Sanly ykdysadyýet ýokary derejeli, kämil hünärmenleri talap edýär. Bu babatda ösen ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesine daýanmak möhümdir. Ylmy edebiýatlary öwrenmegiň esasynda «durmuş innowasiýalary» diýen adalganyň döreýşiniň taryhy barada aşakdaky maglumatlary aýdyp bolar. Durmuş innowasiýalarynyň ylmy barlaglary XX asyrda giň gerimde alnyp barylýar. Innowasion prosesleriň ilkinji gezek has dolulygyna beýan edilmegi XX asyryň başlarynda görnükli ykdysatçy I.Şumpeter tarapyndan amala aşyrylýar. Ol ykdysady ulgamlaryň ösüşindäki özgertmeleri ylmy taýdan derňeýär. Şol asyryň 30-njy ýyllarynda I.Şumpeter we G.Menş «innowasiýa» adalgasynyň özüni ylmy dolanyşyga girizýärler. Olaryň pikirine görä, innowasiýa ylmy açyşyň täze tehnologiýadaky ýa-da önümdäki anyk beýanydyr. Durmuş innowasiýalary barada XX asyryň ikinji ýarymynda, ýagny 60-njy ýyllarda belli alymlar we jemgyýetçilik işgärleri Maýkl Ýangyň (Açyk uniwersiteti we başga-da onlarça guramalary esaslandyryjy), Piter Drukeriň ylmy işlerinde we durmuş prosesleri boýunça beýleki ylmy barlaglary geçirijileriň işlerinde hem bellenip geçilýär. 1970-nji ýyllarda «durmuş innowasiýalary» diýen adalga fransuz alymlary Žak Furne, Žak Atalli we Pýer Rozanwallon tarapyndan hem ylmy edebiýatlarda ulanylyp başlanýar. «Durmuş innowasiýalary» diýen adalganyň häzirki zaman şertlerinde ulanylyşynyň awtory hökmünde millionlarça adamlary garyplykdan halas edeni üçin 2006-njy ýylda dünýäniň Nobel baýragyna mynasyp bolan professor Muhammet Ýunus (Bangladeş) hasap edilýär.
Mawlýuda MÄMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.