Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk instituty 2010-njy ýylyň 13-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ylmy esasda ösdürmekde uly ähmiýeti bolan institutyň ak mermere beslenen okuw binasynyň umumy meýdany 15 müň 440 inedördül metrden gowrak bolup, onda talyplaryň umumy, amaly we tejribe okuwlaryny geçmekleri üçin oňaýly şertler bilen üpjün edilen okuw otaglary, 450 orunlyk mejlisler zaly, 200 orunlyk naharhana, talyplar üçin 3 sany umumy ýaşaýyş jaýy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenen sport toplumy bar.
Institutda hereket edýän agronomçylyk we weterinar lukmançylygy, gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetleri bolup agronomçylyk, agroekologiýa, agrohimiýa we agrotopragy öwreniş, ýyladyşhana hojalygy, oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy, weterinar lukmançylygy, sanly dolandyryş, oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda), sanly dolandyryş, maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda), maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda), agroinženerçilik; gidrotehniki desgalar; oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy, ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugry, awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda), gidromeliorasiýa, oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy ýaly hünärleri bar.
Häzirki wagtda biziň institutymyzda jemi 1911 talyp we 186 mugallym bar. Şeýle hem häzirki wagta çenli institutymyzyň talyplary halkara derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde talyplarymyz 349 sany baýrakly orunlara, şol sanda 42 sany altyn medala, 83 sany kümüş medala, 109 sany bürünç medala, 29 sany I derejeli, 49 sany II derejeli we 37 sany III derejeli diplomlara mynasyp boldular.Döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde bolsa 464 sany baýrakly orunlara, şol sanda 11 sany altyn medala, 10 sany kümüş medala, 15 sany bürünç medala, 110 sany I derejeli, 180 sany II derejeli we 138 sany III derejeli diplomlara mynasyp boldular.
Mundan başgada institutyň mugallymlary tarapyndan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin 86 sany okuw kitaplary we okuw gollanmalary taýýarlanyp çapa hödürlendi.
Institutda ýaş mugallymlary we talyplary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy bäsleşige gatnaşyp jemi 16 sany baýrakly orunlara, şol sanda 3 sany I oruna, 6 sany II oruna we 7 sany III oruna mynasyp boldular.
Şeýle hem häzirki güne çenli institutymyzdan jemi uçurymlaryň sany 1887-ä barabar boldy.Institutymyzda professor halypa mugallymlarymyzyň saýasynda talyplarymyza ýokary derejede bilim berilýär we kämil hünärmen bolup ýetişmekleri üçin ähli oňaýly şertler döredilendir.
Şu pursatdan peýdalanyp bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutymly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Erkin Annageldiýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby