Her bir halk öz gymmatlyklaryny hatyralaýar, olara sarpa goýýar. Onuňam sebäbi ýönekeýjedir. Ol her bir halkyň ýüreginde ýaşaýar. Ýüreklerde orun alyp, asyrlarboýy bile ýaşap gelen gymmatlyk her bir halk üçinem el, dil ýetirilmesiz baýlyk. Ol baýlygy hiç bir ölçeg birligi bilen saldarlap bolmaýar. Ol gymmatlyklar barada söz açjak bolsaňam, diňe hormat-söýgi sözlerini ulanmaly.
Türkmen sährasyna ýene-de bahar geldi. Ýene goja tebigat gadymy türkmen topragyny gülälekdir çopantelpeklere, ýap-ýaşyl jümjümelere besläp-büräp ugrady.
Bu günki gün biz türkmen baharyny Gurbannazar şahyryň şygyrlary bilen garşylaýarys. Şol şygyrlar bilen türkmen sährasynyň gözelligini wasp edýäris. Gurbannazar şahyryň özüne welin, türkmen topragynyň bary-ýogy otuz bäş baharyny görmek miýesser edipdi. Ýöne, şol gysga ömrüniň dowamynda ol türkmene bu ajaýyp Watanyň gözel pasyllaryny baky wasp edip gezmek üçin ýeterlik poeziýany peşgeş goýmaga ýetişipdi. Şahyryň bu peşgeşi — öz mähriban halkyna, şu topraga ýapan bahasyz serpaýydy.
Gurbannazaryň tutuş döredijiligi bilen içgin tanşan her bir adam awtoryň mizemez obrazyny hiç wagt ýatdan çykarmaz.
Ezizow ykbalyň özüne eçilen gysga ömründe milli poeziýamyza saldamly goşant goşdy. Onuň goşgylarynyň owazynda hakyky şahyryň ýüzi görünýär.
Gurbannazar şahyr ýaşlaryň döredijiligini synlap, seljerip, öz pikirlerini makalalarda yzygiderli beýan eden halypa. Onuň aýdan sözleri, eden bellikleri biziň üçin ýolgörkeziji ýyldyz ýalydy.
Hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallasy netijesinde biz belent şahsyýetlerimiziň sarpasyny saklap, mertebesini has-da beýgeldýäris.
Bahar geler bahar dünýäni özgerder. Bahar geler bahar Gurbannazarly geler. Bahar geler dünýä dursa, bahar geler durar.
Baharda gelen Gurbannazar täze baharlary getirer. Täze baharlary getiren Gurbannazar Ezizow biziň ýadymyzy, aňymyzy hemişe täzelär durar. Dünýä dursa, söýgüli şahyrymyz biziň bilen müdimilik galar.
Döwletmyrat Meredow
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky
1-nji orta mekdebiniň müdiri