Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, adamyň bähbitlerini goramak we ilatyň
ýaşaýyş derejesini dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryna laýyk gelýän ýokary
görkezijilerini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy
ugurlar bolup durýar.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty ilatyň ýaşaýşyny we hal-
ýagdaýynyň ýeterlik ýokary derejesini saklamaga gönükdirilmek bilen, onuň köp
bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş, bilim,
medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny kämilleşdirmäge sarp
edilýär.
Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamy
möhüm orun eýeleýär, bu ulgam pul dolanyşygynyň deňeçerligini üpjün etmäge,
milli puluň satyn alyjylyk ukybyny saklamaga we döwletiň durnukly durmuş-
ykdysady ösüşini gazanmaga gönükdirilýär. Ýurduň ähli raýatlary üçin maliýe
hyzmatlarynyň we ykdysady serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmek hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maliýe-ykdysady ulgamda alyp
barýan döwlet syýasatynyň möhüm wezipesi bolup durýar.
Maliýe ykdysadyýetiň döwlet we hususy çygyrlarynyň, önümçilik we
durmuş infrastrukturasynyň, ylmyň we tehnikanyň ösüşinde aýgytlaýjy orun tutýar.
Jemi içerki önümiň paýlanylyşy önümçilik we önümçilik däl çygyrlaryň arasynda
geçirilmek bilen, maliýe mehanizminiň kömegi bilen döwlet ykdysadyýetiň bir
çygrynda alnan girdejileriň bir bölegini beýleki çygyrlara, şol sanda durmuş
çygryna gönükdirýär. Jemi içerki önümiň gaýtadan paýlanylyşy döwletiň geçirýän
maliýe syýasatynyň gönükdirmesi bilen şertlendirilýär.
Ýurdumyzda maliýe babatyndaky işi Türkmenistanyň Maliýe we
ykdysadyýet ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar we ol Türkmenistanyň
Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabryndaky Permanyna laýyklykda,
Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň we Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş
ministrliginiň binýadynda döredildi. Ministrlik bitewi döwlet maliýe syýasatyny
işläp düzýär we amala aşyrýar, Merkezi býujetiň taslamasyny işläp düzýär we
ýerine ýetirýär, býujet we býujetden daşarky gaznalarynyň serişdeleriniň netijeli
we maksatly ugurlar boýunça harçlanylyşyna maliýe gözegçiligini gurnaýar,
döwlet maliýesiniň durnuklylygyny üpjün edýär we maliýe bazaryny ösdürmek
boýunça çäreleri amala aşyrýar, ykdysady, maliýe, salgyt-býujet, maýa goýum,
nyrh, durmuş we sebit syýasatyny işläp taýýarlaýar we durmuşa ornaşdyrýar.
Şeýle hem, salgytlaryň we ýygymlaryň Türkmenistanyň býujet ulgamyna
doly we öz wagtynda geçirilmegine gözegçiligi amala aşyrýar. Diýmek, maliýe
syýasaty puluň hümmetsizlenmegine, işsizlige garşy çäreleriň amala

aşyrylmagyna, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň üpjün edilmegine
gönükdirilýän durmuş-ykdysady syýasatynyň bir bölegi bolup durýan döwletiň
býujet syýasaty bilen ýakyn arabaglanyşykdadyr.
Türkmenistanyň geçirýän býujet syýasaty býujet gurluşynyň görnüşini we
ähli býujet prosesini tertipleşdirýän Türkmenistanyň Býujet kodeksine we beýleki
kanuny namalaryna esaslanýar. Aslyýetinde, býujet syýasaty býujetiň çykdajylar
böleginiň gurluşy, aýry-aýry derejedäki býujetleriň arasynda çykdajylaryň
paýlanylyşy, býujet ýetmezçiliginiň üstüniň ýapylyşynyň çeşmeleri we usullary,
döwlet bergisini dolandyrmagyň tärleri bilen şertlendirilýär. Türkmenistanyň
Döwlet býujetiniň hukuk esaslary 2014-nji ýylyň mart aýynyň 1-ne kabul edilen
Türkmenistanyň Býujet kodeksinde kesgitlenilýär. Bu Kodeks Türkmenistanyň
býujet ulgamynyň guralyşynyň we hereket edişiniň umumy ýörelgelerini belleýär,
Türkmenistanda býujet işiniň we býujetara gatnaşyklarynyň esaslaryny kesgitleýär.
Türkmenistanyň Döwlet býujeti döwletiň maliýe serişdeleriniň
toplanmagyny we dolandyryş edaralarynyň öz borçlaryny ýerine ýetirilmegini
üpjün edýär. Diýmek, Döwlet býujeti ýurduň ykdysadyýetine düýpli täsir edýän
aýgytlaýjy gural bolup durýar.
Hakykatdan-da, milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini üpjün etmek, has
takygy maliýe durnuklylygyny gazanmak, durmuş ulgamy bilen birlikde halk
hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda ösüşiň durnukly depginini üpjün etmek
üçin ýurduň Döwlet býujetiniň örän uly ähmiýeti bar. Şol sebäpli, hormatly
Prezidentimiziň ýolbaşçylynda türkmen döwletiniň milli ykdysadyýetine kybapdaş,
işjeň hem durnukly ösmäge ukyply býujet ulgamynyň düýpli esaslary işlenip
düzüldi. Bu ösüşi saklamak we kämilleşdirmek, halkymyzy döwrüň talabyna laýyk
ýaşatmak esasy maliýe meýilnamamyz bolan Döwlet býujetiniň üsti bilen amala
aşyrylýar. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Döwlet adam üçindir!”
diýen ýörelgesiniň iş ýüzündäki subutnamasydyr.
Umuman, býujet syýasaty milli ykdysadyýetiň hil taýdan ýokary ösüş
depginini üpjün etmeklige, ýurduň maliýe ulgamynyň düzüm bölegi bolan Döwlet
býujetine salgytlar arkaly gelýän girdejileriň yzygiderli ýokary depginler bilen
artmaklyga, şonuň ýaly-da onuň maliýe ulgamynyň mäkäm binýadyny tutmaklyga
ýardam berýän güýçli döwlete öwrülmegi ýurt baştutanymyz tarapyndan durmuşa
geçirilýän düýpli oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady
strategiýasynyň netijesidir.

Leýli Aşyrowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy