Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanşykly geçirilýän çäreler has-da ýaýbaňlanýar . Biziň hem medeniýet öýümiz bu dabaralara özleriniň döredijilik sowgatlary bilen taýýarlyklar görýärler. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň has-da ýaýbaňlanmagy hem-de şahyryň 300 ýyllyk toý – baýramyna sowgat hökmünde ýurdumyzyň dürli ýerlerinde geçirilýän çäreler biziň Mary welaýatymyzda hem özüniň röwşen gözelligini tapýar. Gahryman Arkadgaymyzyň taýsyz tagallasy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda “Pähim- paýhas ummany- Magtymguly Pyragy” ýylynda şeýle baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlanmagy bizi hem döredijilik işgäri hökmünde buýsandyrýar, begendirýär.
Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem ähli halklaryň edebiýatynyň ruhy hazynasy bolmak bilen, ol diňe bir ýeke ruhuň gyzgynlygyny däl- de eýsem özünde dünýä edebiýatynyň altyn hazynalarynyň hem gyzgynlygyny bir güzere salyp, ony poeziýanyň dili bilen täzeden okyjysyna ýetirmegi başaran- günümizde iň modern, taryhymyzda iň jedelli hem- de nusgawy, ruhundan älemleriň açaryna barýan ýoly saýlap bilen şahsyýetdir. Magtymguly Pyragy günümiziňiň modern hem-de iň täsin nusgawy şahyry bolmak bilen türkmen ruhuny her bir zamanda-da müňýyllyklarda – da öz syrly älemi, öz milliligi bilen alyp gitjek hazyna, ýol. Paýtagtymyzyň iň gözel köçesiniň adyny götermegi, etrabyň hem- de mekdepleriň atlaryny götermegi hem biziň üçin buýsançdyr. Magtymgulynyň täze heýkeli Köpetdagy etekläp oturan belent baýryň ýüzünde , Astrahan şäherinde, Ankarada we ýene- de köp ýerlerde onuň heýkeliniň oturdylmagy , bu biziň üçin buýsançdyr. Bu bolsa, biziň beýik şahsyýetiň öňündäki belent sarpamyz bolar. Dünýä edebiýaty ýagşy yzlar bilen ýuwulýar, ýamanlyklary bozup bilýär we gelejege giň hem gorkunç tokaýlaryň içinden ýoda çyzyp berýär. Bu gelenek bolsa, dünýe döräli, ähliumumy adamzat baglanşyklarynyň köküni bir pikirde jemleýär. Magtgymguly Pyragy dünýä edebiýatynda beýik bir kanonizm- ýagny , täzezillik däl-de bolmalysy ýaly nusgawylygy bir ýere jemläp, bir bitewilik saklap bilýän sütündir. Magtymguly Pyragynyň ilkinji kanon portretini türkmen suratkeşi Aýhan Hajyýew çekýär. Aýhan Hajyýew bu portreti aslynda düýşünde görýär. Ol bu suratyň esasy suduryny tapmak bilen düýşünde görünen hyýaly bir keşbiňö ýüzünde türkmen milliligini, şeýle-de türkmeniň özboluşly ylmy we dünýewi ahwalyny ýerleşdirmek isleýär. Şeýlelikde onuň döredeijilik gözlegleri birnäçe ýyllap dowam edýär we ahyry bu döredijilik gözlegleriniň üstünden barýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolgörkezijilikli syýasatyndan ugur alyp, hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, baýramçylyk çärelerine gatnaşmak hem iň ýokary derejede döredilýän mümkinçilikleriň bardygyny ýene bir gezek subut edýär.