynyň esasy
wezipesi möhüm maglumatyň netijeli ulanylmagyny we onuň gizlinligini üpjün
etmekden, bu ugurda hukuk kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almakdan, döwlet
garaşsyzlygynyň we milli howpsuzlygyň mizemezligini kepillendirmekden
ybaratdyr.