Iň gadymy hytaý hat-ýazuw ýadygärligi miladydan öňki XIV–XI asyrlara
degişli bolup, ol In döwrüniň täleýnamasydyr. Alymlar ol has ir ýüze çykandyr
diýip çak edýärler. Hytaý hat-ýazuwynyň gadymy nusgalary biziň günlerimize
ýeterlik derejede ösen ýagdaýda gelip ýetipdir. Üstesine-de, gadymy hytaý hat-
ýazuwy tipologik nukdaýnazardan, häzirki zaman iýerogliflrinden kän bir
tapawutlanmaýar. Hytaý elipbiýi hytaý dili bilen bilelikde ösüpdir. Miladydan
öňki I we II asyrlarda iýerogliflri ýazmagyň täze usuly ýüze çykyp, ol häzirki
döwrüň hatyna meňzeş hasaplanylýar.
Miladydan öňki I müňýyllykda hatlar ýüpek matalara ýazylypdyr. Hatlar
agaç ýa-da bambuk tagtajyklarynyň ýüzüne çotgajyklar bilen hem ýazylypdyr.
Metaldan ýasalan pyçaklar, köplenç bozguç hökmünde ulanylypdyr. Miladydan
öňki II asyrda ýaşap geçen Saý Lun kagyzyň taýýarlanylyşy we kämilleşdirilişi
barada ýazypdyr. Kagyzyň peýda bolmagy bilen, hatlar indi kagyzyň ýüzüne
ýazylyp, öňki serişdeler ulanyşdan galyp başlaýar.

NARGIZA Narmämmedowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby