Türkmen halkynyň buýsanjy gün geldikçe beýgelýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen edilýän işleriň üstünliklere beslenmegi bolsa, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işleriň amal edilmegine uly mümkinçilikler döredýär. Ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralary bir- birine utgaşyp bagtyýar gelejegiň üstünlikli arşy göterilmesiniň şaýady bolýar.Halkara derejesinde maslahatlardyr, sergileriň geçirilmegi bolsa, ilkinji nobatda muňa aýdyň mysal bolup durýar. Ilata ýaşaýyşyň iň ýokary şertlerini döretmekde uly mümkinçilikler berýän Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli ädimleri bizi buýsandyrýan hakydadyr. Hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyzdan görelde almagy Garaşsyzlygyň iň uly miwesidir. Çünki halypa- şägirtlik gatnaşyklarynyň miwe bermegi Garaşszylyk ýyllary içinde nijeme kitaplaryň baş temasy boldy. Türkmen paýtgatynyň beýik Garaşszylygymyzyň ýyllary içinde ösüşleri dünýäni haýrana galdyrýar. Ak paýtagtymyzyň goýnunda- jenneti mekdanda ýaşaýan halkymyz bolsa, bu gözellikden ganyp bilenok. Häzirki günler paýtagrymyzyň görki has hem artýar. Gahryman Arkadgymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabadyň goýnunda geçirilýän we ibun aýynda geçiriljek dabaraly çärelere beslenmegi bu günki gün ýurdumyzda edilýän işleriň ýokary derejelidigini ýene bir gezek subut edýär. Aşgabat bolsa bu günki gün öz taryhyny açýar. Öz döwründe uly ähmiýete eýe bolan bolan Aşgabat şäheri gün- günden gülleýär. Hut Aşgabat şäheriniň gözelliginiň waspy,onuň beýik binalary , göge uzaýan ajaýyp ýadygärlikleri hem- de bu günki arhitektura – dizaýny bilen özüni tanadan Aşgabadymyz häzirki zaman ülňülere gabat gelýän ajaýyp görnüşi bilen dünýäni haýrana goýýar. Bu gün Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda, bu gün Aşgabat Orta Aziýanyň ýüregi bolup, dünýä şugalsyny saçýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ,gözel Aşgabadyň, paýtagtymyzyň ýagty gelejege tarap barýan ýoly , bagtyýar halkly Aşgabada, nurana gelejekli döwletiň paýtagty bolan Aşgabada öwrülmegine getirdi. Yşyklandyryş – elektrik yşyklandyryjylarynyň amatly ýakylmagy, şeýle-de gurnalan programma boýunça onuň derejesiniň kadalaşdyrylmagy.Islän wagtyň audio we wideo filmleri, tele gepleşikleri görmek maksady bilen ýazdyrmak programmalaşdyrylmasy, şeýle-de aýdym-saz merkezini, telewizory dolandyrmak mümkinçiliginiň berilmegi.Ýylylyk, howa çalşygy, kondisionerleme: belli bir aralykdan ýakyp öçürmek aýratynlygy elektrik energiýasyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Şol jähtden ugur alyp,halkymyzyň bagtyýar durmuşyny saglaýan Gahryman Arkadgymyzyň hem-de Hormatly öz topragymyzyň goýnunda nijeme syrlary saklaýandygyny özleriniň taryhy eserlerinde “Türkmenistan – ýüpek ýolunyň ýüregi” we “Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplaryny halkymyza peşgeş etmegi- bu günki gün öz taryhymyzy öwrenmekde has wajyp ädimleriň ädilýändigini subut etdi. Sergilerde milli buýsanjymyz bolan bedew atlaryň, halylaryň dünýä meşhur görnüşleri bolsa, halkara ähmiýetli edilýän işler üçin gelen dostana döwletleriň wekillerine raýatlarymyz bilen bir hatarda synlamaga mümkinçilik döredilýär. Suratkeşlerdir, halyçylar we beýleki nakgaşçy awtorlarymyz bolsa, öz edýän işlerinde milli gymmatlyklarymyzy ajaýyp şöhlelendirýärler. Awtorlar onda atyny gezdirip ýören ýigit bilen bedewiň arasyndaky bir-birege ynamy we ysnyşygy görkezýärler. Tanymal gahrymanlary – ady belli hökümdar Alp Arslanyň we şahyr Mollanepesiň heýkelini at üstünde şekillendirilmegi häzirki zaman ýaş nesle watançylyga bolan söýgini gursaklaryna guýmaga mümkinçilik döredýär. Mundan başga-da ak şäherimizde ykdysady hem-de söwda işleri boýunça halkara sergileriň hem-de çeper sergileriň geçirilmegi, şonuň bilen bilikde hem daşary ýurtlarda biziň türkmen halyçylayrmyzyň hem-de suratkeşlerimiziň sergileriniň geçirilmegi, medeniýet günleriniň hem-de şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň üç ýüz ýyllyk ýubileýi esasynda baýramçylyk çäreleriniň geçirilmegi bolsa, biziň halkara derejesindäki abraýymyzy mundan beýläk-de artdyrar.Sergileriň guraljak ýerlerinde baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegi bolsa, buýsançly başlary asmana galdyrýar. Suratkeşleriň döredijilik tilsimini we ahal-teke bedewlerine bagyşlanan çeper eserleriň baý manysyny beýan işlerinde diňe edebi däl- de onuň başyndaky buýsanjy görkezýän işler döredilýär. Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň buýsançlydyr. Watanymyza bolan ägirt uly buýsanç duýgusy, agzybirlik hem-de gadymy türkmen topragynda amala aşyrylýan ähli işlerde raýatlarymyzyň buýsanjynyň bolmagy bu gün ýurt baştutanymyzyň aladalary bilendir. Gahryman Arkadgymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan her bir işde halkyň bähbidiniň bellenip geçilýändigi bolsa, bizi buýsandyrýar. Ony amala aşyrmagyň möhüm bölegi bolan Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde,millionlarça bag nahallary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäginde hem şonça mukdardaky saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzüm nahallary ekilýär. Munuň özi hem tebiagtymyz aýawly saklamagyň ähli zatdan möhümdigini öňe çykarýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda alyp barýan içeri we daşary syýasatyň netijeleri barha belende galýar. Ykbaly göterilen ilde bilim, sowat, sungat pajarlap ösýär. Munuň aýdyň beýanyna öwrülen häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – Garaşsyzlygymyzyň beýik özgertmelere beslenen eýýamydyr. Parahat watanda ýaşap, bagtyýarlyk şemalynyň astynda arassa howadan dem alyp, watanymyzyň her bir taýýarlanmak iň uly bagtdyr.Şeýle- de ýurdumyzda “gök guşak” syýasatynyň amala aşyrylmagy bu günki gün Türkmen diýarynda geçirilýän iň wajyp meseleleriň biridir. Halk bähbitli işleriň iň naýbaşylarynyň biri- de şudyr. Türkmenistanyň Aralýaka sebitinde tokaýlaşdyrmak işlerini geçirmek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny bagy-bossanlyga öwürmek işlerini dowam etmek, Awaza derýasynyň kenarlaryny tokaýlaşdyrmak, Garagum çölüniň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirildi.Elbetde bagtyýar diýarymyzyň goýnuny gül- bossana öwrüp, onda ýaşaýan adamlary bagtyýar etmek döwletimiziň öz öňünde goýan iň uly maksatnamasydyr. Köpçülikleýin bag ekmegiň diňe bir ýurdumyzyň keşbini özgertmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmenistanlylaryň durmuşy üçin oňaýly daşky gurşawy, şäherlerde hem-de obalarda amatly howa ýagdaýyny döretmelidigini belleýär. Elbetde beýle uly mmükinçilikler ýurdumyzda edilýän işleriň esasy böleginiň halkymyz bähbitli bolmagyna mümkinçilik döredýän Gahryman Arkadgymyz hem-de Hormatly Prezidentimize halkymyz buýsanýar. Taryhda bolup geçýän wakalaryň üstünden aýlanyp duran taryhy baglar dünýäniň çar künjündäki medeniýetleri bir ýerlere birleşdirip, bir sapaga