Keselleri bejermekde we saglygy berkitmekde ösümliklerden peýdalanmaklyk gadym wagtlardan bäri dowam edip gelýär. Ösümlikleriň kesel bejerijilik häsiýetleri barasyndaky maglumatlar nesilden-nesle geçip gelipdir. Ýazuwyň peýda bolmagy bilen ösümlikleriň peýdaly häsiýetleri baradaky maglumatlary ýazga geçirmeklik başlanypdyr, bu bolsa olaryň amaly taýdan ulanylyşyny has giňeldipdir.
Orta asyrlarda dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti has hem artypdyr. Görnükli lukman Abu Ali Ibn Sina (Lukman hekim) müň ýyldan hem gowrak mundan ozal dermanlyk otlary öwrenmekligi we peýdalanmaklygy geljekki nesillere wesýet edip gidipdir. Ol özüniň „Lukmançylyk ylmynyň kanuny“ atly kitabynda 900 töweregi dermanlyk ösümligi we olaryň ulanylyş usullaryny ýazyp beýan edipdir. Ol kitap häzirki wagtda hem lukmanlaryň ýakyn kömekçisi hasaplanýar.
Ösümlikleriň birtopary dermanyň egsilmez baýlygydyr. Häzirki zaman lukmançylyk amalyýeti ösümliklerden alynýan derman serişdelerini ulanmakdan çetde durup bilmez. Belle bolşy ýaly, takmynan her bir dördünji derman ösümlik çig mallaryndan taýýarlanylýar. Gaty gazaply şertlerine seretmezden, Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi örän baýdyr we dürli-dürlidir. Onda 300-e golaý dermanlyk ösümlikler ösýär. Ösümlik dünýäsine Türkmenistanyň daglyk etraplary has-da baýdyr. Köpetdagda ýabany ösümlikleriň 1700 görnüşi ösüp, olardan 332 sanysy endemikdir, ýagny dünýäniň hiç bir ýerinde duşman, diňe şol ýerlerde ösýän ösümliklerdir.
Türkmenistanyň klimaty çürt kesik kontinentaldyr. Tomus paslynda howanyň gyzgyn we gurak, gün radiasiýasynyň ýokary bolmagy ösümlikleriň köpüsiniň dermanlyk häsiýetlerini şertlendirýän gymmatly biologik işjeň birleşmeleriň toplanmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň aglaba görnüşleri dürli keselleri bejermek üçin ýerli halk tarapyndan has öňräkden bäri ulanylyp gelinýär.
Biziň döwletimiz dermanlyk ösümliklerine örän baýdyr. Ýöne muňa seretmezden dermanlyk üçin ösümlikleri taýýarlamak, olardan rejeli peýdalanmak hökmandyr. Eger-de şeýle işler ylmy esasda meýilleşdirilip geçirilse, onda dermanlyk ösümliklikleriň tebigy baýlyklarynyň azalmagyna ýa-da ýitip ýok bolmagyna getirip biler.
Dermanlyk ösümlikleriň ösýän ýerlerinde otlary orup ýatyrmak ýa-da ol ýerlerde mallary bakmak, oba hojalygy üçin täze ýerleri özleşdirmek işleri geçirilende dermanlyk ösümlikleriniň mundan beýläk azalmagyna getirip biler. Şol sebäpli dermanlyk ösümlikleriň ätiýaçlyklarynyň azalmagyna garşy işleri geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. Onuň üçin dermanlyk ösümlikleriň ätiýaçlyklarynyň umumy goruny kesgitlemeli, her ýylda aýry-aýry meýdanlardan, etraplardan, welaýatlardan ýygnalmaly dermanlyk ösümlikleriň görnüşlerini we ýygnalmaly mukdaryny kesgitlemeli. Senagat taýdan ýaramly bolan dermanlyk ösümlikleriniň giň ýaýran ýerlerini kartada bellemeklik hem uly peýda getirýär.
Dermanlyk ösümlikleri 3 topara bölmek maksada laýyk hasaplanýar. Birinji topara ätiýaçlyk gorlary has azalan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna atlary girizilen görnüşler degişlidir (adaty nar, adaty injir, grek hozy we beýlekiler). Ikinji topara – ätiýaçlyk gorlary haýal dikelýän, tygşytly ýagdaýda dermanlyk üçin material ýygnalmadyk ýagdaýynda ýitip gitmegi mümkin bolan ösümlikleriň görnüşleri (Wiktoryň ungermiýasy, Bobrowyň patlagy, towşandodak) degişli. Üçünji topara degişli ösümliklerden ýeterlik mukdarda dermanlyk üçin çig mal taýýarlap bolýar, olaryň ätiýaçlyk gory tebigatda ýeterlikdir we çalt ýetişýärler.
Birinji topara degişli ösümliklerden dermanlyk materiallary ýygnalmaýar.
Ikinji topar ösümliklerden, olaryň täzeden dikelýändigini we ösýän meýdanynyň ulalýandygyny hasaba almaklyk bilen taýýarlanýar. Munuň üçin material ýygnaljak meýdanlary ösümligiň görnüşine, biologiki aýratynlygyna, daşky gurşawyň faktorlaryna baglylykda gezekleşdirip peýdalanmaly (3-5 ýyldan).
Dermanlyk çig mallary taýýarlananda aşakdaky düzgünleri berjaý etmeli:
– agaç ösümliklerinden dermanlyk materiallar taýýarlananda esasy we aralyk maksatlar üçin çapyla agaçlardan alynmaly, tokaý seýilgählerinden we gorag zolaklaryndan agaçlara timar berlende kesilen baldaklardan ýygnalýar.
– pyntyklar agaçlaryň we gyrymsylaryň ösüp duranlaryndan alynman, kesilen baldaklaryndan taýýarlanylýar.
-ýapraklar pudagyň aşaky we ortaky böleklerinden ýolunyp ýa-da kesilip alynýar, pudayň ujundaky ýaş ýapraklar galdyrylýar.
– ot ösümlikleri ýiti pyçak ýa-da orak bilen orulyp alynýar, ösümligiň köki, porrugy we soganlygy goparylmaly däl. Dermanlyk ot ösümligiň ýere degip duran bölekleriniň hili gowy bolmaýar, şonuň üçin olary almaly däl.
– güller we gül toplumlary çig mal hökmünde ýygnalanda olaryň belli bir bölegini ösümlikleriň tohumy arkaly köpelmekleri üçin galdyrmaly. Bu esasan hem bir we iki ýyllyk tohum bilen köpelýän ösümliklere degişli.
– agaçlardan güller we gül toplumlary ýygnalanda olaryň uly şahalary kesilmeli däl ýa-da döwüp almak bolmaýar.
– ösümligiň ýer asty böleklerinden çig mal taýýarlananda, olaryň miweleri ýetişip tohumlary we miwesi dökülenden soň ýygnalýar.
– ösümlikleriň tohum bilen köpelişini üpjün etmek üçin, uly ösümlikleriň belli bir bölegi, wegetatiw ýol bilen köpelýän ösümlikleriň klubenleriniň, porruklarynyň we soganlyklarynyň belli bir bölegi galdyrylýar. Ösümlikleriň ýaş ýer asty böleklerini ýygnamak maslahat berilmeýär, olardan ýeterlik mukdarda önüm alyp bolmaýar.
Dermanlyk ösümlikleriň ätiýaçlyklaryny gorap saklamak üçin, olaryň çig mallaryny tygşytly taýýarlamakdan başga-da özara baglanyşykly birnäçe çäreleri geçirmek zerurdyr:
Guramaçylyk – dermanlyk ösümliklerden çig mallary taýýarlamagyň her ýylky we uzak möhletleýin meýilnamasyny düzmek, haýsy etraplardan ýygnalmalydygyny kesgitlemek.
Administratiw – ätiýaçlyk gorlary örän azalan seýrek görnüşler üçin goraghanalary we çäkli goraghanalary döretmek. Endemik we seýrek dermanlyk ösümlikleriň goralýan meýdanlaryny giňeltmek bilen birlikde, olary goramaklygy güýçlendirmek zerurdyr.
Terbiýeçilik – lukmançylykda dermanlyk ösümlikleriň ähmiýetini halkyň arasynda düşündirmek, özbaşdak bejermekligiň zyýanyny, dermanlyk ösümlikleriň goralyşyny, olaryň milli baýlygymyzdygyny gazet-žurnallaryň, radio-telewideniýeniň üsti bilen halka düşündirmek.
Ylmy-barlag – dermanlyk ösümlikleriniň düzümini, çig malyň hasabynym esasy bitýän ýerlerini, goruny hasaba almak. Çig malyň himiki düzümini, ösümliklerde maddalaryň toplanýan döwrüni kesgitlemek.
Dermanlyk ösümliklerini medenileşdirmek – senagat üçin ýeterlik gorlary bolan dermanlyk ösümlikleriniň esasy görnüşlerini medenileşdirmekligi öz içine alýar.
Tehniki – çig maly taýýarlamakda tygşytly ýola goýmak, ösümlik çig mallaryny ýygnamagyň möhletleriniň we usullarynyň kesgitlenen düzgünlerini berjaý etmek, ösdürilip ýetişdirmek üçin ýaş we ene ösümliklerden galdyrmaklyk çäreleri geçirilmelidir.
Tebigata islendik gatnaşyk, ýagny dermanlyk çig mallary ýygnamak ýa-da dynç almak maksady bilen tebigata barylanda hem oňa zyýan ýetirmeli däldir. Tebigat aýawly we tygşytly çemeleşmek her bir adamyň mukaddes borjudyr. Dermanlyk ösümlikleriňätiýaçlyklaryny tükeniksiz däldir, şonuň üçin olary tygşytly peýdalanmak, gorap saklamak biziň üçin we geljekki nesillerimiz üçin zerurdyr.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Hytaý dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Halmuratowa Gülnara