Alymlar Arktikadaky buzluklaryň eremeginiň öňüni almak we olary şu asyrda saklamak üçin bir usul tapandyklaryny bellediler.

Maglumatlara görä, Arktikadaky buzlaryň eremeginiň öňüni almak üçin metanyň we uglerodyň zyňyndylaryny bes etmeli, şeýle hem CO2 zyňyndylarynyň belligini nola getirmek möhümdir.  Garşylykly ýagdaýda Arktikanyň buzlary XXI asyryň ortalaryna çenli ýitip biler.

Şol bir wagtyň özünde, alymlar Arktika ýaly möhüm ýerde buzuň ýitip gitmegi, diňe bir ýerli ekosistemalar üçin däl, eýsem global ýylylyga garşy göreşmek üçin hem möhümdigini aýdýarlar. Buz, garaňky suw galyňlygy bolan ummanlardan tapawutlylykda, ak reňkliligi sebäpli Gün şöhlesini yzyna serpikdirýär.

Jennet ŞAMURADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 201-nji toparyň talyby