Ýurduň sanly ykdysadyýete öz wagtynda we üstünlikli geçmeginiň girewi bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmekdir. Ählumumy ýokary tizlikli telearagatnaşyk ulgamlarynyň ähli raýatlar we ykdysadyýetiň pudaklary üçin elýeterli bolmagy şu Konsepsiýada göz öňünden utulýan wezipeleriň amala aşyrylmagynyň esasyny düzýär.
Ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy boýunça alnyp barylýan maksada okgunly syýasat ýurdumyzyň milli aragatnaşyk ulgamlaryny innowasion tehnologiýalaryň esasynda ösdürmäge ýardam berýär. «TürkmenÄlem52°E» Milli aragatnaşyk hemrasy ýurdumyzyň ähli çägini ýokary tizlikli Internet ulgamy bilen üpjün etmäge, şeýle hem ýokary hilli sanly teleýaýlymlary görkezmäge mümkinçilik döretdi.
Ýurdumyzda simli telefon aragatnaşygynyň täze standartlaryny üpjün edýän NGN (NextGenerationNetwork) ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Bu ulgamda şol bir telefon nokadyna telefon, IP-telewideniýe hem-de Internet birikdirilýär. Şunda maglumat, ses we wideo maglumatlar toplumlaýyn berilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giň eltmek hem-de halkara tejribesiniň öňde baryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Netijede, ýurdumyzyň prosessing merkezinde hasaba alnan bank kartlarynyň, ornaşdyrylýan terminallaryň, bankomatlaryň sany hem-de «Internet-bank» we «Mobile-bank» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi ýylsaýyn artýar.
Sanly bilim ulgamynyň tehniki üpjünçiligi
Maglumat-hasaplaýjy komponent
sanly bilim ulgamynyň gorlarynyň ýerleşýän serweri;
mugallymlaryň we okaýanlaryň, şeýle hem lokal hasaplaýyş toruna girýän otaglaryň kompýuterleri we beýleki tehniki enjamlary;
wideo maslahatlary geçirmek üçin enjamlar.
Aragatnaşyk (telekommunikasion serişdeleri)
-bilim edaralarynyň aragatnaşyk torlary;
– Internede çykmagy üpjün edýän şäher telekommunikasion torlary.
Uzak aralykdan okuwyň görnüşleri
Okuwyň maksadyna görä, uzak aralykdan okatmagy birnäçe toparlara bölmek bolýar:
Hünär taýýarlygy we hünärmenleri täzeden taýýarlamak.
Kesgitlenen hünärler boýunça hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak.
Dünýäniň görnükli alymlarynyň, professorlarynyň ylymda täze gazanan netijeleri bilen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny tanyşdyrmak.
Uzak aralykdan okuwyň aşakdaky görnüşleri bar.
Çat sapagy – okuwyň çat tehnologiýasyny ulanyp amala aşyrylýan görnüşi. Çat iňlis dilinden terjime edilende gürrüňdeşlik diýen manyny berýär. Bu usulda okadylanda ähli sapaga gatnaşyjylar bir wagtda çata girip bilýärler. Uzak aralykdan okadylýan okuw mekdepleriniň çäginde çat mekdebi işleýär we çat otaglarynyň kömegi bilen mugallymlaryň we okuwçylaryň özara işjeňligi gurnalýar.
Täjibaýewa Ejebal
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby