Ilatyň maliýe işjeňligi ilata maliýe hyzmatlaryny hödürleýän edaralaryň işini kämilleşdirmäge we maliýe ulgamynyň sagdynlaşmagyna hem oňaýly täsir edýär. Bu ulgamda hereket edýän kanunlaryňwe kadalaşdyryjy hukuknamalaryň aç-açan we maglumat almak üçin aýdyň bolmagy, ilatyň öz maliýe hukuklaryny bilmegi milli telekeçiligi ösdürmäge uly mümkinçilik döredýär. Netijede, halkyň maliýe edaralaryna ynamy artýar.
Maliýe işjeňligi meseleleri, esasan hem, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň ähliumumy globallaşmagy şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Ýagny häzirki zaman ykdysadyýetinde maliýe ulgamy adamyň durmuşynyň ähli tarapyny gurşap almak bilen çäklenmän, ol şu günki ykdysadyýetde esasy aýgytlaýjy orny hem eýeleýär. Bu ösen ýurtlarda ilatyň süýşürintgileriniň esasy böleginiň maýa goýum işlerine çekilmegi bilen alamatlandyrylýar. Häzirki zaman internet tory bolsa bu işe in bir uzak sebitleriň, ýurtlaryň we kontinentleriň ýaşaýjylaryny çekmeklige uly mümkinçilikleri döredýär. Şunlukda, dünýä ykdysadyýeti barha maliýe bazarlary bilen birleşdirilen bir global giňişlige öwrülip barýar.
Ilatyň maliýe işjeňligi ýokarlandyrmagy talap edýän ýagdaýlaryň ýene biri hem maliýe ulgamynda amala aşyrylýan ylmy-tehniki ilerlemelidir. Häzirki zaman bank-karz ulgamynyň esasy hyz,matlarynyň biri bolan karzlaşdyrmak ulgamynyň ösmegi, karz işine gatnaşyjylaryň öz alan borçnamalaryna hakyky baha berip bilmekleri üçin hem maliýe işjeňliginiň we sowatlylygynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu meseleler, esasan hem, dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän maliýe durnuksyzlygy döwründe has-da ýitileşýär we köp ýagdaýlarda döwletiň maliýe düzümleriniň bu işleri kadalaşdyrmak üçin gatyşmagyny hem-de degişli maliýe çözgütlerini kabul etmegini talap edýär.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde durmuş ykdysady ösüşe täsir edýän möhüm gurallaryň biri hem maliýe bazarlarynyň ösüş derejesidir. Milli ykdysadyýetiň maliýe bazarynyň mümkinçiligini artdyrmakda, onuň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda ilatyň maliýe sowatlylygy örän ähmiýetlidir. Bu maksat bilen, ilkinji nobatda, býujete gözegçilik edilmegi we meýilleşdirilmegi, maýa goýum işine ilatyň dürli gatlaklarynyň gatnaşmagyny üpjün edýän maksatnamalaryň taýýarlanmagy zerurdyr. Bu bolsa ilatyň uly möçberde süýşürintgileri bolmadyk gatlagynyň hem maýa goýum işine gatnaşmagyna, onuň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna we jemgyýetiň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine ýardam edýär.
Maglumat we aragatnaşyk ulgamynyň açyklygy hereket edýän kanunlaryň kämilleşdirilmegi, şol sanda maliýe bazarynda hereket edýän kanunlaryň kämilleşdirilmegi we olaryň işjeňliginiň aýdyň bolmagy maliýe edaralarynyň işini netijeli dolandyrmaga, maliýe edralarynyň işini netijeli dolandyrmaga, maliýe önümlerine we hymatlaryna isleg artmagyna oňaýly täsir edýär. Bu ýagdaýlaryň hemmesi bolsa milli maliýe bazarynyň maýa goýum çekijiligini ýokarlandyrmaga oňaýly täsir etmek bilen, onuň bäsleşige ukyply bolmagyny, halkara abraýynyň ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Ilatyň maliýe işjeňligini ýokarlandyrmak meselesi ilatyň satyn alyjylyk ukybyny ýokarlandyrmak meselesi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut ilat hyzmatlaryň we harytlaryň soňky sarp edijileri bolup durýar we tölege ukyply ilat ykdysadyýeti ösdürmäge badalga beriji bolup çykyş edýär. Şeýle hem bazar gatnaşyklaryny has netijeli kadalaşdyrmaga, maliýe hyzmatlaryny we önümlerini hödürleýjileriň arasynda sagdyn bäsleşiginiň bolmagyna höweslendirýär. Bu bolsa öz gezeginde bahalaryň peselmegine we puluň hümmetsizlenmegine gözegçilik etmegi üpjün edýär.
Maliýe ulgamyndda amala aşyrylýan tehniki ösüşler pul serişdeleriniň hereketini üpjün edýän elektron önümleriň döredilmegine ýardam edýär. Zähmet haklaryny, karz kartlaryny we elektron tölegleri ulanmak ykdysadyýetiň ähli ulgamynda giňden peýdalanylýar. Maliýe ulgamynyň bu täze önümleriniň we hyzmatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy bolsa häzirki zaman maliýe tehnologiýalaryny giňden ulanmak üçin amatly şertleri döredýär. Munuň özi bank ulgamynyň karz edaralaryndan karz almak we alnan karzlary üzmek boýunça hasaplaşyk işlerini ýeňilleşdirýär, şeýle-de karzlar bilen bagly bolan hukuk bozulmalaryň kemelmegini üpjün edýär. Bu meseleleriň çözülmegi hem-de üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyza ykdysady we maliýe meseleleri boýunça işde, öýde, jemgyýetde oýlanyşykly çözgütleri kabul etmäge kömek eder.
Allanur KEMALOW,