Galen lukmançylykda we tebigaty öwrenmekde uly meşhurlyga eýe bolan
gadymy grek alymydyr. Adatça, Galene latynlaşdyrylan görnüşde Klawdiý Galen
diýip ýüzlenýärler. Ol Kiçi Aziýada ellinistik medeniýetiniň wajyp merkezi bolan
Pergam şäherinde 129-njy ýylda eneden dogulýar. Bu şäher Smirnanyň (häzirki
Izmiriň) demirgazygynda, 75 kilometr aralykda ýerleşýär. Galen 15 ýaşyna
ýetende filosofiýa ylmyny öwrenip başlaýar. Emma 18 ýaşyna ýetende bolsa
lukmançylyk bilen meşgullanyp ugraýar. Onuň mugallymlarynyň arasynda, şol
döwrüň gadymy meşhur grek lukmanlary – Satir, Fisian, Stratonik ýalylar
bolupdyr.
Galen filosofiýa degişli bolan 150 sany ylmy traktatlary ýazýar. Şeýle-de,
beýik akyldaryň medisina degişli bolan tejribeleri dogrusynda arap ylmy
çeşmelerinde käbir maglumatlar saklanyp galypdyr. Galen öz bilimini
ýokarlandyrmak maksady bilen Smirna şäherinde okaýar, anatomiýany öwrenmek
üçin Aleksandriýa şäherine gelýär. Aleksandriýa şäheri şol döwürde grek ylmynyň
we medinisasynyň ösen merkezi bolupdyr. Şu ýerde adam jesedini öwrenmek
tejribesi, miladyndan öňki 300-nji ýyllarda grek däbine görä Ptolomeýiň
mekdebinde ýola goýulýar.
175-nji ýylda Galen Rimde galyp özüniň hemişelik we örän şowly
praktikasyny dowam etdirýär. Üç ýyldan soňra imperator Mark Awreliý aradan
çykýar, 192-nji ýylda bolsa Kommod (imperatoryň ogly) öldürilýär. Galen bolsa
öz dogduk mekany Pergama dolanyp gelýär. Şol ýerde hem ol özüniň uly ylmy
işini tamamlaýar we öz eserleriniň katalogyny düzýär. Beýik akyldar Rimde (käbir
maglumat çeşmelerine görä, Pergamda) 200-nji ýylda aradan çykýar.
ARZYGÜL Jomartowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby