Senagat pudaklarynyň ösmegi bilen atmosferanyň düzümine oksidler, dioksidler taşlanylýar. Zyýanly maddalar atmosferada beýiklige hereket edende olaryň daşyny suw buglary örtüp, olar ýadronyň içinde galýarlar. Atmosferada çakdan aşa kükürdiň dioksidiniň, kükürtli gazyň, azodyň oksidleriniň bolmagy atmosferada gowşak kükürt, azot kislotalaryny emele getirýär. Bu bolsa şol ýerleriň senagat pudaklarynyň ýerleşişine görä ýüze çykýar. Şeýlelikde, hapalanan atmosferadan kislotaly ygallaryň ýagmagy daşky gurşawa erbet täsir edip, topragyň kislotalylyk häsiýetini ýokarlandyrýar.
Suwuň düzümine biosid täsirini ýetirip suwdaky balyklaryň, suwotylaryň ölmegine getirýär. Ondan daşary çölde, medeni zolakda ösýän ösümlikleriň ýok bolmagyna hem alyp barýar. Kislotaly ygallar şäherlerde energetika ulgamynyň paýlaýjylarynyň, transformatorlaryň, takyk ölçeýji gurallaryň, arhitektura ýadygärlikleriň zaýalanmagyna alyp barýar. Bu bolsa.onuň öňüni almaly ekologiki meseleleriň iň zerurydygyny aňladýar.
Adamyň gulagy 17 – den 20 müň Gs aralygyndaky ses.yrgyldylaryny kabul edip bilýär. Fiziologik taýdan aşak, orta we.ýokary sesler tapawutlandyrylýar. 1-den 16 Gs tolkunlara- infrasesler, 16-20 müň Gs-den ýokary ses yrgyldylaryna-ultrases diýilýär.