Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar.XVIII asyrdan bäri Magtymguly her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşap gelýar. Türkmen diýlende, Magtymguly, Magtymguly diýlende, türkmen diýen söz biygtyýar ýadyňa düşýär.
Şahyr nusgawy edebiýatyň ösüşine öran uly goşant goşdy.Magtymguly sözüň doly manysyndaky nusgawy edebiýaty esaslandyrdy.Bu barada Ý.E.Bertels şeýle ýazýar:
,,Eger belli bir halkyň belli bir döwürdäki mahsus sypatlaryny has mahsus suratda görkezýänligi manysynda edebiýata ,,nusgawy” edebiýat diýlip at berilmegi türkmen edebiýaty barada ulanylmakçy bolsa, onda, elbetde, şol at XVIII-XIX asyrlaryň türkmen edebiýatyna berilmelidir, ol edebiýatyň has aýdyň we mahsus wekili bolsa türkmen halky tarapyndan henize çenli-de örän hormatlanýan şahyr Magtymguly bolupdyr”.
Magtymgulynyň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýardam edipdir hem-de Seýdi, Mollanepes, ýaly görnükli söz ussatlarynyň hem-de beýleki ençeme şahyrlaryň halypasy bolupdyr. Halk rowaýatlarynyň birinde aýdylyşyna görä, geçen asyrda şahyrlaryň birnäçesi gürrüňçilige ýygnanýarlar. Gürrüňçilik gyzyşyp, edebiýat barada söz açylanda, kimdir biri ,,Indi näme hakda ýazmaly?” diýen soragy orta atýar.Şonda Kemine ,,Magtymguly söz meýdanyny oragyny orup gitdi. Indi bize onuň hoşasyny çöplemek galdy” diýip jogap berýär.
Görnüşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň ussatlygy halk rowaýatlarynda hem belli bolýar. Söz ussadynyň ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýalydyr, ýagny ol halkyň gündelik ýaşaýşynyň ähli meselelerine seslenip, ol barada pikir ýöredipdir. Şonda ol il-ýurdyň umumy keşbini, watançylyk, ahlak gahrymançylyk duýgularyny, adamkärçilik sypatlaryny we beýlekileri çeper görnüşde beýan edipdir. Diňe bir beýan etmek hem däl, eýsem olary orän dogruçyl hem anyk görkezilmegi-de başarypdyr. Ine, şonuň üçin hem Ý.E.Bertels beýik akyldaryň döredijiligini Jemşidiň Jamyna meňzedipdir. Miflerde aýdylyşyna aýdylyşyna görä, gadymy Eýran şahyrlarynyň biri Jemşidiň bir jadyly jamy bolup, haçanda onuň gyrasyna kakanda, dünýäniň ähli ýerini görüp bilenmiş.
Soltanowa Näzik
Ahal welaýatynyň maliýa ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.