Bahar paslynyň ilkinji aýynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp,“Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahat we sergisi dowam etdirilýär.Söwda senagat edarasynda geçirilýän, bu ajaýyp serginiň baş maksady türkmen milli sungatyny bütin dünýä ýüzüne ýaň salmakdyr. Hakykatdan şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerini jemleýän: nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk eserleri,amaly haşam sungatynyň zergärçilik, kulalçylyk önümleribu gözel serginiň görküne gaýtalanmajak öwüşgünini çaýýandyr.
Kämil sungat mekdebini döreden ussat halypalarymyz Saragt Babaýew, Babasary Annamuhammedow, Dursunsolmaz Muhammedowa, Maral Ataýewa,Amanmuhammet Hydyrow,Ada Gutlyýew,Gulara Babaýewa, we ş.m. dagylaryň türkmen şekillendiriş sungatynyň milli mirasynyň altyn hazynasynyň “ tylla eserleri” bilen kuwwatly ýaş nesillere hyjuwlanmaga, döretmäge badalga berýän “baky nusgalyk mekdebi”bolup duryar.
Şeýle hem baýramçylyk sergimize Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary,Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary,Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň zehinli ýaş hunärmen mugallymlary we Aşgabat şäherindäki Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary ýörite taýarlykly gelip ýokary derejede ýerine ýetirilen, ýokary hilli işlerini halk köpçüligine hödürlediler.
Döwlet derejesinde geçirilýän uly göwrümli serginiň törüni bezäp duran Gunça Myradowanyň milli äheňindäki ajaýyp taslamalary mynasyp orun eýeleýandir. Aýratyn şahsy döredijilik sergisi bilen çykyş edip, suratkeş sergi meýdançasynyň edil merkezinde uly ölçegde ýerine ýetirilen, durmuşy temasyna bagyşlanan eseri tomaşaçynyň aýratyn ünsüni özüne çekip durandyr. Şatlyk, tolgunma ýaly duýgulary oýaryp, uly täsir galdyrýan eseriň sergini görmäge gelen myhmanlaryň nazary düşýändir. Dartgynly, dinamiki we ekspressiw hereketli, köpsudurly taslamany göni iki panorama bölmek bolýar. Eseriň çep tarapynda täze durrmuş ýoluna gadam basan enaýyja owadan syratly ýaş geliniň keşbini, heniz durmuşa çykmadyk ýaş juwan gyzlaryň we iki sany körpeje gyz çagajyklarynyň sudury gurşap alýar. Bular täze geliniň daşyny goraýjylar hökmünde çykyş edýärler. Türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlary şu güne çenli adat bolup, “ baş saldy” däbiniň hemme düzgünlerini bu ýerdäki zenan gahrymanlar doly berjaý edýändirler. Eseriň sag tarapyny bolsa täze geline tarap topuljak bolýan ýaşuly daýzalarymyz bilen bilelikde has öňe çykyp saýlanyp duran orta ýaşlaryndaky gelnejäniň berk bilini guşap duran pursady aýdyň suratlandyrylýar.Ol batyrgaý hem dogumly garşysyndaky gyzlara haýbatly garap, edil “harby amazonkalar” ýaly bütin durky bilen söweş meýdanyna ykjam taýýarlyk görüp dur.
“ Men siziň ählijäňizi ýeňerin” diýip mekirje ýylgyryşy, özüne bolan berk ynamy, bu gelnejäniň keşbini eseriň aýgytlaýjy gahrymanyna öwürýär. Ýaňkynyň gapdalynda täze gelini gabamak boýunça söweş tilsimleriniň tärlerini öwredip, gulagyna ýuwaşlyk bilen çawuş kakyp duran ýaşrak geliniň sudury, şonsuzam gyzgalaňly wakanyň ekspressiýasyny has-da güýçlendirýär. Gör nähili baş saldy dessuryny jikme-jik gürrüň berýän bu eserde millilik öwüşgüni ýitiden duýulýar. Esere içgin aralaşyp, dykkat bilen synlanyňda, bolup geçýän wakanyň içine diri şaýat bolup girip gideniňi duýman galýarsyň. Özgeleňkä meňzemeýän özboluşly döredijilik ýoly bilen tapawutlanýan Gunça mugallymynyň ezber mekdebi talyp ýaşlarymyza göreldeleli nusga bolup hyzmat edýändir. Gunça Myradowanyň milli äheňindäki ajaýyp taslamalary mynasyp orun eýeleýandir. Aýratyn şahsy döredijilik sergisi bilen çykyş edip, suratkeş sergi meýdançasynyň edil merkezinde uly ölçegde ýerine ýetirilen, Döwlet derejesinde geçirilýän uly göwrümli serginiň törüni bezäp duran durmuşy temasyna bagyşlanan eseri tomaşaçynyň aýratyn ünsüni özüne çekip durandyr. Şatlyk, tolgunma ýaly duýgulary oýaryp, uly täsir galdyrýan eseriň sergini görmäge gelen myhmanlaryň nazary düşýändir. Dartgynly, dinamiki we ekspressiw hereketli, köpsudurly taslamany göni iki panorama bölmek bolýar. Eseriň çep tarapynda täze durrmuş ýoluna gadam basan enaýyja owadan syratly ýaş geliniň keşbini, heniz durmuşa çykmadyk ýaş juwan gyzlaryň we iki sany körpeje gyz çagajyklarynyň sudury gurşap alýar. Bular täze geliniň daşyny goraýjylar hökmünde çykyş edýärler. Türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlary şu güne çenli adat bolup, “ baş saldy” däbiniň hemme düzgünlerini bu ýerdäki zenan gahrymanlar doly berjaý edýändirler. Eseriň sag tarapyny bolsa täze geline tarap topuljak bolýan ýaşuly daýzalarymyz bilen bilelikde has öňe çykyp saýlanyp duran orta ýaşlaryndaky gelnejäniň berk bilini guşap duran pursady aýdyň suratlandyrylýar.Ol batyrgaý hem dogumly garşysyndaky gyzlara haýbatly garap, edil “harby amazonkalar” ýaly bütin durky bilen söweş meýdanyna ykjam taýýarlyk görüp dur.
