Beýik işleriň we täze üstünlikleriň döwründe ýurduň ykdysady ösüşiniň durnukly depginleri köp babatda ylym we innowasiýa amallarynyň gazananlaryny giňden ulanmak bilen esaslanýar. Beýle ýagdaý önümçiligiň tehniki derejesini ýokarlandyrmakda, öndürilýän önümiň dürlüligini diwersifikasiýalaşdyrmakda, oba hojalyk çig malynyň gaýtadan işlenilmegini döwrebaplaşdyrmakda, önümiň hilini dolandyrmagy modifikasiýalaşdyrmakda we zähmet potensialynyň işini guramagy gowulandyrmakda öz anyk beýanyny tapdy.
Şuňa laýyklykda, ýurdumyzyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda Watanymyzyň we ähli türkmen halkynyň gelejegi üçin ähmiýetli bolan möhüm meseläni durmuşa geçirmek boýunça çynlakaý we uly işler başlanýar. Bu mesele ýurdumyzyň ylmynyň mundan buýanky ösüşiniň hil taýdan täze, ýokary derejä göterilmegidir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda: “Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy ugurlarynyň ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, olaryň ylym we önümçilik ulgamlary bilen jebis arabaglanşygyny üpjün etmek, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak, täze maglumat infrastrukturasyny döretmek zerurdyr” diýip belledi.
Ýurdumyzyň ylmy-tehniki ulgamynyň mundan beýläkki ösüşi üçin tehnikany, tehnologiýany, zähmeti we dolanyşygy guramak ulgamynda täzeçiligi ulanmak, şeýle-de işiň iň dürli ulgamlaryna we pudaklaryna täzelikleri ornaşdyrmak maksady bilen döwletiň hemaýaty berilýär. Häzirki döwürde ylmy ösdürmek üçin, ilki bilen, esasy ugurlary bellemeli (pudaklar boýunça). Şonuň bilen bilelikde, ylym amaly häsiýetde bolmaly. Şonuň üçin, biziň pikirimizçe, ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşi ylmy gözlegleriň we innowasion işläp taýýarlamalaryň şu ileri tutulýan ugurlary we meseleleri bilen kesgitleniler.
Ýangç – energetika toplumy ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň kanunçylyk esasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de “Elektrik energetikasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.
Elýeterli we arassa energiýa bilen halkymyzyň doly derejede üpjün edilmegi energiýa serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy, olaryň ekologiýa taýdan arassa bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu bababtda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan “Enegiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” aýratyn ähmiýetlidir.
Energetika babatda döwlet syýasy energetiki garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, energo netijeliligi ýokarlandyrmaga hem-de energetikanyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirilendir. Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ekologik taýdan arassa energetikany, onuň mundan beýläk hem howpsuzlygyny, energobalansyň gurluşynyň amatlylygyny, energotygşytlylygyň dolandyrylmagynyň öňdebaryjy usulyýetleriniň we ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny üpjün etmek zerurdyr. Häzirki wagtda önümçiligiň we energiýa serişdeleriniň, şol sanda elektroenergiýanyň sarpedilişiniň energonetijeliligini üpjün edýän, ylmyň gazananlaryna esaslanýan täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we önümçilige ornaşdyrmak babatda möhüm işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň howa we geografik şertleri energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini döwrebap peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu ylaýta-da oba ilatyny we medeni zolakdan uzakdaky ýerleriň energoüpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam edýär. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň bir görnüşi hem Gün energiýasy hasaplanýar. Geljekde hem ýurdumyzda ýeliň, geotermal suwlaryň energiýalaryny, bioýangyç energiýasyny peýdalanmak hem göz öňünde tutulýar.
– birinjiden; gazylyp alynýan peýdaly gorlaryň emele geliş we ýerleşiş kanunalaýyklygyny ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň ýer gatlagynyň gurluşyny, düzümini we ewolýusiýasyny toplumlaýyn öwrenmek, gorlaryň gözlegini, gorlaryň gözleginiň we monitoringiniň, şeýle-de mineral çig malyň strategik we gyt görnüşleriniň ylmy esaslaryny barlamak, olaryň gazylyp alynmagynyň we gaýtadan işlenilmeginiň derejesini ýokarlandyrmak;
– ikinjiden: kondensatlary tebigy gazdan bolup çykarmagyň tehnikasyny we tehnologiýasyny kämilleşdirmek, olary himiýa önümçiliginiň dürli görnüşlerini öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanmak; mineral – çig mal gorlaryny daşamak boýunça ykdysady taýdan howpsuz we ýokary ygtybarly ulgamlary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak;
– üçünjiden: Gün energiýasyny tejribede ulanmak üçin düýpli (fundamental) we amaly ylmy gözlegleri we konstruktorçylyk synag işlenmelerini; sosial-ykdysady ulgamda peýdalanmak üçin netijeli geliotehnikany işläp taýýarlamak;
– dördünjiden: gyzgyn suw bilen üpjünçilik, suwy ýylatmak, sowatmak, ony ýokaryk akdyrmak we duzsuzlandyrmak boýunça netijeli galyndysyz ulgamlary we toplumlary döretmek, gyzgyna garşylary eretmek we ýarymgeçirijileri sintezlemek, energiýanyň täzelenýän çeşmelerini ulanmak bilen oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek boýunça gözlegler energetikada ileri tutulýan ugurlardyr.
Himiýa toplumy. Bu toplumyň öňdebaryjy ylmy-tehniki binýadynyň esasynda aşakdaky ugurlar boýunça ylmy gözlegleriň we innowasiýa tehnologiýalaryň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar:
Garabogaz kölüň mineral çig-mal çeşmelerini agtarmagyň gazyp almagyň we gaýtadan işlemegiň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, Türkmenistanyň çäklerinde ýoduň, bromuň, organika-mineral dökünleriniň we bentonit palçygynyň, magdan gorlaryň önümçiliginiň täze tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak;
Garabogaz aýlagynyň üst ýüzündäki duzly suwy toplumlaýyn gaýtadan işlemek boýunça fiziki-himiki esaslaryň we tehnologiýalaryň gözlegi;
Ýurduň ykdysadyýeti üçin zerur bolan kaliý sulfatynyň, magniniň okisiniň we beýleki himiki önümleriň synag-senagat önümçiligini işläp taýýarlamak.
Himiýa toplumynyň mundan buýanky ösüşi şu iki ugur boýunça göz öňünde tutulýar:
birinji ugur – sintetiki (plastmassa we aýna plastigi) serişdeleri önümçiliginiň täze progressiw pudaklarynyň ileri tutulmagy bilen ösdürilmegi;
ikinji ugur – ilkinji nobatda, kaliý duzunyň gazylyp alynmagy, şeýle-de soda we ýod brom senagatynyň ösüşi bilen kesgitlenjek dag himiýasynyň ösdürilmegi. Şu ugra laýyklykda, himiýa toplumy, esasan, oba hojalygy üçin önüm öndürmäge (ýokary konsentrasiýaly, şol sanda hlorsuz, kalili we mikro mineral dökünler) gönükdiriler.
Maşyngurluşyk toplumy. Bu toplumyň çaltlandyrylan ösüşiniň derejesi we gerimi şu esasy ugurlar boýunça innowasiýa amallarynyň geçirilmegini talap edýär:
çaltlandyrylan ýagdaýda tehniki taýdan enjamlaşdyrma, gaýtadan gurnama we zerur halatlarda hereket edýän maşyngurluşyk kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, metaly gaýtadan işleýän abatlaýyş kärhanalarynyň we önümçilikleriň ulgamynda çürt-kesik (radikal) modifikasiýany, şeýle-de ýöriteleşdirilen abatlaýyş zawodlarynyň esasynda abatlaýyş binýadynyň giňeldilmegi, ýurduň zähmet gorlaryny ýerleşdirme aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan önümçiligiň ýörite guramaçylyk aýratynlyklaryny ulanmagyň esasynda maşyngurluşygyň ösüşi.
