Ýer ýüzünde ilatyň san taýdan artýan häzirki döwrüniň iň esasy talaplarynyň biri hem medeni ekinlerinden bol hasyl alyp, ilaty ekologiki taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjin etmek oba hojalykçylaryň öňünde esasy mesele bolup durýar. Hasyllylygy ýokarlandyrmak köplenç agrotehniki talaplary dogry berjaý edilişine, esasan hem dökün kadalarynyň dogry saýlanyp, topragyň hasyllylyk hiliniň, ýokumlylyk derejesiniň möçberine hem göniden göni baglydyr.
Adamlaryň talaba laýyk iýmitlenmegi, olaryň saglygy, energiýa çeşmesi ähli adamzady howsala salýan çözülmeli üç mesele bolup durýar.Ýöne adamzadyň durmuşynda iň wajyp mesele bolsa azyk bolçygyny döretmekdir .
Ösümlikleriň ikilenç metabolizmine gatnaşýan pes molekulýar birleşmeler uzak ýyllaryň dowamynda ösümlikeriň ýaşaýyş işjeňligi üçin zerur däl, gerekmejek zat ýaly pikir edilip gelinýärdi. Emma, XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň ortalaryna çenli geçirilen ylmy barlaglaryň esasynda olaryň diňe dermanlyk ýa-da parfýumer preparatlar bolup hyzmat edýändigi takyklanyldy. Emma biziň ýüz ýyllygymyzyň 30-njy ýyllaryndan başlap, ikilenji metabolitleriň hem wajyplygy barada we olaryň ösümlikleriň ösüşini sazlamakda ähmiýeti barada köp sanly maglumatlar toplandy. Ylmy barlaglaryň esasynda mikrobiodökünleri has içgin öwrenmeklik diňe bir endogen himiki sazlanyşyk barada düşünmäge mümkinçilik bermän, eýsem, oba hojalygynda çözülmesi kyn bolan köp sanly meseleleri çözmeklige hem ýardam edýär.
Ýazlyk we güýzlük bugdaýyň hasyllylygyny güýçli pos keseli 2-essä çenli azaldyp bilýär. Ýeterlikli we dogry ulanylýan ýerli-mineral dökünler suwarymly ekerançylykda ekinleriň hasyllylygyny 2-3 esse artdyryp bilýär .
Güýzlük bugdaýdan ýokary hasyl almak üçin ekini mineral dökünler bilen kadaly iýmitlendirmegiň örän uly ähmiýeti bardyr. Aýratyn hem güýzlük bugdaýyň tutuş ösüş döwrüniň dowamynda azoda bolan talaby ýokary bolýar. Ösümlikdäki azodyň 70-80%-i sümmül bolýan (baş çykarýan) döwrüne çenli onuň ýapragynda we baldagynda toplanýar, şol azodyň hasabyna dänäniň düzüminde belogyň mukdary artýar we ýokary hilli bugdaý hasyly emele gelýär. [12].
Däneli ekinleriň hasylynda belogyň saklanyşyny artdyryp, dänäniň hilini gowulandyrmak möhüm meseleleriň biridir.
Adaty şertlerde däneli ekinler dänäni we beýleki ösüş synalaryny ösdürip ýetişdirmek üçin deň mukdarda suwy we iýmit maddalaryny özleşdirýär. Häzirki döwürde döredilýän güýçli depginli sortlar suwy we iýmit maddalaryň köp mukdarda hasyl synalaryna berýär. Iýmit maddalarynyň artdygyça hasyllylygy şonça-da ýokarlanýar. Däneli ekinlerde belogyň mukdaryny artdyrmak meselesi-de üstünlikli çözülýar.