“ Men siziň ählijäňizi ýeňerin” diýip mekirje ýylgyryşy, özüne bolan berk ynamy, bu gelnejäniň keşbini eseriň aýgytlaýjy gahrymanyna öwürýär. Ýaňkynyň gapdalynda täze gelini gabamak boýunça söweş tilsimleriniň tärlerini öwredip, gulagyna ýuwaşlyk bilen çawuş kakyp duran ýaşrak geliniň sudury, şonsuzam gyzgalaňly wakanyň ekspressiýasyny has-da güýçlendirýär. Gör nähili baş saldy dessuryny jikme-jik gürrüň berýän bu eserde millilik öwüşgüni ýitiden duýulýar. Esere içgin aralaşyp, dykkat bilen synlanyňda, bolup geçýän wakanyň içine diri şaýat bolup girip gideniňi duýman galýarsyň. Özgeleňkä meňzemeýän özboluşly döredijilik ýoly bilen tapawutlanýan Gunça mugallymynyň ezber mekdebi talyp ýaşlarymyza göreldeleli nusga bolup hyzmat edýändir.
Sungatyň islendik bir ugrynda işläp, öndürijilikli zähmet çekip gelýän, iki sany zehinli jübütiň döredijilik duetini emele getirýän Saragt Babaýew we Gulara Babaýewanyň altyn gollaryndan dünýä inen kiçi göwrümli plastika işleri bilen kulalçylyk önümlerini synlanyňda köňlüň joşa gelýär. Diýseň ussatlarça zenan keşbini açmaga çemeleşen Gularanyň göwrümli keramiki şekillerinde gyz-gelinlerimiziň owadan syratly bedenini, inçejik bilini syrlaşyp duran darajyk biçüwli“moda” köýnekleri arkaly getirip görkezýär. Toýyndan ýasalan we soňra emaý bilen syrçalanan bu täsin galdyryjy zenan heýkeljikleri tomaşaçynyň kalbynda her-dürli öwüşgünli şatlyk we guwanç alamatlaryny döredýär.Keramika sungatynda uly öýişlere es bolan bu zenan suratkeşiň jöwher fantaziýasyna çäklenme ýokdyr. Suratkeşiň döredijiliginde zenan keşpleri aýratyn bir oruna eýe bolup, olar gözel we näzik aýal dünýäsiniň inçe syrlaryny açyp görkezmäge çalyşýar.Ussat keramikaçy Gularanyň mundan beýlekde öz saýlap alan söýgüli kärine wepaly galmagyny täze ideýalary öňe sürüp öz muşdaklarynyň göwnünden turar diýip umyt edýäris.
Dokmaçylyk senedinde görnukli orun eýeläp, özüni oňyn tarapyndan tanadan Ada Gutlyýewiň nepis haly önümleri göreni haýrana galdyrýar. Onuň “Türkmenistan bolçulygyň mekany”, “Ezeli kämillik” ýaly başga-da birnäçe türkmen milli medeni mirasynyň çeper gymmatlytklaryny suratlandyrylýan haly pannolarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanysynyň owazyny duýmak bolýar. Türkmen ahalteke bedewiniň tebigy beden gözelligini we häsiýetini,ýyndamlygyny halyçylyk sungatynyň ýokary çeperçilik serişdeleriniň reňk äleminiň sazlaşykly utgaşygy ussatlarça beýan edilendir. Türkmen halkynyň bereketli bol saçagyny, ak bugdaýyny we mele-myssyk nanyny şekillendirmekde, suratkeş halyçyA.Gutlyjew özüniň ukyp başarnygyny we zehinini ulanyp,älemgoşaryň ähli reňklerinden susup alyp, joşgunly reňk çözgüdini şeýle bir janly suratlandyrmagy başarýar.Türkmen milli gymmatlyklaryny mundan buşýana-da wasp eýlänA.Gutlyýewiň eserli milli sungatymyzy bütin dünýä ýüzünde tanalyp uly meşhurlygy gazanmagyny arzuw edýäris!
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda bahar aýynyň ilkinji günlerinde Halkara zenanlar baýramçylygyna bagyşlanan sergisi 8-nji marta çenli dowam eder.Gözel ülkämiziň tebigatyny wasp edýän, milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän eserlerimiziň höwri köp bolsun!
Ýurdumyzda şunuň ýaly döwlet derejesindäki çäreleriň ösüp gelýän ýaş nesliň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna, gözýetiminiň giňelmegine uly ähmiýeti bardyr. Sergide sergilenen eserleriň düýp mazmuny röwşen geljegimiz bolan kuwwatly nesiliň kalbynda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik we watansöýüjilik ýaly gylyk-häsiýetleri ösdürip ýetişdirmeklige gönükdirilendir.
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen Döwlet Ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gunça Gurbangeldiýewa