Agrosenagat toplumy. Bu toplumyň ösüşi oba hojalyk reformalarynyň çuňlaşmagyny, hojalygyň dürli görnüşleriniň deňhukukly ösüşini, oba haryt öndürijileriniň özbaşdaklygyny, şeýle-de döwlet kömeginiň güýçlendirilmegini göz öňünde tutýar. Agrosenagat toplumynyň (AST-niň) öňünde goýlan meseleleriň ýerine ýetirilmegi belli bir derejede ylmy gözlegleriň mundan buýanky ostisi, AST-niň pudaklarynda innowasiýa amallarynyň çaltlandyrylmagy bilen baglydyr. Olar şu esasy ugurlar boýunça ösdürilmelidir:
1. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurdumyzyň amaly-ylmy biotehnologiýa, molekulýar biologiýa we genetika, immunitet, önüm amallarynyň modelirlenmegi, önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagy, tebigaty netijeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak ýaly ylmyň düýpli (fundamental) ugurlarynyň netijelerini ulanmalydyr. Şu gözlegleriň netijelerini ulanmak ýurduň AST-siniň amaly meselelerini çözmek meselesinde amaly ylymlara güýçli itergi berer.
2. Ekerançylyk ulgamynda ylmy-tehniki progres meýdanlaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça, olary ösdürmegiň ýokary depginli tehnologiýasy we agrotehnikasy boýunça işlenilişi babatda teklipleriň ulanylmagyna, gowaganyň, dänäniň we beýleki ekinleriň tohumyny sepmek, ýygnamak boýunça täze tehnologiýalary oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmaga gönükdürilendir. Ekerançylykda gowaganyň, däneli we däneli kösükli ekinleriň, şeýle-de azyk we iýmlik ekinleriň tohumçylygy ulgamynda uly işler geçirilýär. Bu ylmy-barlaglar:
• kleýkowinasy we ýokary hasyllylygy, baldagynyň ýere ýazylmaýanlygy bilen tapawutlanýan güýzlük bugdaýyň täze sortuny ösdürip ýetişdirmäge;
• inçe we orta süýümli. şeýle-de reňkli süýümli we ýapragy tebigy dökülýän, kesellere we oba hojalygyna zyýan berijilerine durnukly, ýokary hil häsiýetnamaly (hasyllylygy, süýümiň çykyşy, çigidiniň ýaglylygy) pagtanyň täze sortlaryny çykarmaga;
• sorgo-jöweniň, soýanyň, subtropik ekinleriň täze sortlaryny döretmek, şeýle-de şänikli we çigitli agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň täze tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.
Ekerançylyk ulgamynda ýeriň, hasyllylygyny ýokarlandyrma meselelerini çözmäge mümkinçilik berýän has möhüm we perspektiw ugurlar ylmy-barlag işleriniň esasyny düzümelidir. Gowaçany, dänäni, iýmleri we beýleki önümleri öndürmegiň ýokary depginli tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyňa mineral dökünleri dökmegiň oňyn çäkli möçberleriň ornaşdyrmak suwy tygşytlaýan tehnologiýa we suwaryş ulgamlarynyň peýdaly täsir koefisiýentini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň toplumyny önümçillige ornaşdyrmak zerurdyr.
Şu meseleleriň çözülmegi bilen bir hatarda ekerançylygymyzyň milli däplerini dikeltmek gerek. Muňa ekin dolanyşygy, organiki dökünler, suw üpjünçiligi, oba hojalyk işlerini geçirmegiň oba hojalyk möhletlerini berjaý etmek girýär. Döwür ekerançylygyň milli ulgamynyň işlenip taýýarlanylmagyny talap edýär. Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda ýaýbaňlandyrylýan biodinamika ekerançylygy önün esasyny tutmalydyr.
3. Maldarçylykda seleksiýa işlerini geçirmegiň esasynda mallaryň we guşlaryň öndürijiligi ýokarlandyrylmalydyr, şeýle-de öndürijilikli mallaryň we guşlaryň bar bolan görnüşleri, kysymlary we gibridleri gowulandyrylmalydyr we täzeleri döredilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, atlaryň ahalteke tohumynyň genefonduny, düýeleri, garaköli goýunlaryny saklamak we ösdürmek. şeýle-de mallary kesellerden goramak boýunça ekologiýa taýdan howpsuz usullary işläp taýýarlamak we önümçilige ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylmalydyr. Umumylykda, geçirilýän ylmy gözlegler maldarçylygyň milli ulgamyny formirlemäge mümkinçilik bermelidir.
4. AST-niň gaýtadan işleýän pudaklarynyň mundan buýanky ösüşi, ýagny
• innowasion amallaryň soňky gazananlarynyň esasynda agrosenagat toplamyna girýän kärhanalaryň, senagat önümçiliginiň we önümçilik infrastrukturasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy;
• hereket edýän kärhanalaryň önümçilik mümkinçiligini aňrybaş ulanmagy, täzelerini gurmagy, şeýle-de dünýä ülňüsine gabat gelýän bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegi;
• karhanalaryň, önümçilikleriň we gulluklaryň ýerleşişiniň guramaçylyk görnüşleriniň we optimal möçberleriniň aýratynlygyny kesgitleýän regional faktorlary hasaba almak bilen, agrosenagat toplumynyň önümçilik mümkinçiliklerini çaltlandyrylan depginde ösdürmegi;
• oba hojalyk çig malynyň we beýlekileriň önümçiliginiň, saklanyşynyň, daşalyşynyň we gaýtadan işlenişiniň guramaçylyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ylmy- tehniki çäreleriň ulgamyny çözmäge gönükdirilýär.
Gurluşyk toplumy. Bu toplumyň ösüşi hakykatda ýurduň önümçilik mümkinçilikleriniň hemmesinin ösüşini, perspektiwalaryny we sosial meseleleriň giň tapgyrynyň çözülmegini kesgitleýär. Şonuň üçin gurluşyk toplumynyň özgermegine we mundan buýanky çalt ösüşine gönükdirilen ylmy-tehniki çäreleriň ulgamy örän giňdir. Ol ylmy-barlag we innowasiýa işlenilmeleriniň esasy ugurlaryny: gurluşyk dolanyşygynyň guramaçylygyny, tehnologiýasyny we mehanizasiýasyny kämilleşdirmegi; taslama-gözleg işleriniň ösüşini; gurluşygyň serişde-önümçilik bazasynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny, şeýle-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň ösüşini özünde jemleýär.
Gurluşyk ulgamynda ylmy gözlegler binalaryň, desgalaryň we magistral gazgeçirijileriniň ygtybarlylygyna we durumuşyň uzaklygyna, meýdanynyň ýer titremä garşylygyna we howa şertlerini hasaba almak bilen baha bermäge mümkinçilik berýän täze usullaryň işlenip taýýarlanylmagyna we ornaşdyrylmagyna gönükdiriler, şeýle-de ýerli çig maldan taýýarlanylan gurluşyk serişdeleriniň önümçilik tehnologiýasy işlenilip taýýarlanylar.
Täze daşary ýurt tehnologiýalaryny we ýerli işlenmeleri ornaşdyrmak bilen gurluşyk toplumynda syrçaly keramiki plitkalaryň, çerepisalaryn, sementin, aýnanyň, gyzgyna çydamly kerpijiň we beýleki gurluşyk serişdeleriniň hem-de gurnawlaryň importynyň ornuny tutýan önümçilik ýaýbaňlandyrylar.
