Kosmos giňişliginde altyn känleriniň açylmagy. Astronomlar kosmos giňişliginde syrly wakalaryň we hadysalaryň köp bolup geçýändigini aýdýarlar. Şeýle ýagdaýlaryň biri hem altyn känleri bilen baglanyşyklydyr. Astronomlar kosmos giňişliginde “Leňňeç ýyldyzlar” toplumynyň bardygyny anykladylar. Ýelskiý uniwersitetiniň professor mugallymlarynyň pikirine görä, bu ýyldyzlar toplumynda ýerden iki ýa-da sekiz esse agyr bolan gymmat bahaly material hasaplanýan grafitiň we almazyň bardygyny çaklaýarlar. Bu almaz we grafitiň bahasy 26,9 nonillion amerikan dollaryna barabar bolýar. Bu ýyldyzlar toplumy we ondaky gigant almaz ýerden uzakda ýerleşmeýär. Ýöne, bu ýyldyzlar toplumynyň temperaturasy 2,148 müň gradusa barabar bolýar. Ol ýerde almaz we garifit uglerodly lawanyň (gyzgyn erginiň) akymy zerarly döräpdir diýip astronomlar we alymlar çaklaýarlar.

Yz galdyrman ýiten meteorit. XX asyrda kosmos giňişliginde syrly wakalaryň biri bolup geçdi. Ýagny, Tungus meteoritiň ýitmegidir. Bu meteorit sibiriň Tungus derýasyna 1908-nji ýylyň 30-njy iýunynda ir bilen gaçypdyr. Şol gün asmanda güýçli şöhlelenme döräpdir. Emma, bu meteoritiň bölekleri, özi we zeper ýetiren ýeri hem tapylmandyr. NASA-nyň işgärleriniň hasaplamagyna görä, bu meteoritiň diametri 75m, gaçyş güýji bilen baglanyşykly partlama hadysasy termoýadro bombanyňkydan hem güýçli bolmak mümkinçiligininiň bardygyny belläp geçdiler. Emma, häzirki wagta çenli hem asrtonomlar bu wakanyň sebäbini anyklap bilmändirler.
Dünýäniň aýsyz üýtgeýşi. Aý-ýeriň hemrasydyr. Aýsyz ýaşaýşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Aý garaňky gijede ýere ýagtylyk serpikdirýär. Tebigatda bolup geçýän daşgyn we gaýtgyn hadysalar hem aý bilen baglanyşykly bolýar. Ýer hemrasyz bolsa gün we aý tutulmalar, tektoniki plitalaryň süýşmegi, ýer titremeler we wulkanlaryň atylmagy ýaly tebigy hadysalar hem bolmaýar. Iň esasy meseleleriň biri hem ýerde klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hadysalaryň köpelmek ähtimallygy uly bolýar.

Aýnur Ýagmyrowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,

Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy