Liýuan kitaphanasy (Hytaý Halk Respublikasy)
Bu kitaphana Pekiniň daşyndaky kiçiräk bir obada, kölüň üstünde ýerleşýär. Bir
gatdan ybarat bolan kitaphana binasynyň daşy dolulygyna diýen ýaly agaç bilen
gurşalan. Kitaphananyň içinde ýerleşdirilen sowadyjylar ulgamy okyjylara rahat
okamak mümkinçiligini döredýär. Bu sowadyjy kitaphananyň aşagyndaky
kölden alýan salkyn howasyny binanyň içine ýaýradýar.
Beitou Halk kitaphanasy (Taýwan)
Taýwan döwletindäki bu kitaphana dünýädäki iň ýaşyl kitaphana diýsek hem
ýalňyşmarys, sebäbi ýaşyl baglardyr ösümlikler bu ýerdäki kitaphana binasy
bilen tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Şeýle hem, kitaphananyň
üçeginiň ýasalyşy aýratyn ünsi çekýär. Ýagyş ýagan wagty kitaphananyň
üçegindäki suwlar birigip, ýörite bu ýeriň ösümlik meýdançasyna akar ýaly
edilip ýasalypdyr. Kitaphananyň ýokarsynda ýerleşdirilen güneş panelleri arkaly
kitaphana gerek bolan energiýanyň öndürilýändigini-de aýtmak bolar.
Ştutgart şäher kitaphanasy (Germaniýa)
Germaniýanyň Ştutgart şäherinde ýerleşýän bu kitaphana 9 gatdan ybaratdyr.
Kitaphananyň beýleki binalardan tapawudy onuň içinde kitaplardan başga ähli
zadyň reňkiniň ak bolmagydyr.
Admont kitaphanasy (Awstriýa)
Bu dünýäniň iň owadan we iň uly ikinji buthana kitaphanasy hasap edilýär.
Onda 200 müňe golaý kitap saklanylýar. Kitaphananyň içinden ýokary tarapyna
seredeniňde, adamzat taryhynda ylmyň ösüşiniň şekilleri ýerleşdirilen. Bu bolsa
binanyň bezegine aýratyn bezeg goşýar.
Willanuewa Halk kitaphanasy (Kolumbiýa)
Kolumbiýanyň iň meşhur kitaphanalarynyň biri bolan Willanuewa Halk
kitaphanasy ýerli ýaşaýjylar tarapyndan hem-de ýerli materiallardan
peýdalanylyp bina edilipdir. Binadaky daşlar töwerekden ýygnalypdyr, agaçlary
bolsa ýakyndaky tokaýlykdan alnypdyr. Bu kitaphana ykdysady taýdan arzan
hem-de bütin dünýäde uly ünsi çeken kitaphana hökmünde tanalýar.
Çary MÄMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.