Häzirki wagtda dünýä döwletleriniň onlarçasy bilen syýasy we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny barha işjeňleşdirýän ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini pugta özleşdirmegine hem uly üns berilýär. Ýaşlar bilen bir hatarda bolsa, dürli kärlerde zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda-da şeýle islegi bolan, dürli dilleri öwrenmäge höwesli ynsanlar gitdigiçe artýar. Tehnologiýalaryň ösmegi, öwrediş usullarynyň kämilleşdirilmegi bilen indi dürli dilleri öwrenmek üçin has-da amatly şertleri döredýär. Biz hem bu gün şeýle niýeti ýüregine düwen ildeşlerimiz üçin gymmatly bolup biljek peýdaly maslahatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

Öwrenmegiň tertibine üns beriň!

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde ony yzygiderli gaýtalamak örän uly ähmiýete eýedir. Käbirleri öwrenmäge girişenlerinde her gün agşam munuň üçin birnäçe sagat wagt sarp edýärler we öz üstlerine juda uly gönükmeleri alýarlar. Beýnä çenden aşa agram salmak bolsa olarda höwesiň peselmegine, özleşdiriş derejesiniň aşaklamagyna getirýär. Şonuň üçin hem dil öwrenmek üçin hepdäniň diňe belli bir gününi kesgitlemek hem-de galan wagtlarda şol özleşdirilenleri gaýtalamak netijeliligi has ýokarlandyrýar.Bu beýniniň kabul edip biljilik ukybynyň ýokary bolmagy üçin-de peýdalydyr.

Stikerlerden peýdalanyň!

Öwrenýän diliňiziň sözlerini gysga wagtda ýat tutmak isleseňiz onuň iň amatly ýoly terjimesi bilen bile stikerlere ýazmakdyr. Söz ýazylan stikerleri öýüň göze görnüp duran ýerlerinde — diwarlarda, sowadyjyda, aýnanyň öňünde we ş.m ýerlerde ýelmäp çykmak gerek. Şu ýol arkaly siz öýde başga işler bilen meşgullanýan wagtyňyzda-da dil öwrenmegi dowam edip bilersiňiz.

Filmlere tomaşa ediň we aýdym diňläň!

Öwrenmek isleýän diliňizde düşürilen filmlere terjimesiz ýagdaýda tomaşa etmek hem daşary ýurt dilini çalt özleşdirmek üçin örän peýdaly usullaryň biri. Bu usul size birbada kynçylyk döretse aşakda subtitrde terjimesi berýän filmleri saýlap bilersiňiz. Şeýle-de öz derejäňizi kämilleşdirmek üçin giňden maslahat berilýän zatlaryň biri şol dillerdäki aýdymlary diňlemekdir. Şu ýol arkaly sözleri eşitmek arkaly öwrenmek we ýatda saklamak bilen birlikde, olaryň aýdylyş äheňini-de has gowy özleşdirmek mümkin.

Sözler barada pikirleniň!

Sözleri aňsatjak ýatda saklamak üçin olary deňeşdirmek usulyny ulanyp bilersiňiz . Has takygy, öwrenýän diliňizdäki sözleri türkmen dilindäki bar bolan şoňa meňzeş sözlere baglap ýatlaň. Mysal üçin, iňlis dilindäki “can” (başarmak, edip bilmek) sözi bilen türkmen dilindäki “kän” sözüni biri-birine meňzedip ýatlasaňyz hakyda-da has gowy möhürlenmegine ýardam eder. Aňladýan manylarynyň dürli-dürliligine garamazdan, sözleri şeýle jübütliklere bölüp ýatlamak juda peýdalydyr. Mundan başga-da şol dildäki käbir aýdylmasy kyn goşma sözler sizde kösençlikler döretse olary ilki bölek-bölek öwrenmäge ýykgyn ediň. Mysal üçin iňlis dilindäki “housewife” “house” (öý) we wife (zenan) sözleriniň goşulmagyndan emele gelýär ýaly görnüşde.

Şol dilde gepleşiň we pikirlenmäge endik ediň!

Dil öwrenmekde mydama netijeliligini saklap bilýän usul — bu şol dilde gürleýän ynsanlar bilen aragatnaşykda bolmakdyr. Olar bilen söhbetdeş bolmak, sosial torlarda ýazyşmak siziň ösmegiňize uly goşant goşar. Unutmaň, şeýle ynsanlar bilen näçe köp gürleşseňiz, şonça-da kämilleşersiňiz. Dogry, birbada sözleri ýalňyş aýtmak, sözlemleri nädogry düzmek ýaly kemçilikleriňiz ýüze çykyp biler, ýöne şol kemçilik köprüsinden geçmeseňiz aňyrdaky kämillik kenary hem size ýetdirmez. Gepleşmegi öwrenensoň özüňizi edil şol ýurtda syýahat edýän ýaly göz öňüne getiriň. Ýolda-yzda gören zatlaryňyzyň — awtobuslaryň reňkini, ýolagçylaryň geýnen eşiklerini, kafe baranyňyzda ol ýerde näçe adam barlygyny şol dilde pikir ediň we özüňize gürrüň beriň. Bu size ol dili has çuň öwrenmek we şol dilde pikirlenmek endigini ýüze çykarmak üçin uly kömek bolar.

Juraýew Atajan Rüstemowiç,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.