XX asyryň birinji ýarymynda Hind derýasynyň aşak akymynda (häzirki
Pakistan döwletiniň çäklerinde) gadymyýetiň iki sany uly şäheri Mohenjo-Daronyň
we Harappanyň harabaçylyklarynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri Ýer
şarynyň üçünji medeni merkeziniň üstüni açypdyr. Ol taryha Harappa medeniýeti
ady bilen giripdir. Ol hindi subkontinentine ariý taýpalary heniz gelmänkä, ýagny
miladydan öňki IV-III müňýyllyklarda haýsydyr bir gadymy halk tarapyndan
döredilipdir. Harappa medeniýeti bilen bagly köp meseleler gizlin syrlaryny
saklamagyny dowam edip gelýärler. Ony döreden «halkyň nähili
atlandyrylandygyny, haýsy dilde gepländigini, nireden gelendigini, onuň
medeniýeti tutuşlygyna özi bilen getirilipmi, eger şeýle bolmasa, onda Hindistan
onuň ösüşine hemaýat edipmi we nähili derejede? Bu soraglara heniz biz jogap
berip bilmeýäris» diýip, häzirki zaman alymy nygtapdyr. Bu mesele bilen bagly
ylmy edebiýatda Hindistanyň iň gadymy ýaşaýjylary hökmünde drawid halky
barada çaklamalar öňe sürlüpdir. Harappa ýazuw medeniýeti ýüzi ýazgyly
möhürler görnüşinde bellidir. Olaryň sany häzirki döwürde 800-den hem geçipdir,
möhürlerdäki belgileriň sany bolsa 300-e golaýdyr. Bu ýazuw ulgamyny okamak
boýunça edilýän synanyşyklaryň hiç birisi henize çenli doly we kanagatlanarly
derejede netije bermän gelýär.
Merdanowa Jennet,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.