Iňlis dilinde dürs aýtmak üçin aşakdakylar maslahat berilýär.

Her sözüň iki bogny bar. Sözleriň aýdylyşyny ýazuwy bilen garyşdyrmaň! Mysal üçin “threw” (zyňyldy), we “through” (içinden) birmeňzeş aýdylýar. Şeýle hem, birmeňzeş harplar ýa-da söz birikmeleri hemişe birmeňzeş ses çykarmaýarlar. Meselem: “Сough” (üsgülewük) , “though” (ýogsa-da, ýöne) we “through” her söz başga bir ses bilen aýdylýar. Şonuň üçin hem görýän zatlaryňyzy däl-de eşidýänleriňizi amal etmegi öwreniň.

Ilki bilen aýtmazdan ozal şol sesi göz öňüne getiriň. Agzyňyzy we ýüzüňiziň ýerleşişini göz öňüne getirmäge synanyşyň. Ýagny şol sesi nädip aýtjakdygyňyz barada pikir ediň.

Aýratyn sesleri diňläniňizde arakesmelere (pauzalara), gepleýäniň intonasiýasyna üns beriň. Bu sesleriň dürs aýdylyşynda örän möhümdir.

Iňlis dilinde dürli hili aýdylýan dialektler we sözler bar. Şeýle-de bolsa, täsirli aragatnaşygy üpjün etmek üçin sözleri aç-açan beýan etmegiňiz möhümdir.

Gülnar AKBAÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ,
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniñ Gozgalmaýan emläkleriñ ekspertizosy we dolandyrylyşy hünäriniñ 2-nji ýyl talyby.