Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakda aýratyn oýlanmak, ol hakda hakykatdan hem tutuş bir nesil bolup, hat-da birnäçe arakama arka gelýän alymlar nesli bolup öwrenmek hem azlyk etse gerek. Çünki öz şahyrana dünýäsi bilen döredijiligi hem-de onuň özboluşlylygy bilen halk hakydasynda baky ýaşaýan şahyr bu gün dogrudan hem giňişleýin öwrenilmäge, döredijiligi hakda has täze sözleriň, pikirleriň aýdylmagyna mynasypdyr.Nusgawy edebiýatymyzyň beýik wekilleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi häzirki günümize çenli hem öwrenilip gelindi we ýene-de asyrlar dowamy öwreniljek ägirt ussat.
Geçmiş nusgawy edebiýatymyza, onuň örän uly hazynasyna ser salmazdan öňürti, Magtymguly Pyragysy bilen dünýäniň ýüzünde tanalýan türkmeniň ykbaly göterilip, bu gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent ösüşleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanýar we onuň şygyrlary birnäçe dillere terjime etdirildi.
Magtymgulynyň döredijiliginde medeniýetiň, diliň hem-de nusgawy hazynasynyň hakydalara basýan möhri Magtymgulynyň şygyrlarynda has edaly, ol hakda has syrly , setirleriň , jümleleriň içinde has bir gelşikli hakyda bolup galýar.Nusgawy edebiýatyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygy onuň dürli ylymlardan habardan bolandygy üçindir belki? Bu barada çaklama aýtmazdan öňürti hat-da beýik Pyragynyň hem şygryýetiň gizlin syrlaryny gözländigini hat-da käte tapsa, käte tapmadygyny aňladýan pikirler onuň döredijiligi bilen içgin gyzyklananyňda ýüze çykýar.
Magtymguly Pyragynyň dil aýratynlygynyň gözelligi we onuň düregeýligi barada dünýä alymlarynyň aýdanlaryny we olaryň içki syzgysynda sözleri şelaýyn galyba salmak, onuň akyl- düşünjesindäki sungat eseriniň şekile gelmegindäki ussatlygyny diňe türkmen diliniň baýlygy bilen amala aşyryp bolar.
Beýik Pyragy hakynda düýpli gürrüňleri biziň alymlarymyz hemişe-de aýdypdy, ol eýýäm birnäçe asyrlar bäri öwrenilip gelinýän temalar. Emma onuň milli ruhy entek- entek öwrenilmelidir.
Pyragynyñ özi hem “Magtymguly sözüm gysga şerhi köp”- diýmek Magtymgulynyň baý dilini öwrenmek hem- de onuň pikirlerini belli bir galyba salmakdaky ussatlygy hakda gürrüň açmak” – diýip düşünýäris.Häzirki döwürde ýurdumyzda geçirilýän halkara konferensiýalardyr, baýramçylyga taýýarlyklar ýakynda paýtagtymyzda geçiriljek ajaýyp dabaralara utgaşyp gidýär.
Aziza DOSÇANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby