Rus dili hindi-ýewropa dil maşgalasynyň bir bölegi bolan slawýan dilleriniň toparyna degişlidir. Bu Russiýa Federasiýasynyň çäginde kabul edilen döwlet dili we Ýewropada köp gürlenýän dilleriň biridir.

Rus diliniň häzirki zaman leksiki we grammatiki kadalary Beýik Rus territoriýasynda bolan dürli Gündogar Slawýan şiweleriniň we ilkinji hristian kitaplarynyň uýgunlaşmagy netijesinde ýüze çykypdyr.

Gündogar Slawýan dili şol bir wagtda gadymy rus dili diýen at bilen tanalyan dil XIV-XV asyrlarda rus, ukrain we belarus dilleriniň döremegine esas bolupdy, ýöne biri-birinden tapawutlanýan dialektiki aýratynlyklar birneme ir ýüze çykypdyr.

Rus diliniň elipbiýi 1918-nji ýyldan bäri barlygyna garamazdan,ol diňe 1942-nji ýylda resmi taýdan kabul edilip tassyklanýar. Ondan öň rus elipbiýinde 31 sany harp bardy sebäbi şol wagtlar rus dilindäki Ё harpy Е derek, Й harp bolsa И harpyna derek ulanylýardy.

XVIII asyrdan başlap, sözleriň esasy akymy rus diline Golland dilinden (апельсин, яхта), nemes (галстук, цемент) we fransuz dillerinden (пляж, дирижёр). Häzirki wagtda bolsa sözleriň esasy akymy iňlis dilinden gelýär we olaryň käbiri XIX asyryň başynda peýda bolup başlady. Iňlis dilinden sözleriň rus diline gelmegi 20-nji asyrlarda has güýçlenip başlaýar we şol wagtlar rus diline коктейль we контейнер ýaly iňlis sözleri gelýär.

Geldiyew Bayramgeldi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünya dilleri institutynyň Gündogar dilleri ve edebiýaty fakultetiniň Türkmen dili ve edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby.