Adam jemgyýetleşmek prosesinde şahsyýete öwrülýär. Adam jemgyýetiniň ýok ýerinde ruhy jemgyýetçilik, psihiki ösüş bolup bilmez.
Käbir mysallara ýüzleneliň. Maugli baradaky erteki-başdanaýak toslama däldir. Adam swilizasiýasynyň ösüşinde belli bolan käbir maglumatlar ony tassyklaýarlar. Rim döwletini esaslandyran Romuly we Remi böri (gurt) bakyp ulaldypdyr. Maugli haýwanlaryň arasynda ulalypdyr, litwaly oglanjyk aýynyň köweginde ýaşapdyr. Belli bolan maglumatlara görä 15 çaga gurtlar (böriler) tarapyndan bakylan, 5 çaga aýylar, 10 çaga – maýmynlar, 1 çaga gaplaň (leopard), 1 çaga goýun tarapyndan bakylypdyr diýlen maglumatlar bar.
1920-nji ýylda Hindistanly lukman Sung gurtlaryň (börileriň) hininde iki sany adam çagasyna duşupdyr. Olar gyzlardy. Biri 7-8 ýaşlarynda, beýlekisi iki ýaş kiçi. Gyzlara Amala we Kamala diýip at dakypdyrlar. Çagalaryň özüni alyp barşy edil ýabany haýwanlaryň özüni adamyň jaýynda alyp barşy ýaly bolupdyr. Dört aýagynda, özlerem diňe gije ýöräpdirler. Gündiz bolsa uklapdyrlar. Ýatanlarynda-da biri-birine berk gyslyşyp ýatypdyrlar.
Kiçi gyzjagaz tiz wagtdan aradan çykypdyr. Ol hiç zady öwrenip bilmändir. Uly gyzjagaz 10 ýyl ýaşapdyr.
Lukman Sung 10 ýylyň dowamynda ýörite gündelik ýöredip, oňa eden synlarynyň ählisini ýazypdyr. Bu gyza ilki dik durmagy öwredipdirler. Alty ýyldan soň Kamala ýöräp başlapdyr, ýöne dört aýak bolup ylgapdyr. Dört ýylda alty sözi özleşdiripdir. Ýedi ýyldan soň onuň söz baýlygy 45 söze ýetipdir, ýene-de üç ýyldan 100 söze ýetipdir. 10 ýylyň içinde Kamala adamlar toparyna öwrenişipdir, ýagtylykdan gorkmandyr, eli bilen iýmegi öwrenipdir, stakandan suw içip bilipdir. On ýedi ýaş töweregine ýetende Kamalanyň ösüşi dört ýaşly çaganyň ösüşine deň bolupdyr.
Adam diňe jemgyýetde ýaşap, tebigat tarapyndan berlen üstünliklere ýetip biler. Eger-de ösüş (siwilizasiýa) bolmadyk bolsa, adam iň bir nejis, aňsyz haýwan bolup ýaşardy. Adamy adam edýän jemgyýetdir.
Çagalyk döwründe, adamyň ösüşine öý gurşawy uly täsir ýetirýär. Maşgalada adamyň ilkinji günleri, ädimleri, onuň geljekde ösüşi we kämilleşmegi kesgitlenýär. Çaganyň ösüşinde kämilleşmeginde maşgalanyň orny uludyr. Maşgala onuň gyzyklanmalaryny, talaplaryny, garaýyşlaryny we gymmatlyk baradaky garaýyşlaryny kesgitleýär. Şahsyýetiň ahlak we sosial hilleride maşgaladan öz gözbaşyny alýar.
Nazary we tejribe nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýän sorag: şahsyýetiň ösmegine daşky gurşaw köp täsir edýärmi ýa-da nesle geçijilik. Hünärmenler bu soraga jogap berende öz garaýyşlary boýunça dürli toparlara bölündiler. Olar biogenetikler.we sosiogenetikler diýen toparlara bölündiler.
Biogenetikler – neslegeçijilik şahsyýetiň ösüşinde esasy orun tutýar diýen pikiri öňe sürdiler.
Sosiogenetikler – şahsyýetiň ösüşinde esasy orun daşky gurşawa degişlidir diýip belleýärler. Birnäçe alymlar öz işlerinde daşky gurşaw bilen neslegeçijiligiň adamyň ösüşine täsirlerini ölçegleriň üsti bilen barlap gördüler. Alnan maglumatlar gapma-garşylykly boldy. Netijede alnan maglumatlar şeýle netije çykarmaga mümkinçilik berdi: barlanýan faktorlar adamlaryň ösüşine birmeňzeş täsir etmeýärler diýip jogap berdi.Sosiogenetikler daşky gurşawyň ösüşe täsiri 90% diýip hasap edýärler. Biogenetikler neslegeçijilik ösüşe 80-90%-den az täsir etmeýär diýen netije çykardylar. Mysal üçin iňlis psihology D.Şattlewort (1935ý.) esasy faktorlaryň adamyň akyl ösüşine täsiri.boýunça şu netijä geldi:
Akyl ösüşiniň 64 % -ne neslegeçijilik täsir edýär;
Akyl ösüşiniň 16 % -ne maşgala gurşawy täsir edýär;
Akyl ösüşiniň 3 % -ne şol maşgaladaky çaga terbiýesiniň täsiri;
Akyl ösüşiniň 17 %-ne neslegeçijilik bilen daşky gurşawyň arabaglanşygy.
Ylmyň takyklyga esasy üns bereniniň sebäbi, bu onuň maksadydyr. Ýöne näçe ölçegler geçirilse-de, olaryň netijesi hakykata doly ýetip bilmez. Her bir adam özbaşdak, öz ugruna ösýär, şonuň üçinde olaryň her haýsysynyň ösüşinde neslegeçijiliginde, daşky gurşawyňda öz “paýy” bardyr.
Amanow Hydyr
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Kompýuter ulgamlaryň programma üpjünçilikleri hünäriniň 1-nji ýyl talyby