Her bir ylmyň öz öwrenýän, iş salyşýan, derňeýän obýekti bolýar. Şol sanda pedagogika terbiýäni öwrenýär, ýagny pedagogika – bu terbiýe baradaky ylymdyr. Başgaça aýdanyňda pedagogikanyň- esasy öwrenýän meselesi: okuw terbiýeçilik işleriniň esaslaryny, wezipelerini, düzgünlerini, görnüşlerini, usullaryny, serişdelerini, netijeli peýdalanmak bilen öňde goýlan maksada ýetmekdir.

 Pedagogika “paýdagogos” diýen grek sözünden bolup, “paýdos”- çaga we “ago”- ýöretmek diýen manyny berýär. Doly terjime edende “paýdagogos” – “çagany ýöredýän” ýa-da “çagany alyp barýan” diýmekdir.

 Gadymy Gresiýada gul eýeleriniň çagasyny mekdebe alyp barýan gullara pedagog diýipdirler. Bu mekdeplerde mugallym bolup sapak okadýanlaryň arasynda-da gullar hem bolupdyr, ýöne olar sowatly, bilimli bolupdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen “pedagogika” diýen sözüň ulanylyşy umumylaşdyrylyp, ol çagalary terbiýelemek, okatmak, ruhy we ten taýdan ösdürmek manylaryna eýe bolýar. Soňabaka öz eden işleri bilen belli bolan adamlaryň, adynyň ýanynda ony terbiýelän, okadan adamyň ady tutulýar. Bu ugurdan nazary bilimiň we tejribäniň baýlaşmagy netijesinde aýratyn bir çagalary terbiýelemek ylmy döreýär. Şeýlelikde, pedagogika çagalary terbiýelemek we okatmak ylmyna öwrülýär.

 Pedagogikanyň şeýle düşündirilişi XX asyryň ortalaryna çenli saklanyp geldi. XX asyryň ortalaryndan soň, diňe çagalar däl, eýsem ýaşy uly adamlara-da ýörite terbiýe bermek mätäçligi ýüze çykýar. Häzirki zaman pedagogikasynyň gysga, umumy we dogry kesgitlemesi – bu adamy terbiýelemek baradaky ylymdyr. Bu ýerde “terbiýe” sözi giň manyda ulanylyp, ol bilim bermegi, okatmagy ösüşi öz içine alýar. ”Terbiýe” düşünjesiniň giň manyda ulanylyşy we düşündirilişi bu ylmyň taryhy adyna gapma-garşy gelýär. Müňýyllyklaryň dowamynda dürli bilimler, dürli pedagogik ulgamlar döredilip, olar inkär edilip, täzeleri ýüze çykarylyp, şu günler olaryň arasyndan iň peýdalylary, adamzada gereklileri saýlanyp alyndy. Onuň esasy wezipeleriniň biri adamy terbiýelemek baradaky maglumatlary toplamak we ulgamşdyrmak bolup durýar.

 Şu güne çenli “Pedagogika” ylymmy ýa-da däl?” diýen mesele jedelli meseleleriň biridi. Onuň funksiýasy – hyzmaty adamlary terbiýelemegiň, okatmagyň we bilim bermegiň kanunlaryny öwrenmek we onuň esasynda pedagogik tejribä bu maksatlara ýetmegiň gowy ýollaryny hödürlemekdir. Nazary maglumatlar pedagoglary, dürli ýaşly adamlary, dürli okuw jaýlaryndaterbiýelemegiň hünär bilimleri bilen ýaraglandyrýar, olara öz işiniň netijesini bilmegi, ony guramagy we okuw-terbiýeçilik işinde ulanmagy, bahalandyrmagy öwredýär. Okatmagyň, bilim bermegiň we terbiýelemegiň täze tehnalogiýalary, usullary pedagogik ylmybarlaglaryň netijesinde tejribehanalarda ýüze çykýar. Bu hem öz gezeginde pedagogikanyň ylymdygyny düşündirýär.

 Her bir ylmyň öz predmeti we obýekti bardyr. Pedagogikada özüniň “ömürlik” meselesi bilen meşgullanýandygyna garamazdan, onuň takyk predmeti bardyr: ol okuw-terbiýeçilik edaralarynda geçirilýän terbiýeçilik işleridir.

Annaýewa Gülruh

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Koreý dili we edebiýaty hünäriniň 4 -nji ýyl talyby