Ulag toplumy. Bu toplumyň ösüşi şu esasy ugurlar boýunça göz öňünde tutulýar:
• Awto we howa ulaglary parkyny täze döwrebap ýolagçy we ýük awtoulaglar we uçarlary bilen enjamlaşdyrmak;
• Ýolagçylary we ýükleri daşamagyň ösen tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň; ýükleýiş, ýük düşüriş işlerini mehanizmleşdirmegiň esasynda daşama amallaryny kämilleşdirmek, tehnologiýa gatnaşyklarynyň we elektron-hasaplaýjy tehnikanyň döwrebap serişdelerini giňden ulanmak;
• Tehniki ösüşiň we daşary ykdysady aragatnaşyklaryň ösüşiniň talaplaryny hasaba almak bilen, demirýol, awto we howa ulaglarynyň hereketli düzüminiň parkynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmak;
• Demir-beton şpallarynyn importyň ornuny tutýan täze önümçiliginiň döredilmegi, demirýol zolaklarynyň elektrikleşdirilmegi, demirýol wagonlaryny abatlamak boýunça ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy;
• Täze garaýollaryň, demirýollaryň we turbageçirijileriniň gurluşygy;
• Dünýä ülňülerine gabat gelýän awtoulag ýollarynyň we desgalarynyň taslamasynyň, gurluşygynyň we abatlaýyş işleriniň derejesiniň hil taýdan ýokarlanmagy, ýollary taslamak we asfalty öndürmek boýunça öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy üpjün etmek.
Sosiologiýa we ykdysady ylymlar ulgamyndaky ylmy gözlegleriň ileri tutulýan ugurlary:
sosial taýdan ugrukdyrylan bazar ykdysadyýetiniň emele geliş we ösüş meseleleri;
ykdysadyýetiň uzakmöhletleýin ösüsiniň ykdysadyýet-matematiki nusgasyny işläp taýýarlamak;
ykdysadyýeti ösüşiň optimal depginleriniň we ýörelgeleriniň gözlegleri; milli ykdysadyýetiň gurluşyny dolandyrmagyň we kämilleşdirmegiň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak;
sosial gurluşy kämilleşdirmegiň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak we raýat jemgyýetiniň emele gelmegi;
ýaşaýyş şekilini kämilleşdirmek meselesi;
şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegi we ruhy medeniýetiň kämilleşmegi meseleleri;
demografiýa we zähmet gorlaryny netijeli peýdalanmak meselesi; ýerleşdirmegiň sosial-ykdysady meseleleri;
sosial-ykdysady dolandyryş ulgamynda oňat hilli we netijeli maglumat üpjünçiligi üçin awtomatlaşdyrylan gurluşlary döretmek we ornaşdyrmak;
Türkmenistanyň dünýä maglumatlar giňişligine geçmegi.
Halkara ylmy gatnaşyklaryň berkemegi ulgamynda dünýä ýurtlarynyň, EKO-nyň we GDA-nyň agza ýurtlarynyň öňdebaryjy ylmy we tehnologiki merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ösdüriler. Türkmenistan mundan buýana hem ÝUNESKO-nyň, ÝUNEP-iň, YUNDP-niň we ÝUNISEF-iň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerindäki taslamalaryň taýýarlanylmagyna we amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşar. Şeýle-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň durnukly ösüşini we innowasiýa amallarynyň möhüm ugurlary boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň guramalarynyň gatnaşmagyndaky bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegini üpjün etmek üçin dünýäniň iň täze ylmy we tehnologiki gazananlaryny giňden ulanmak göz öňünde tutulýar.
Şeýlelikde, ýokarda ady agzalan ileri tutulýan ugurlaryň we ylmy gözlegleriň meseleleriniň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ylmynyň ösüşine, innowasiýa amallarynyň çaltlaşdyrylmagyna, önümçiligi tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hasabyna içerki jemi önümiň artmagyna, önümleriň we tehnologiýalaryň düýpgöter täze görnüşleriniň özleşdirilmegine ýardam berer. Bularyň hemmesi ýurduň eksport mümkinçilikleriniň köpelmegini üpjün eder we Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly sosial-ykdysady ösüşine getirer. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginlerine, dünýä ykdysadyýetine sazlaşykly goşulyşmagyna we halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna uly itergi berer”.
Mollaýewa Gunça
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby