Türkmenistan üçin birden üýtgeýän we iňňän gurak howa häsiýetlidir. Onuň üýtgäp durmasyny howa ylmynyň elementleriniň gijäniň we ýylyň dowamyndaky ýygy we uly (has köp) üýtgeşmeleri bilen, guraklygyny bolsa – howa ýagmyrlarynyň örän azlygy, howanyň guraklygy we az bulutlylygy bilen düşündirmek bolar.
Bahar gysga bolup (mart aýyndan aprel aýyna çenli – maý aýynyň ilkinji ongünligi), ol örän çalt ýylaýandygy, ýagyş ýygy- ýygydan ýagýar; tomus uzak (maý aýynyň ortasyndan sentýabr aýyna çenli), gurak, jöwzaly; tomsuň gyşa geçişi bilniksiz, onuň birinji ýarymy hem edil tomus ýaly gurak, diňe ikinji ýarymynda (oktýabr aýy) käte bir gysga wagtlaýyn ýagyş ýagýar; gyş (noýabr aýyndan- ýanwar, fewral aýlaryna çenli) sowuk däl, gar az ýagýar.
Ýylylyk düzgüni. Howanyň ortaça, ýyllyk üýtgewi 21-340°C aralygynda üýtgäp durýar. Howanyň ortaça ýyllyk temperaturasy ýurduň düzlük böleklerinde – demirgazykda 11-den 130С-den çenli, günorta-gündogarda 15-180С çenli üýtgeýär. Daglarda, 1500-2000 m. belentliklerde ol 7-100С deň.
Iň sowuk aý – ýanwar aýydyr, onuň ortaça temperaturasy ýurduň demirgazyk-gündogarynda -6,00 C-den, günorta-gündogarda +3,00C, iň çetki günorta-günbatarda bolsa +5,00С. maý – sentýabr aýlar aralygynda howanyň gündizki temperaturasy 40 0С-den geçýär. Howanyň temperaturasy aňrybaş derejesine iýulda baryp ýetýär.
Onuň ortaça temperaturasy 27,0-32,40С aralagynda üýtgäp durýar Howanyň iň pes temperaturasy 36,0 0С deň (Daşoguz welaýaty).aňrybaş çägi 50,10C deň (Repetek, Günorta-Gündogar Garagum).
Topragyň üstüniň ortaça aýlyk temperaturasy gyşyna howanyň ortaça aýlyk temperaturasyndan az tapawutlanýar, tomsuna welin, topragyň üstüniň gije-gündizlik ortaça temperaturasyndan 5-70С ýokary. Tomsuna topragyň üstüniň temperaturasynyň ortaça aňrybaş çägi Garagumda howanyň ortaça aňrybaş temperaturasyndan 21-260 ýokary. Topragyň üstüniň temperaturasynyň iň aňry çägi GünortaGündogar Garagumda bolup geçýär we 80,00 baryp ýetýär (Repetek st. ).
Ýurduň demirgazyk-gündogar etraplarynda (Daşoguz oazisi) aýazsyz döwür – 187-200 gün, galan çäklerde – 230-250 gündür.
Ýurduň geografik ýagdaýy we az bulutlylyk ýeriň üstünde ýylylygyň köp mukdarda toplanmagyna şert döredýär. Jemi gün radiasiýasynyň ýyllyk gelşi 606,7 (demirgazyk-günbatarda) – 682,0 Dž/sm 2 (günorta gündogarda) aralykda üýtgäp durýar.
Çyglanmak düzgüni. Türkmenistan çyglygy ýeterlik derejede bolmadyk zolaga girýär.
Bir ýylda ortaça 76-dan (Garabogaz aýlagynyň kenarýakasy, demirgazyk-gündogar) 380 mm çenli (Köpetdag, Könekesir obasy) ygal düşýär. Olaryň ýyllyk mukdary boýunça Türkmenistanda 4 etraby görkezmek bolar:
1. Demirgazyk-gündogar (Türkmenistanyň
Aralýaka ýerleri), Üňüzaňyrsy Garagum we Garabogaz köli – 100 mm azrak.
2. Garagum peslikleri – 150 mm çenli.
3. Günortanyň we günorta-gündogaryň dag etek zolagy – 250 mm gowrak.
4. Daglyk etraplar (Köpetdag, Paropamiz we Köýtendag) – 250 mm gowrak.
Merkezi Garagumda howanyň çyglylygynyň ortaça aňrybaş ýyllyk ululyklary 6-7 mb, a oazislerde (suwarylýan ekerançylyk ýerler) – 8-9 mb aralygynda üýtgäp durýar. Howanyň çyglylygy ýanwar aýynda özüniň aňrybaş derejesine ýetýär we 70-78%-e barabar bolaýr. Iň gurak döwür – iýün aýyndan sentýabr aýyna çenli, şunda howanyň çyglylygy Garagumda 20-30%- e, Hazaryň kenarýaka etraplarynda – 69%-e we oazislerde 30-35%-e deň bolýar.
Çyglylygyň uçursyz ýetmezçilik etmegi güýçli depginde bugaryşy emele getirýär. Ýurtda suwuň ýüzünden göterilýän bugaryşyň ýyllyk mukdary 1000-2300 mm, Merkezi Garagumda bolsa 2000-2300 mm aralygynda üýtgäp durýar. Şeýlelikde, bugaryş ygalyň mukdaryndan birnäçe esse köp (20- den gowrak) bolýar. Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň guraklygy we ýokarylygy durmuşy çäklendiriji sebäpler bolup durýar. Hut şonuň üçinem, ýurtda ekerançylygyň ösüşi diňe emeli suwaryşa baglydyr . Ýelleriň düzgüni. Türkmenistanyň demirgazyk böleginde demirgazyk-gündogar ýelleri, merkezi böleginde we Köpetdagyň etegindäki düzlügiň ugrunda – gündogar we Günorta-Gündogar Garagumda – demirgazyk ýelleri agdyklyk edýär. Ýurduň düzlük ýerlerinde ýeliň ortaça ýyllyk tizligi sekuntda 3,2-4,2 m/s. deňdir. Ýeriň üstki örtgüsiniň häsiýeti (uly çägeli bölekler) güýçli ýel turan wagty Türkmenistanyň çäklerinde ýylboýy, hususan-da ýaz we tomus aýlary gaýtalanyp duran tozanly harasadyň emele gelmegini şertlendirýär.
Tozanly harasat turýan günleriň sany ýyl dowamynda 35-67 töwereginde üýtgäp durýar, käbir ýyllarda ol diňe Garagumda 106- 113-e ýetýär.
Şonuň üçin-de, howanyň tozaňlylygy Türkmenistanyň ekologiýa ýagdaýynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Tozan hemişe, esasan hem, gündizine howanyň ýüzünde gaýyp ýörýär. Bu bolsa ýeke bir ýeriň üstünden däl, eýsem günuzyn gyzan şol gaýyşyp ýören gatyja zerrejiklerden hem ýylylyk alýan howanyň güýçli suratda gyzmagyna getirýär.
Geldiýewa Gülşat
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat ulgamlarynyň tehnologiýalarynyň taýýarlyk ugrunyň 4-nji yyl talyby