Tokaýlar tebigatyň aýrylmaz bölegidir. Ýer şarynda tokaý zolaklarynyň köp bolmagy ekologiýa howasynyň arassalygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Tokaýlary gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak maksady bilen dünýäde Halkara tokaý güni esaslandyrylýar.

2013-nji ýylyň 21-nji martynda ilkinji gezek bellenilen, tokaýlary goramak meselelerine bagyşlanan halkara güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2012-nji ýylyň 21-nji dekabryndaky № 67/200 belgili Kararnamasy bilen döredilýär.

Planetamyzyň öýkeni hasaplanýan tokaýlar bahasyna ýetip bolmajak ekologik, durmuş we ykdysady ähmiýete eýe bolup, planetanyň howasyny emele getirmekde, kislorody bölüp çykarmakda, zyýanly zyňyndylary gaýtadan işlemekde, köp ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde, sagdyn gurşawyň döredilmeginde, topragyň hasyllylygyny we landşaftlaryny goramakda aýratyn oruna eýedir.

Tokaýlary gorap saklamak meselesi häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary üçin iň möhüm daşky gurşaw meseleleriniň biridir. Soňky ýyllarda Ýer şarynda tokaýlarynyň ýok edilmegi bilen baglanyşykly wakalar diňe bir ekologlaryň arasynda däl, eýsem tutuş halkara jemgyýetçiliginde-de alada döretdi. Dünýädäki uglerod zyňyndylarynyň takmynan 12-18% -i tokaýlaryň ýok edilmegine sebäp bolýar. Bu bolsa ähli ulaglardan çykýan CO2 zyňyndylarynyň mukdaryna deňdir. Şeýle-de, ýerdäki janly-jandarlarynyň 80%-i tokaýlarda ýaşaýar. Her ýylda takmynan Angliýanyň tutýan meýdanyny eýeleýän ululykda, ýagny 13 million gektardan gowrak tokaý agaçlary çapylyp, olaryň azalmagyna getirýär. Şunuň bilen baglylykda, tokaýlaryň çapylmagyny azaltmak boýunça dürli çäreler görülýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Halkara tokaý gününiň döredilmegi gymmatly ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we onuň täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem, “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” tassyklandy.

Häzir ýurdumyzyň dürli künjekleriniň giň çäklerinde bu köpýyllyk işiň netijeleri aýdyň görünýär. Diýarymyzda tokaýlaryň, baglaryň, seýilgähleriň we seýilbaglaryň köp sanlysy döredildi. Täze tokaý zolaklary her bir şäheriň, ilatly ýeriň töwereginde peýda bolýar. Köpetdagyň etegi, Aşgabadyň daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrülýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Ýeri gelende belläp geçsek, 2020-nji ýylda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp, 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp, 2022-nji bolsa 3 million düýp bag nahaly ekildi. 2023-nji ýylda hem 3 million düýp saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň nahalyny ekmek göz öňüne tutulýar.

Tawus NEPESOWA,

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby