Türkmen milletiniñ milli şahyry hem beýik akyldary Magtymguly Pyragy eziz halkynyñ akyl-payhasyndan dörän “Az bolsun, uz bolsun”-diyen dürdäne ündewine uýup, dünýä we adamzat ýaşaýşynyñ ähli taraplary hakynda az we uz, şeýle hem ölmez-yitmez şygyrlary miras goýup gidipdir. Dil baýlygynyň ummanynda şahyryň öz dilini goýup gitmek her bir söze erk edýäne başartmaýan hem bolsa, ol Magtymguly ýaly beýik medeniýetiň içinde, ylmy kämilligiň hazynasynda “bişen”şahsyýetiň dili hem-de onuň pelsepesi bu gün dünýä edebiýatyna girmekden ötri, halkyň dil ölçegini ölçeýän birlik hökmünde öňe çykýandygyny aýtmaga her bir türkmen edebiýatçysynyň hem-de dilçisiniň haky bardyr. Belki-de Beýik Magtymguly özüniñ gysga hem aladadan doly ömrüniñ dowamynda mähriban halkyna örän köp öwütler edip, sargytlar goýup gitmek maksady bilen , az hem uz ýa öz sözi bilen aýtsak „gysga emma şerhi köp“ görnüşii ulanmaga mejbur bolandyr. Elbetde, Magtymgulynyñ oý-pikirlerini açmak we halk köpçüligine has düşnükliräk beýan etmek üçin edilen işler az däldir. Türkmen alymlarynyň arasynda Magtymgulynyň dilini aýratyn öwrenmek bilen onuň diliniň türkmen dilindäki öwüşgüni barada ylmy işleri taýýarlap, şol işleriň iň wajyby hem biziň pikirimizçe, Magtymgulynyň baý dilini öwrenmek hem-de onuň pikirlerini belli bir galyba salmakdaky ussatlygy hakda gürrüň açmak diýip düşünýäris. Şeýlelikde diliň dürli hazynalar bilen “bezelişi”hakda gürrüň açmak, megerem, juda ýakymly bolsa gerek.Elbetde bu ýakym,bu baýlyk bilen halkyň buýsanjy ýüze çykyp biler. Aslynda-da halkyň milli buýsanjy onuň öz şahyrlarynda ruhyny görüp hem eşidip bilýänligindedir. Her bir beyik şahsyýetiň hakyky ornuna göz ýetirmek üçin, onuň yaşap geçen döwrüni öwrenip, ony öz önüp-ösen jemgyýetiniň şol günki şertlerinde hereket etdirmek bilen mümkin bolup biler. Muhammet şa bilen agzalalyk bolmadyk bolsa, belki-de Jelaletdiniň kakasy Balh şäherini taşlap, Anadola 300 kerwen bilen göç etmezdi. Çingiz han ýaly beýik garşydaşy bolmadykl bolsa, belki-de Jelaletdin Meňgburny dünýä meşhur bolup, häzire çenli ýeriň ýüzünde ady tutulmazdy. Hut şonuň ýaly- da Magtymgulynyň ýüze çykmagy üçin beýik bir zaman gerekdigine edebiýat hut “garaşýardy”. Öz ýurdunyň Garaşsyzlygyny almak üçin, ol ýurda beýik bir ruhy gaýtaryp bilmek üçin entek wagt golaýlaýardy. Nurmuhammet Andalybyň ýüze çykmagyna şert döreýärdi. Emma şeýle agyr ýagdaýlarda-da halkymyz öz ruhuny saklap, öz dilini ýitirmezlik üçin göreşýärdi. Dört bölümden ybarat bolan bu kitap hakykatda, gurulmaly Türkmen döwletiniň esasy kanunynyň ugurlaryny düşündirýär.1747-nji ýylda Nedirşanyň öldürülmeginiň yzysüre onuň agalyk edip oturan ägirt giň topraklary öz içine alýan hökümeti agyr ýagdaýa düşüp çagşaýar. Diňe güýç bilen saklanyp oturan Azerbeýjan, Gürjüstan, Yrak, Owganystan we beýleki ýurtlar aýaga galýarlar we özbaşdak döwlet gurmak ugrunda herekete geçýärler. Magtymguly bu beýik işi başarmak üçin, bir tarapdan, milletimiziñ müñýyllyklaryñ dowamynda taryh ussahanasynda sünnäläp ýetişdiren az hem uz atalar sözleridir halk döredijiligimiziñ beýleki pudaklaryndan peýdalanan bolsa, beýleki tarapdan hem bütin gündogar edebiýatinda, belki-de dünýäde heýkellere öwrülen we her biriniñ añyrsynda giden bir düşünje ýatan atlardyr, adalgalary özüniñ giñ düşünjelerini beýan
etmek üçin örän yerlikli ulanyp bilipdir. Hut şonuñ üçin hem onuñ köp goşgularyny, ylaýta-da filosofik(pelsepewi) düşünjelerini halk köpçüligine has düşnükli beýan etmek üçin ençeme kitaplar ýazmak bolar hem-de ýazylmalydyr diýip düşünýäris. Pyragynyñ özi hem “Magtymguly sözüm gysga şerhi köp”- diýmek bilen bu pikiri oňlapdyr.
Mähri Babaýewa
Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl
talyby