Arbutus unedo bereskiletler maşgalasyna degişli bolan uly miweli gyrymsy agaçdyr. Bu agaç özüniň peýdaly häsiýetleri we miwesiniň adaty tudanalardan ululygy bilen tapawutlanýar. Arbutus unedo ilkinji gezek XIX asyrda asyrda Russiýada medenileşdirilip, häzirki wagta Morokkada, Liwanda, Izraýylda, Alžirde, Günbatar Ýewropada, Orta ýer deňiz kenarlarynda, Aziýada giňden ýaýrandyr. Bu agajyň miweleri dürli hili jemleri taýýarlamakda, terligine iýmekde, we miwe şirelerini taýýarlamakda ulanylypdyr. Munda başga-da bu ösümlik dünýäniň dürli ýurtlarynda bezeg hökmünde howlulary bezemekde hem giňden ulanylypdyr.

Bu ösümlik güneşli, çyglylygyň ýeterlik bolan ýerlerinde, gurply we gowşak turşy, kalsiniň az bolan topraklarynda gowy ösýär we ýokary hasyl berýär.

Arbutus unedo – gyrymsy agaç we agaç görnüşinde duş gelip onuň boýy 5-10 metrden 15 metre çenli gabarasy bolsa 80 santimetre çenli ulalyp bilýär. Agajynyň gabyklary goňrumtyl, çal reňkde bolup ýaş baldaklary bolsa gyzylmytyl we kümüşsow reňkdedir.

Ýapraklary – ellips şekilli, baldakda nobatlaýyn ýerleşen aşak tarapy goýy ýaşyl we üst ýüzi bolsa açyk ýaşyl ýalpyldawuk reňkde bolup ulylygy 4,5-10 santimetre barabardyr.

Gülleri owadan ownuk, gülgüne sarymtyl we ak reňkde bolup jaňjagaz şekillindedir. Gülleri gül toplumyny emele getirýär we baldakdan sallanan görnüşde ýerleşendir.

Miwesi – ulu, şar şekilli, gyzyl reňkde köp çigitli ýalan iýmiş miweleri bolýar. Miweleriniň diametri 1-2 santimetre barabardyr. Miweleri örän süýji tagamly bolup onuň tagamy birazrak ýertudananyňka meňzeýär. Miwesinde köp sany witaminler saklanyp esasanam C witaminine örän baýdyr.

Arbutus unedonyň häzirki wagta karlik sortlary bolan “Elfin King”, “Croomei”, “Compacta” we “Rubra” sortlary 1-2 metr beýiklikde konteýnerlerde ösdürilýär.

Selbi AMANOWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Medisina ekalogiýasy we gigiýena kafedrasynyň  mudiriniň  w.w ý.ý, uly mugallymy.