Türkmen şekillendiriş sungatynyň esasy žanrlarynyň biri grafika sungatydyr. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň türkmen grafika gaznahanasynda saklanýan ilkinji suratkeşleriň ýagny Aşgabatdaky gündogar sungatlaryň zarpçy mekdebiň uçurumlary B.Nuraly, S.Beglýarow, Ýe.Skoblina, O.Mizgirýowa, N.Kostenko, O.Ponomarýow, W.Demidenkow we başgalaryň eserlerini görkezmek bolar. Türkmen grafika sungaty öz gözbaşyny 1920-nji ýyldan alyp gaýdýar. Grafika sungatynyň döreýşi hem kämilleşmegi Türkmenistanda ilkinji çeperçilik mekdebini esaslandyran suratkeşleriň ýagny: Ilýa (Ruwim) Moiseýewiç Mazeliň we Aleksandr Pawlowiç Wladyçugyň ady bilen berk baglydyr. Ilkinji grafika eserlerinde türkmen durmuşyna, milli egin-eşigine, gadymdan gelýän däp-dessurlara, ýerli tebigata, rowaýatlara bolan gyzyklanmalary jemlenýär. Muňa mysal edip Gündogar sungatlaryň zarpçy mekdebiň uçurumlarynyň biri Ilýa Mazeliň okuwçysy Daşkentden gelen Olga Fominçina Mizgirýowanyň (1908-1994) birnäçe grafika eseri muzeýde saklanýar. Olga Mizgirýowanyň bu akwarel işleri reňk baýlygy bilen tapawutlanýar. Muňa mysal edip “Ikatýok barada rowaýat.1926ý” we “Nohurdaky çynar barada rowaýat” atly eserlerini görkezmek bolar. Awtor bu eserlerinde halk dňredijilige, ýagny, rowaýatlara ýüzlenýär. Suratkeşiň “Ikatýok” atly eserinde agajyň üstünde gözýaş döküp oturan ikatýok şekillendirilen. Eseriň sag gapdalynda bolsa milli geýimdäki oglany we ot otlap duran iki sany aty çekilen. Eserde iki atyny ýitiren çopan oglany barada gürrüň edilýär. Rowaýatda aýdylşyna görä, çopan oglan şondan bäri guşa öwrülip şol ýitiren iki sany atyny gözläp ýör diýip gürrüň berilýär. Bu gamgyn rowaýaty Olga Fominçina öz eserinde örän janly we gyzykly beýan edýär. Durmuşda ol keşde nagyşlara göwünlik berip, bu suratda hem uly söýgi bilen olary ulanýar. Olga Mizgirýowa türkmen tebigatynyň gözelligini doly güýçde görkezip bilipdir. Suratkeş tebigatdan alnan real şekilleri özüçe stilleşdirip görýär, ýagny geometrik formalara salýar. Mysal üçin, agajyň ýapraklaryny romb (pişme) şekiline, daglary bolsa üçburça öwürýär. Awtor türkmen sährany açyk reňkler bilen görkezýär. Ol sary, ýaşyl, ohra, gyzyl, goňur, gök reňkleri ulanypdyr. Bu reňkler eserde sazlaşykda gelýärler. Taslama özüniň reňk baýlygy we şekilleriň formalary bilen türkmen gelniň milli geýimini-kürtäni hem ýatladýar.
Şeýle hem ussat suratkeş zenanlarymyzyň biri Ýelizaweta Andreýewna Skoblina (1902-1986) stilleşdirmede ýerine ýetiren işleri özüniň taslama gurluşynyň aýratynlygy we ýerine ýetirişiniň ussatlylygy bilen özüne çekýär. Onuň pero usulynda ýerine ýetirilen suratlary hem çeper-bezeg häsiýete eýedir. Giňişlik grafik suratkeşiň işlerinde şertlidir. Onuň şertli bolmagy şekilleriň tekizligi bilen baglydyr. Eserleriň ýerligi esasan çyzykly häsiýetde işlenendir. Ony suratkeş ownuk hünji çyzyklar bilen ýerine ýetirýär muňa mysal edip “Itli türkmen gelin” atly eserini görkezmek bolar. Skoblina-Beglýarowa bir şekiliň çäginde dürli gözýetimleri utgaşdyrýar. Öz grafika eserlerinde suratkeş zenan olaryň ritm gurluşyna, ýiti sudurlaryň aýdyň sazlaşygyny “Gybatkeşler” atly eserinde synlamak bolar. Naturany geometriki häsiýetde ýerine ýetirmekligiň üsti bilen şekiliň emele gelmegi, sungat eseriň özüniň nagyşlama beýanyna eltýär. Ýelizaweta Skoblinanyň “Enelik.1920ý” eserinde suratkeş gara öýüň içinde iki çagaly zenan maşgalany suratlandyrypdyr. Bu üç sudurlar şertlidir. Gara öýüň interýerini şeýle-de figuralaryň geýimini yzygiderli haly nagyşlary gurşap alýar. Skoblinanyň “Gara öýde. 1926ý” atly eserinde ýassyga ýaplanan erkek adam we ýanynda oturan zenan maşgala şekillendirilen. Suratda zenan maşgala öz adamsyna çaý demläp otyr. Onuň we adamsynyň sudurlary geometrik figuralary ýatladýar. Bularyň daş-töweregini haly nagyşlary gurşap alýar. Suratlandyrylan figuralar haly nagyşlar bilelikde sazlaşykda görkezilen.
Türkmen taryhyny, medeni mirasyny dikeltmek, aýawly saklamak, halka ýetirmek, şol gymmatlyklaryň üsti bilen watana, halka söýgi döretmek boýunça ýurdumyzyň döwlet muzeýlerinde uly işleri alynyp barylýar. Türkmen şekillendiriş sungatyny, geçmiş taryhyny, medeniýetini we olaryň häzirki döwre ýetirýän täsirini öwrenmäge giň ýol açan Türkmen Halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadgymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik bolsun.
BAÝRAMSOLTAN NURNAZAROWA
TÜRKMENISTANYŇ ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINIŇ HÜNÄRMENI