Biosferada geçen müňýyllyklaryň dowamynda dürli tebigy ekologiýa özgerişlikleri bolup geçipdir. Ol özgerişlikleriň çäginde janly-jandarlaryň ýaşaýyş ekologik şertleri kesgitli üýtgäpdir. Otjumak ösümliklerden iýmitlenýän äpet göwresi bolan dinazawrlar (benijanlar), şeýle hem beýleki haýwan görnüşleri, täze şertlerde oňaýsyz ýagdaýa düşüp, ölüp-ýitip gidipdirler. Şol ekologiýa weýrançylyklarda aman galan görnüşler täze şertlere uýgunlaşypdyrlar. Olar, ýeterlik nesil öndürip, san taýdan köpelipdirler. Görnüşleriň sanawy we olaryň baş sanynyň möçberi tebigy kanunçylygyň çäginde üýtgäp gelipdir. Bu bolsa biodürliligiň dürnukly ösüşini saklap, olaryň köpüsini şu döwre getiripdir.

Adam elmydama ýabany haýwanlardan peýdalanyp gelipdir. Olar göwresi äpet haýwanlaryň süňklerinden öý gurupdyr, beýlekilerini bolsa azyk, egin-eşik maksady üçin awlapdyr. Bu ýagdaý awlanylýan haýwanlaryň başda ýaşaýyşy üçin mesgen tutan ýerlerinde, soňra bolsa giň sebitlerde juda azalmagyna getiripdir. Adam aw gurallaryny kämilleşdirip aw awlamagyny artdyrypdyr. Ol öň san taýdan ýeterlik bolan onlarça haýwan görnüşleriniň sanynyň seýrekleşmegine we köpüsiniň ýitip ýok bolup gitmegine sebäp bolupdyr. Mysal üçin, mamont, tur, ýabany at (tarpan), deňiz sygyry (steller sygyry), ganatsyz gagarjyk, jahankeşde kepderi, moa we dront guşy we başgalar.

Ýer togalagynda adamlaryň sany ýyl geldigiçe artyp (1850- njiýylda1 mlrd, 1930-njy ýylda- 2 mlrd, 1970-nji ýylda – 4 mlrd, 2002-njiýylda – 6,4 mlrd golaý), tebigy meýdanyň täze giňişliklerini öz içine alýar. Öňki ekerançylyk aýlawundaky ýer ulgamynyň köp ýerde bisarpa peýdalanylmagy häzirki bar bolan ýabany ösümlikdir haýwanlaryň ýaşaýyş şertlerini ýaramazlaşdyrýar. Bu gös-göni janly-jandarlaryň görnüş sanynyň seýreklemegine täsir edýär. Mysal üçin, Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara birleşigi guramasyniň (TTBGHB) hasaplamalaryna görä, 1600-njy ýyldan bäri ýer togalagyndan haýwanlaryň 484 we ösümlikleriň 654 görnüşi ýitip ýok bolup gidipdirler. D. Fişeriň maglumatlaryna görä, süýdemdrijileriň 75 % we guşlaryň 86% ýitip ýok bolup gitmegine adamyň (göni hem gytaklaýyn) täsiri sebäp bolupdyr.

Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara birleşigi.guramasynyň (TTBGHB) tagallasy bilen biosfera boýunça seýrek duşýan, sany azalan we ýitip gitmegine howp abanýan haýwan we ösümlik görnüşleriniň ýagdaýy barada maglumatlar toplandy. Ol ýazgy habarlary Halkara Gyzyl kitabyň sanawuny düzmäge esas boldy. TTBGHB gyramasynyň Gyzyl kitabynyň sanawuna haýwanlaryň 9 müňden gowurak we ösülikleriň 7 müňe golaý gömüşleri girizdi. Olaryň arasynda Türkmenistanda duşýan haýwan we ösümlik görňüşleri hem bar.

 Atamyradowa Oguloraz

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby