Alymlar bir gije-gündiziň dowamynda dokuz sagatdan az ýatýan kiçi mekdep ýaşyndaky çagalarda, gijelerine maslahat berilýän 9-12 sagat ýatýan çagalar bilen deňeşdirilende, beýniniň ýatkeşlik we akyl üçin jogapkär käbir ýerlerinde tapawutlylygyň bardygyny anykladylar.

Şeýle hem gözlegçiler bu tapawutlaryň depressiýa, ynjalyksyzlyk we hyjuwly häsiýet ýaly has çynlakaý psihiki saglyk meseleleri bilen arabaglanyşygyny gördüler. Doly uky ýetmezçiligi, ýatkeşlik we karar bermekdäki kynçylyklar bilen hem baglanyşykly.

Alymlar 9 ýaşdan 10 ýaş aralygyndaky 8300-den gowrak çagalaryň maglumatlaryny öwrendiler. Gözlegçiler MRT suratlaryny, lukmançylyk ýazgylaryny we söhbetdeşlikleri derňediler. Gije-gündiziň dowamynda dokuz sagatdan az ýatýan çagalaryň beýnisiniň üns, ýat we gözegçilik üçin jogapkär käbir ýerlerinde, gözlegiň başynda çal reňkli maddanyň azdygy anyklandy. Bu tapawutlar iki ýyldan soňra hem dowam etdi.

Şerzadowa Maṣhura,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.