Bägüller dünýäsi örän owadanlygy  we  täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Her bir bägül özüniň reňki, daşky görnüşi we ysy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Bägül bu ýer ýüzündäki iň owadan gülleriň biridir. Sowgat edilen bägül dessesine seredip ýylgyrmaýan zenan bolmasa gerek. Şu ýerde bägüller hakynda birnäçe gyzykly maglumatlara seredip geçeliň :

*Bägül ABŞ, Eýran we Angliýanyň milli güli hasaplanýar.

* Tebigy bägül ýagy dünýädäki iň gymmat ýaglardan biridir.Ol altyna we platina garanda köp gadyrlanýar. Bir kilogram  bägül ýagyny almak üçin  üç tonna gül ýapraklary gerek bolýar.

* Bägüliň ysyndan dem alan  adam özüni rahat duýýar. Onuň hoşboý ysy ynsanyň keýpini göterýär.

 * Şekispir özüniň eserlerinde bägüller hakynda 50-den gowrak zatlary nygtap geçýär.

 *Dünýädäki iň kiçi bägül şaly dänesiniň ölçegi bilen deňdir.

 * Ýer ýüzündäki iň gadymy bägül Germaniýada ,, Xildesxaym” bagynda ösýär. Bu bägüliň döränine takmynan 1000 ýyl bolupdyr. Uruşlar wagtynda zyýan ýetipdir emma kökünden ösüp çykyp ýene saklanyp galypdyr.

 * Ýabany bägüliň miweleri limona garanda S witaminini köp saklaýar. Olaryň şireli suwy saglygy saklamakda peýdaly hasaplanýar.

 * Rassiýada ajaýyp güli XVI asyrda görüpdirler. Baglary bägüller bilen bezemegi Pýotr I we Katrin II  buýrupdyr.

 * Ýaponiýada ,,Xamelion” bägülleriň dürli görnüşleri bar. Ir säher bilen  bu bägülleriň  gülleri açyk gyzyl agşama ýakyn bolsa ak reňke öwrülýär.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ talyby
Nepesowa Aygul