Singapuryň Nanýang Tehnologiýa Uniwersitetiniň ýanyndaky Li Kong Çian lukmançylyk mekdebiniň alymlary, doýgun ýaglaryň süýji keseliniň güýjemegine sebäp bolup we keseliň gidişini hasam erbetleşdirip biljekdigini bu bolsa metabolik kesellerde uly rol oýnaýandygyny gürrüň berdiler.

Doýgun ýaglara baý iýmitler bilen iýmitlenýän laboratoriýa syçanlarynyň we syçanlaryň öýjüklerinde geçirilen synaglarda, Singapurdaky alymlar, molekulýar hadysalaryň zynjyryny döredip doýgun ýaglaryň kislotalarynyň FIT2 belogyny üýtgedip biljekdigini we onuň netijesinde insulin öndürýän öýjükleriň aýratynlyklarynyň ýitmegine we ölmegine sebäp bolýandygyny anykladylar.

Bu öýjükler ölende, bedeniň uglewodlara jogap hökmünde ýeterlik insulini bölüp çykarmak ukyby peselýär we bu süýji keseline sebäp bolýar. GÝöne gözlegçileriň bellemegine görä, insulin öndürýän öýjüklerde FIT2 derejesini bölekleýin dikeltmek doýgun ýagyň ýetiren zyýanyny azaldyp biler.

Proceedings of the National Academy of Sciences ylmy žurnalynda çap edilen bu netijeler, bedende FIT2 önümçiligini artdyrmak mümkinçiligini 2-nji görnüşli süýji keseliniň täze bejergisi hökmünde görkezýär.

Aýgül BEGENJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 110-njy toparynyñ talyby