XI asyryň ortalarynda Merwde düýbi tutulan Beýik Seljuk türkmenleriniň imperiýasy asyryň 70-nji ýyllaryna çenli öz çaklerini has-da giňeldipdir. Anadolyny eýelemek üçin türkmenleriň eden harby we göçüş hereketleri Togrul beg Türkmeniň we Çagry beg Türkmeniň zamanynda başlanypdy. 1015-1018-nji ýyllarda Häzirbegjan topraklaryna gelen Çagry beg Türkmen Wan hem-de Kars etraplaryna barlag ýörişlerini gurap, Anadolynyň ýaşamak üçin oňaýly, amatly ýerdigine göz ýetiripdir. Ol yzyna dolanyp geleninde bu pikirini ildeşlerine duýdurypdyr.
Türkmenleriň Anadola eden ýörişleri Beýik Seljuk türkmenleriniň soltany Alp Arslanyň döwründe has-da güýçlenipdir. 1064-nji ýylda sapara çykan Alp Arslan Karsy, Anyny eýeläpdir.Ol ermenileri öz häkimligi astyna salanyndan soňra, aoşunlary bilen Gürjüstana giripdir.Onuň emirler; Kümüştegin, Afşin, Sandyk, Danyşmend Gazy we beýlekiler Gündogar, Orta we Günorta-gündogar Anadolynyň dürli ýerlerinde harby hereketlerini dowam etdiripdirler. 1067-nji ýylda Afşin beg Malatýany we Kaýsarany eýeläpdir, Afşin beg Egeý deňziniň kenarlaryna çenli barypdyr we Eşkişehir bilen Akşehir ýolunyň ugrundaky Amuriýe şäherini eýeläpdir.
1070-nji ýylyň tomsunyň ortasynda Alp Arslan özüniň Şama (Siriýa) ýörişine ugrapdyr. Ýolugra Malazgirt, Erjiş galalaryny ele geçiripdir. 1071-nji ýylyň ýazynda, uzak wagtlyk gabawdan soňra, Halap şäheri seljuklaryň häkimiýetine tabyn bolupdyr. Emma Wizantiýa imperatorynyň ilçi iberip, Malazgirdi, Ahlady, Erjişi yzyna gaýtaryp bermegi talap etmegi oňa ýöriş niýetini goýbolsun etmäge mejbur edipdir.
Şeýlelikde türkmenler bu harby hereketleriň netijesinde Anadoly topraklaryna doly, belet bolupdyrlar, wizantiýalylaryň köpsanly harby güýçlerini derbi-dagyn edipdirler. Köpsanly şäherlerdir-obalar eýelenipdir. Hatda, Ahlat ýaly şäherler tutuşlaýyn türkmenleşdirilipdir. Ýöne entek Anadoly topraklary bütewileýin eýelenmändi. Anadolunyň derwezelerini türkmenlere 1071-nji ýyldaky Malazgirt söweşindäki ýeňişden soň doly açyldy.
Jumaýewa Ogulnur,
Türkmenistanyñ inzener tehniki we ulag kommu nikasiýalary institutynyñ Mehanika tehnologik fakultetiniň
Elektrik üpjünçilik hünäriniň 3-nji ýyl talyby.