Ibn Sina köp ýyllaryň dowamynda özüniň has gymmatly hasaplaýan
filosofiki eseri bolan 20 tomluk – Adalatlygyň kitaby (Uýun al-hikma) atly işini
ýazýar. Bu kitabyň ilkinji göçürmesini, şägirdi Jüzjany taýýarlaýar. Bu kitap Ibn
Sina aradan çykandan soňra, näbelli sebäplere görä ýitýär ýa-da haýsy hem bolsa
musulman kitaphanalaryň birinde, näbelli golýazmalaryň içinde şu günki güne
çenli saklanyp galan bolmagy mümkin. Bu kitabyň 20 tomuny hem Ibn Sinany
talan garakçylar öz ýanlary bilen alyp gidýärler.
Abu Aly ibn Sinanyň işleriniň köp sanlysy ýitip ýok bolupdyr. Ol işleriň
içinde “Adalatlyk kitaby” kitaby hem bar. Bu kitap awtoryň bellemegine görä,
takmynan 28000 meseläniň çözgüdini öz içine alypdyr.
Ibn Sina Abu Nasr al-Farabynyň, Abu Abdallah al-Horezminiň, Abu Aly Ibn
Sinanyň, Abu Reýhan al-Birunynyň we ş.m. ylmy arkaly Ýewropa alymlary
Platonyň, Aristoteliň, şeýle-de Gippokratyň we Galeniň medisina baradaky ylmy
işleri bilen tanyş bolýarlar. Dogrudan hem, Günbatarda Abu Aly ibn Sina –
filosoflaryň soltany (şasy) diýen ady beripdirler. Bu dereje ýöne ýerden
dakylmandyr. Akyldar pikir bilen işiň, hakykat bilen eşretiň, teoretiki paýhas bilen
amaly (praktiki) akylyň bütewiligini gazanmaga ugrukdyrylan filisofiki sistemany
üstünlükli döretmegiň hötdesinden gelip bilipdir. Onuň pikirine görä, filosofiýa
özüniň wezipesi – hakykata hem ýaşlyga akyl ýetirmek bolan hemme zady öz işine
alýan ylymdyr.
“Filosoflaryň soltany” Ibn Sinanyň filosofiýa degişli işleri