düzýär, bir bagda saklaýar.Dogrusy dürli ýerlerde taryhy ýadygärlikleriň bolmagy bolsa, taryhda şöhratly ärleriň köp bolandygyny alamatlandyrýar. Bu taryhy alamatlar Nusaý –Parfiýa şalygyna hem degişlidir. Gadymy Nusaý galasynyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän giň otaglarda şol döwürde ýüze çykarlan hazynalaryň, ýagny giden ritonlar otagynyň barjamlylyk döwrüne degişlidigini subut etmesi biolsa, bu toprklarda gadymýetden ýaşamaga oňaýly, şertleri amatly ýerleriň bolandygyny , şeýle- de dünýäniň syýahatçylaryny hem- de alymlarynyň ünsüni häzirki döwre çenli özüne çekip durandygyny subut edýän hadysalaryň naýbaşysydyr. Köpetdagy etekläp oturan sergin howaly, bol suwly Nusaý galasy uzaklardan seredeniňde gözelligiň hudaýy bolan Rodogunanyň keşbinde saňa bir zatlary aýdyp berýär. Galalaryň açylmaly syrlarynyň açary Gahryman Arkadagymyzyň “ Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly mukaddes kitabydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrüň pasyrdaýan ýaşyl baýdagynyň astynda beýik ýüpek ýolunyň syrlaryna barýan ýodalary öwrenmek biziň paýymyza düşýär. Dünýäniň çar künjüne uzaýan ýüpek ýolunyň aýratynlygy her haçan dostlugyň medeni aýratynlyklaryny özünde jemlän bolsa,onda häzirki döwürde ykdysady hem- de syýasy,maddy hem- de ruhy medeniýetleriň bir sapaga düzülmesinde wajyp rol oýnaýar.Nusaý galasy paýtagtymyzyň eteginde ýerleşip, özüniň medeni aýratynlyklaryny soňky döwürlerden alýan hem bolsa, ol ýerden tapylan tapyndylaryň has irki medeniýetlere degişlidigini, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda medeni gatnaşyklaryň yzygiderli bolandygyny subut edýän hadysadyr.Nusaý galasy özüniň ýerleşýän meýdany bilen 14-15 gektar töwereklerini hem öz içine alýar. Gala emeli beýiklikde ýerleşip, galanyň umumy süňňi pagsadan edilendir.diwarlaryň düýbüniň galyňlygy 8-9 metrden ybarat bolan bu gala Arshakitleriň köşk- ybadat jaýlary bolan.Bu ýerde döwlet diwany, ybadathana hazyna hem- de köşk baştutanynyň maşgalasydyr,ýakyn adamlary ýaşapdyrlar.
Halkymyzyň bagtyaýr ýaşaýşyny wasp edýän aýdymdyr, sazlaryň döremegi hem hut bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp miweleriniň biridir. Ak paýtagtymyzyň taryhy bolsa, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Nusaý galasynyň meýdançasyndan tapylan pil süňkünden edilenritonlaryň tapylmagy, şeýle-de äpet küýzeleriň önümçilik üçin ulanylmagy esasynda, hasaplamalaryň ýüze çykmagy, ösen ykdysady hem- de söwda aragatnaşygynyň dünýäniň çar künjüne uzan ýollar bilen baglanyşygynyň bardygyny subut edýän hadysalaryň biridir. Reňklenen özboluşly çekerler, ol ýerlerde goýlan resminamalaryň tapylmagy şeýle- de her bir keramiki düzümde ýerleşdirlen içerki ykdysady birligi subut edýän maglumatlar bu ýerde söwdaaragatnaşygynyň has ykjam bolandygyny ýene bir gezek subut edýär. Şirmaýydan edilen ritonlardaky şekiller bolsa, sahnalaşdyrylan görnüşde bezelip, skifleriň parfiýa patyşalygyny ýer ýüzünde tanadan täsin haşamlarda görkezmek üçin ýörüte buýruk berilen bolmagynyň mümkindigini kesgitleýän maglumatlar bilen gabat gelýär.Özüniň gülläp- ösen döwründe Ortaýer deňzinden Demirgazyk – Günbatar Hindistana çenli aralygy alan skifleriň, ýagny Parfiýanlaryň şol döwürde ykdysady hem syýasy taýdan göreldeli gujurly döwleti gurup, döwrüň syýasy wakalaryny hem- de söwda aragatnaşygyndaky ykdysady meseleleri esasan sungata siňdirmegi bu adamzadyň bakylygy sungatda görýändigini ýene bir gezek subut edýär. Ýurdumyzyň ösüşleriniň Garaşsyzlyk ýyllary içinde has- da abraý almagy bolsa, oňyn Bitaraplygymyzyň hem- de Garaşsyzlygymyzyň netijesidir. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 185 döwletiň goldamagynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy degişli Kararnamany kabul edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ikinji gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny üstünlikli ýollar bilen dowam etmek hem- de nesillere watan söýgüsini gursagyna guýmak maksady hem- de milliligimizi asyrlaryň jümmüşine äkitmek meseleleri ilkinji nobatda aýaga galdy.Şeýle- de nesiller üçin gelejekde daşky gurşawy gorap saklamak nesillere ýadygär tebigaty goramak hem- de abadanlaşdyrmak işlerini ýola goýmak her bir raýatyň bu gadymy däp- dessurlara goşandyny goşmagyny gazanmak diňe Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyryldy.Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine toplumlaýyn uzakmöhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy gök guşaga öwürmek, diňe agaç, tokaý zolakalrynyň sanyny köpeltmek ugurlary boýunça ýörüte edara- kärhanalaryň açylmagy bolsa, halk bähbitli işleriň naýbaşysydyr. Islendik ugur boýunça hem bu edilýän işlerde Garaşsyzlygyň datly miwelerini görýäris. Senagat düzüminiň okgunly ösmegi, ulag kommunikasiýalar ulgamynyň has giňelmegi, şäherleriň hem-de täze ilatly ýerleriň ýokary depginlerde ösmegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň işjeň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzy ösdürmegiň dürli şertleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde edilen işleriň mümkinçilikleri bolsa, bu günki gün Türkmenistanyň ýoakry derejeli diplomatik merkez hökmünde ösüşlere ýardygyny aýdyňladýar. Gahryman Arkadgymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiz adamlaryň saglygyny goramagyň, ýaşaýyş-durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär. Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň ähli ilaty gatnaşýar. Dünýäniň çar künjünde agaçlaryň, miweli ösümlik dünýäsiniň, ýabany hem- de hut elde seredilýän ösümlik dünýäsiniň tebigatyň gök guşagydygy biziň hemişe guwanýan buýsanjymyzdyr. Çünki ene ýeriň guşagyny tokaýlardan beslemek, gök we miwelerden halkyň, ilatyň sarp edýän ösümlik dünýäsini ösdürip ýetişdirmek, agaçlaryň sanyny köpeltmek bu günki gün ýurdumyzyň hem syýasy baýdagynyň şygarydyr. Çünki haýsy ýurtda agaç bolsa, gök ekin bolsa, şol ýurt hem keramatlydyr, gudratlydyr. Onda Türkmenistanyň tebigatynyň bezegi kaşaň çynar barada gürrüň berilýär.Dogrusy her bir agajyň gymmatynyň bolşy ýaly,çynar agaja hem aýratyn ähmiýet berilmegi , türkmen halkynyň agdymy däp- dessurlarynyň biridir.Gadym döwürlerde türkmenler parasatly we päk ýürek adama «çynar ýaly saýaly» diýipdirler, çünki çynaryň ýaýbaň şahalary tomus güni jana tenekar giňiş, gür saýa we sergin şemal berýär.Köpetdagyň jülgelerinde we çeşmeleriniň golaýynda ösýär, ol şeýle hem Aşgabatda hem- de Ahal welaýatynyň hemişe suwy ýetik şäherlerindedir obalarynda gögerýär.Köne Nusaý galasynyň hem Köpetdagynyň eteginde ýerleşmegi, ol ýerdäki üzümçilik ýerleriň diňe bir sebiti däl, eýsem- de bolsa, gadymy ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gök we bakja önümleri bilen, üzüm çakyrlary bilen üpjün etmegi – bu Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşýän beýik hem gudratly boz çeşmeli ýerlerde hemişe göklik bolandygynyň alamatydyr. Tebigatda gök guşagyň galňamagy