Goňşyň bilen gündelik gatnaşyklarda-da, aýratyn ähmiýetli halatlarda-da goňşuçylyk edebini berjaý et! Bu edebiň manysy goňşy hakyny üzmekden ybaratdyr. Goňşynyň sendäki edep hakynyň birinjisi, seniň öz goňşularyňy ýagşy tanamak bergiňdir, ýagny bilmek edebidir. Goňşy maşgalanyň hakydasyna dahylly bolmalydyr, olar kim, asly, bitiren we bitirýän asylly işleri, il-gün üçin peýdaly taraplary, atabraýy, döwlet-rysgal derejesi, guwanjy, buýsanjy, maşgala mertebesi — bularyň baryny bilmek, gadyrlamak edeplilikdendir. Goňşyňy tanamak barada şahyrymyz Kerim agada şeýle setirler bar:
Paşşy goňşy ýüz ýaşady, ýagşy etdi.
Her ýaşynda ýedi ýyllyk iş etdi.
Goňşyň bilen rysgalyň bir bolmaz, emma at-abraýyň birdir. Çünki, hataryňda, syrgynyňda oňşuksyzlyk bolsa, at-abraýyňa, abadançylyga şikes ýeter. Abadançylyk agzybirlikdendir. Agzybire — Taňry biýr, agzybire — Taňry birdir.
Goňşa gatnaşygyňda Taňrynyň birligine bolan ynanjyň bildirilýändigine beýik pirimiz Mäne babanyň ömür edebinden bir.hekaýat şaýatlyk edýär. Mäne babanyň güzerany pes, eli ýuka bir garyp goňşusy bar eken. Pirimiz şol goňşusyna öz döwletinden sadaka bermegi ýola goýupdyr. Günlerde bir gün şol goňşusy piriň ýanyna baranda, Mäne babanyň howlusyndaky garynjalara däne sepip ýörendigini görüp, geň galypdyr. Onuň haýran galan soragly nazaryna pir şeýle jogap beripdir:
— Bularam seniň ýaly maňa goňşudyrlar. Olara goňşy hakyny bermek meniň borjumdyr.
Goňşokara däbimiz iň gözel däplerimiziň biridir. Üýtgeşik tagam bişirilende, geň-enaýy naharlar edilende, goňşa dadyrmazlyk aýypdyr.
Her bir bişirilýän naharda goňşyň paýy bardyr. Birinji çanak, adatça, goňşyň haky diýlip atlandyrylýar. Düýäniň ýa sygryň owuz süýdünden, bagyňdan alan ilkinji miweleriňden, täze tamdyrda bişirilen ilkinji çöregiňden goňşulara dadyrmak, paýlamak dessurdyr. Bu dessur berjaý edilende seniň rysgal-döwletiň artyp, zadyň bereketli bolar. Bereketiň, artyklygyň aňyrsynda goňşularyň saňa bolan mähremligi, razylygy, göwnühoşlugy ýatýandyr. Ruhy mukaddeslikler gatylan baýlyk rysgaldöwlete öwrülýändir.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ talyby
Şamuhammedowa Aýlar