Häzirki zaman Hazar deňzi mundan 5-7 million ýyl ozal bolan duzly suwly gadymky Pontik kölüniň – deňziniň bir bölegi hasaplanýar. Hazar deňziniň uzynlygy demirgazykdan günorta takmynan 1200 kilometre deň. Onuň ini iň giň ýerinde 466 kilometre barabar. Iň dar ýeri bolsa Apşeron ýarym adasynda bary-ýogy 204 kilometre deň. Hazaryň ortaça ini günbatardan gündogara 330 kilometre barabardyr. Hazar deňziniň tutýan umumy meýdany 372000 inedördül kilometre, göwrümi bolsa 78,000 kub kilometre deň. Onuň iň çuň ýeri 1025 m, ortaça çuňlugy bolsa 184 m.

Hazar deňzini adatça üç sany bölege – demirgazyk, orta we günorta böleklere bölýärler. Deňziň demirgazyk bölegi takmynan 80000 inedördül kilometre barabar. Bu bölek Hazaryň iň kiçi bölegi hasaplanýar. Onuň ortaça çuňlugy 5-6 m. Hazar deňziniň orta bölegi meýdany 138000 inedördül kilometre barabar bolan aýratyn çöketlik hasaplanýar. Bu bölegiň ortaça çuňlugy 190 metre deň, iň çuň ýeri bolsa 788 m. Hazaryň günorta böleginiň tutýan umumy meýdany 168400 inedördül kilometre barabar. Deňziň iň çuň ýeri hem şu bölekde ýerleşýär.

Ýeri gelende aýtsak, Hazar deňziniň dürli ýazuw çeşmelerinde we ylmy edebiýatlarda 70-e golaý dürliçe atlandyrylyşyna duş gelmek bolýar. Deňziň şeýle atlarynyň has irkileriniň hataryna “Günüň Howdany”, “Wouru – Kaşa”, “Gündogar deňzi”, “Girkan deňzi”, “Gürgen deňzi” we beýleki birnäçe atlar degişlidirler.

Hazar deňziniň kenarýakasynyň umumy uzynlygy takmynan 7000 kilometre barabar. Onuň kenarlarynda 5 sany döwlet – Türkmenistan, Eýran, Azerbaýjan, Gazagystan, Russiýa döwletleri ýerleşýärler. Oňa 130-a golaý, şol sanda Wolga, Ural, Kura, Etrek, Terek, we beýleki ownuk derýalar öz suwlaryny guýýarlar. Deňziň üsti ony gurşap alan döwletleriň arasyndaky gämi gatnawy – ýük daşaýyş ýoludyr.

Hazarda haýwanlaryň 1809 görnüşiniň ýaşaýandyklary subut edildi. Olaryň 1069 görnüşi erkin ýagdaýynda suwda ýüzüp ýaşaýan, 325 görnüşi mugthorlar, 415 görnüşi bolsa oňurgaly haýwanlar hasaplanýarlar.

Hazar deňzinde ýaşaýan ösümlikleriň we haýwanlaryň möhüm aýratynlyklarynyň biri-de, olaryň ýokary derejedäki endemikler bolmagydyr. Endemikler diýip, diňe şol bir ýerde (sebitde, adada) ýaşaýan hem-de özge ýerlerde asla duş gelmeýän ýerli ösümlik we haýwan görnüşlerine aýdylýar. Hazardaky görnüşlere ýokary derejedäki endemikligiň mahsus bolmagy onuň tebigatynyň örän täsindiginden we juda özboluşludygyndan habar berýär. Ýeri gelende aýtsak, Hazaryň oňurgasyz haýwanlarynyň 255, balyklaryň 54, süýdemdirijileriň hem 1 görnüşi bu täsin deňziň endemikleri hasaplanýarlar. Munuň özi bolsa şol görnüşlere örän seresaply çemeleşmegi, olary gorap saklamagy we köpeltmegi talap edýär. Hut şu sebäpli-de, Hazarda ýaşaýan ösümlikleriň we haýwanlaryň onlarça görnüşleri deňziň kenar ýakasyndaky döwletleriň Gyzyl kitaplaryna, şeýle hem Halkara Gyzyl kitabyna girizildi.

Hazaryň suwlarynda oňurgasyz haýwanlardan gurçuklaryň, leňňeçleriň, sülükleriň, krewetkalaryň, krablaryň, mollýuskalaryň dürli görnüşleri ýaşaýarlar. Olaryň ählisi diýen ýaly Hazar deňziniň endemikleri hasaplanýarlar. Emma deňizde bu ýere dürli döwürlerde adamlar tarapyndan başga ýerlerden göçürilip getirilen oňurgasyz haýwanlar hem bar. Mysal üçin, XX asyryň 40-njy ýyllarynda Hazara Azow deňzinden nereis atly gurçuk we abra diýilýän mollýuska getirilýär.

Bu jandarlar Hazaryň tebigy şertlerine oňat uýgunlaşyp, bu ýerde giňden ýaýradylar we köpeldiler. Häzirki wagtda bolsa olar Hazaryň suwlarynda ýaşaýan gymmatly gyzyl balyklaryň – bekreleriň umumy iýmitiniň 50 göterimini düzýärler.

Gojaman Hazaryň täsin tebigaty, onuň biologik baýlyklary hakda gürrüň gozgalsa bu ýerde ýaşaýan balyklar barada söhbet etmezlik asla mümkin däl.

Balyklary öwrenýän alymlaryň – ihtiologlaryň (ihtiologiýa – balyklar baradaky ylym) maglumatlaryna görä, Hazar deňzinde balyklaryň 101 görnüşi duşýar. Olar özleriniň daşky keşbi, möçberi, önüp-ösüş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýarlar. Balyklaryň iň ulularynyň göwresiniň uzynlygy 5 metre, kiçisiniňki bolsa bary-ýogy 45 millimetre barabar. Deňziň balyklarynyň arasynda görnüşleriniň sany boýunça takgazlar, kepirler we maňňalçalar agdyklyk edýärler. Olar Hazaryň balyklarynyň görnüş düzüminiň 77 göterimini tutýarlar. Hazar deňziniň balyklarynyň ep-esli bölegini süýji suw gelip çykyşly balyklar düzýärler. Şunuň ýaly balyklaryň hatarynda bekreler, kepirler we beýlekiler degişlidirler.

Hazar deňziniň balyk baýlygy hakda gürrüň gozgalanda bekre balyklary barada aýratyn buýsanç bilen söhbet edýärler. Mälim bolşy ýaly, deňziň suwlarynda bekreleriň 7 görnüşi ýaşaýarlar. Olaryň hataryna doky, tirana, bekre balyk (söp balyk) we beýlekiler degişlidirler. Doky balygynyň göwresiniň uzynlygy 5 metre, agramy bolsa 150 kilograma barabar. Ol tebigatda 60-100 ýyllap ýaşaýar. Bu gymmatly ballyk häzirki döwürde ýaşap ýören bekreleriň arasynda iň gadymky görnüş hasaplanýar. Geçmişde olaryň käbirleri 120 ýyla çenli ýaşapdyrlar. Emma häzirki wagtda olar diňe 50 ýyla çenli ýaşaýarlar. Sebäbi, olaryň köpüsini adamlar irki ýaşlarynda, ýagny entek köpelmäge başalamakalar tutýarlar, öldürýärler. Bekre ýa-da söp balyk diýilýän görnüşiň göwresiniň uzynlygy 2 metrden gowrak, agramy 80 kilograma barabar. Ol tebigatda 23 ýyl ýaşaýar. Bekre balygy Türkmenistanda Hazar deňziniň 10 metrden hem çuňrak ýerlerinde bolýar. Amyderýada işbil taşlaýan döwründe duşýar. Çuň çukurjyklarda gyşlaýarlar. Köpelýän wagty ýaz we tomus aýlary, her ýylda däl. Uly balyklar mollýuskalar we balyk bilen iýmitlenýärler. Bekre balygy hemme ýaýran ýerlerinde ýitip, ýok bolmak ýagdaýyndaky görnüş hasaplanýar. Şu sebäpli-de, ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Ony Türkmenistanda tutmak gadagan edildi. Ýeri gelende aýtsak, dünýäniň ähli deňizlerinde ýylda 85 million tonna golaý balyk tutulýar. Hazar deňzinden her ýylda tutulýan balyklaryň umumy möçberi bolsa 200 müň tonna barabar hasap edilýär.

Deňiz suwlarynda ýokarda atlary agzalyp geçilen bekre balyklardan başga-da, birnäçe gymmatly görnüşler hem ýaşaýarlar. Olara Wolga takgazy, Hazar azatmahysy, azatmahy ýaly Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen gymmatly görnüşler degişlidirler. Wolga takgazy diýilýän görnüş deňziň hemme ýerinde ýaýran we ol sany azalýan balyk hasaplanýar. Gyşyna Günorta Hazaryň 12-25 metre barabar çuňlugynda ýaşaýar. Orta ululykdaky we iri balyk. Iň ulularynyň göwresiniň uzynlygy 19-39 santimetre, agramy bolsa 100-600 grama ýetýär. Işbiliniň sany 100-280 müň bolýar. Bu balygy hemme ýerde tutmak gadagan edilendir. Hazar azatmahysy we azatmahy balyklary hem Hazar deňziniň balyk baýlygynyň gymmatly görnüşleri hasaplanýarlar. Gojaman Hazaryň biologik baýlyklarynyň gymmatly görnüşleriniň ýene bir topary guşlar hasaplanýar. Hazar deňzinde guşlaryň 466 görnüşiniň duş gelýändikleri kesgitlendi. Olardan 120 görnüş şu ýerde gyşlaýan guşlar hasaplanýarlar. Guşlaryň 68 görnüşi deňizde gyşlaýarlar, 278 görnüşi bolsa göçüp-gonýarlar, ýagny jahankeşdelik edýärler ýa-da tomus paslyny şu sebitde geçirýärler. Deňiz guşlaryna çarlaklaryň dürli görnüşleri, posly çarlaklar, gotanlar, gazlar, guwlar, ördekler we gyzylgazlar degişlidirler. Bu guşlar deňziň kenar ýakasynda köpçülikleýin toplanýarlar. Ýeri gelende aýtsak, Hazaryň deňiz aýlaglary guş bazarlarynyň mekany diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. Güýzde maýyl howaly ülkelere – Eýranyň günortasyna, Yraga göçüp gidýän guşlaryň millionlarçasy Hazar döwlet goraghanasynyň çäklerinde gyşlamaga galýarlar. Günbatar Sibirden, Gazagystanyň merkezinde ýerleşýän Tengiz kölünden we dünýäniň sowuk howaly beýleki ýerlerinden Çeleken, Türkmenbaşy, Esenguly ýarym adalaryna uçup gelýän guşlaryň täsin owazlary örän uzaklardan hem eşidilýär.

Deňiziň saý ýerleri we kenar ýakalarynyň suwly, batgaly ýerleri deňiz jandarlarynyň, balyklaryň, düwlenleriň we guşlaryň köp ýaşaýan ýeri bolup, olar halkara ähmiýetlidir. Hazaryň türkmen böleginde Hazar goraghanasy ýerleşýär. Onda deňze gyşlamaga gelýän guşlaryň 2/3 bölegi bardyr.

Aşyrow Muhammet

Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny

mehanizmleşdirmek fakultetiniň 2-nji ýyl talyby