Ylmyň gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagy we netijeli peýdalanylmagy jemgyýetiň aň-düşünjesini, dünýägaraýşyny has-da ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda strategik ähmiýetli resminamadyr. Onuň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim bermek arkaly degişli ulgamyň kämilleşdirilmeginden ybaratdyr.
Mobil ulgamlarynyň gündelik durmuşymyzy herekete getirip, sanly ykdysadyýeti ýeňilleşdirýän möhüm sosial hadysa öwrülendigine şaýat bolduk. Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar pudaklaryň ösüşini barha güýçlendirýär. Tolkun aragatnaşygy, tor kodlaşdyryşy, hereketi dolandyrmak ýaly öňdebaryjy usullar ulgamda täze çemeleşmeler bolup durýar.
Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir.
Nazarowa Halbibi,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.