biziň ýer şaryna bolan söýgümiziň muhabbetini artdyrjagy hakykatdyr. Tokaýlar we agaçlar hakynda gyzykly maglumatlar, ekosistemanyň gurluşyny has gowy tanamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir, bu ýerde agaçlar durmuşyň esasy görnüşi bolup durýar.Tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan tokaýlaryň ýaşyl dünýäsi asman giňişliklerini arassalaýjy janly fabrige, zemin guşaklyklarynyň iň mukaddes gözellikleriniň kerwenbaşysyna meňzedilýär. Ekologiýa ylmynda iň az meýdany 0,5 gektary düzýän, iň az giňligi 3 metre barabar bolan dürli ýaşdaky, inlilikdäki, göwrümdäki, agyrlykdaky agaçlaryň, gyrymsy ösümlikleriň toplumlaýyn örtügini özünde jemleýän biologik dürlüligiň we tebigy gurşawyň düzüm birlikleriniň jemi tokaý çäkleri hökmünde kabul edilýär.Türkmen Berkararlygy bilen Türkmen Garaşsyzlygy bilen birlikde dowam edip, bu günki gün göm- gök bagy- bossana bürenip oturan Aşgabadyň gujagynda syýasy merkezleriň, dost- doganlygyň gaýnaşýan ýerinde tebigatyň hem aladasynyň edilýän digi aýandyr. Ýurdumyz häzirki döwürde ýokary derejeleri gazanýan bagtyýar halkly, nurana bir güneşli watana öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan şugla alýan atalyk kitaplarymyz biziň durmuşymyza ýol ýörelge. Gahryman Arkadgymyzyň hem -de Hormatly Prezidentimiziň aldasy bilen gözel paýtagtymyzyň iň bir ajaýyp künji bolan Köpetdagynyň eteginde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagy bolsa, biziň beýik şahyrymyza bolan hormatymyzyň nyşany hökmünde halkara derejesindäki açylan seýilgäh bilen birlikde utgaşyp gidýär. Munuň özi Gahryman Arkadgymyzyň hem -de Hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin dünýäniň dostan adöwletleri bieln hoşniýetli gatnaşykda bolup, daşary ýurtlardan eglýän dostlukly gatnaşygy bolan halklaryň medeni ,ykdysady arabaglanyşygyny berkitmekde nusgawylyk derjäni görkezýär. Şol sanda dokma pudagynda, moda işewürliginde gatnaşyklary ösdürmegiň giň mümkinçilikleri bu günki gün oňyn netije berýär.Türkmen halkynyň baý milli mirasyna sarpa goýýan beýleki dostlukly döwletleriň hem milli däp- dessurlary bieln bilelikde medeniýet we sungat işgärleriniň biziň ýurdumyza gelip, medeniýetimiz hem- de ykdysady üstünliklerimiz bilen tanyş bolmaklary, sergilere gatnaşmakalry türkmen halkynyň dünýä bazaryndaky ýerini hem beýgeldýär. Türkmen halkynyň bahasyz milli gymmatlygynyň dünýä ýüzünde giňden ýola goýýar. Dürli ykdysady sergiler, konferensiýalar, maslahatlar, onlaýyn maslahatlary, festiwallar bolsa, ýurtda höküm sürýän dostluk gatnaşykalrynyň netijesidir.Dokma pudagynda täze hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň hem- de ony ösdürmegiň uly geljeginiň bardygy, ählumumy gyzyklanmalary nazara almak bilen, pudagyň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigi ýurdumyzyň üstünliklerini artdyrýar. Dünýä bazaryna çykarylýan nah ýüplüklere, matalara, taýýar önümler we tikin önümlerine beýleki ýurtlaryň bazarlarynda orun alýar. Dokma pudagynyň paýtagtymyzda ýerleşýän kärhanalary bilen tanşyp, ol ýerlerde çekilýän halal zähmetiň netijesinde döreýän bu ajaýyp ösüşlere öz gözleri bilen şaýat bolýarlar.Watanymyzyň ösüşleri bilen galkynýan halkymyzyň dünýäniň çar künjünde el işleri, milli hünärleri bilen tanalmagy bolsa, bu günki gün watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar.
Muhammetnazar Annaýarow
Ýagmyr Myradalyýew
Türkmengaz Döwlet konserniniň Mary nebit – gaz orta hünär mekdebiniň mugallymlary