Soňky ýyllarda güýzlük bugdaýy azot dökünleri bilen esasy iýmitlendirmekden başga-da ekini ýapragyndan goşmaça iýmitlendirmegiň hem-de ekişden ozal tohumlary dermanlamagyň uly ähmiýetiniň bardygy tejribeler arkaly doly ýagdaýda subut edildi. Aýratyn hem ekini çogdamlanma döwründe iýmit maddalary bilen zerur mukdarda üpjün etmeklik bol hasylyň düýbüni tutmaga ýardam edýär. Çogdamlanma döwründe azot we fosfor ýaly iýmit maddalary ýetmezçilik etse, ekiniň belli bir bölegini gyşda sowuk urýar, düýpdäki baldaklaryň sany azalýar, netijede hasyllylyk peselýär. Bugdaýy ýapragy arkaly azotly, fosforly, kaliýli we mikrodökünli erginler bilen goşmaça iýmitlendirmek ekinde çogdamlanyň kadaly geçmegine, täze emele gelen baldaklaryň we ösümligiň kök ulgamynyň howanyň amatsyz şertlerine hem-de dürli kesellere durnukly bolmagyna ýardam edýär. Şonuň üçin güýzlük bugdaýyň çogdamlanma döwründe şeýle hem ir baharda ösümligiň ösüp başlan, tüýdüklän hem-de başlaýan döwürlerinde esasy iýmitlendirmelerden başga-da ýapragyna sepmek arkaly mineral we mikrodökünlerden ybarat bolan suspenziýa bilen ekini iýmitlendirmegiň uly önümçilik ähmiýeti bardyr. Ýaprak arkaly iýmitlendirmekde mikrodökünler bilen bilelikde azotly dökünlerden karbamidi peýdalanmak maksadalaýyk hasaplanylýar.
Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletlerinde dürli önümleri öndürýän öňdebaryjy önümçilik birleşmeleri özleriniň oba hojalygy üçin möhüm bolan mikrobiodökün görnüşindäki önümlerini hödürleýär. Grand Harwest Research-kompaniýasy özünde we öňdebaryjy döwlet we hususy ylmy-barlag merkezleriniň hem-de institutlaryň, ylmy potensiallaryny birleşdirýän halkara innowasion kompaniýa bolmak bilen dürli ugurlarda we ýollarda, tebigy çeşmelerine zäherlenmäniň güýjüniň peseldilmegine ugrukdyrylan önümleri döredýär we dünýä bazarlaryna çykarýar.
2014-nji ýylda Grand Harwest Research-kompaniýasy dünýä bazaryna özüniň ýokary hilli önümini hödürledi . Bu önüm Zerebra Agro serişdesi bolup, ol Russiýadaky 14 sany öňdebaryjy institutda synaglardan şowly geçdi we özüniň netijeliligini subut etdi. Zerebra Agro-fungisid täsirli we fiziki-himiki häsiýetli, adam, haýwan we daşky gurşaw üçin goşmaça täsiri bolmadyk, ösümlikleriň boýuny ösdürýän kuwwatly ösüşi sazlaýjy serişdedir. Ol beýleki mineral dökünler bilen bilelikde sinergizme ýardam berip, güýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde iňňän oňyn netijeleri berýär, ýagny ony şeýle düşündirmek bolýar: Zerebra agro mikrobiodöküni bilen güýzlük bugdaýyň tohumy dermanlananda ýa-da ösýän mahaly mineral dökünler bilen utgaşdyrlyp ýapragyndan iýmitlendirilende:
-Tohumlaryň ösüş we gögeriş energiýasynyň ýokarlanmagy;
-Köküň kuwwatly ulgamynyň emele gelmegi we işjeňleşmegi;
– Güýzlük bugdaýyň immun sistemasynyň berkemegi;
-Onuň biomassasynyň biomassasynyň düýpli ulalmagy;
– Kömeleklere we bakteriýalara durnuklylygynyň emele gelmegi;
-Güýzlük bugdaýda dürli oňaýsyz faktorlarda –dürli himikatlar bilen dermanlananda, çigreklikde, gurakçylykda we başgalarda stress ýagdaýyny bitaraplaşmagy;
-Hasylyň köpelmegi we önümiň hiliniň ýokarlanmagy;
Edagum. Güýzlük bugdaýda edagum mikrobiodöküni peýdalanylanda onuň dänesindäki iýmit elementleriniň mukdary ýokarlanýar. Dänäniň düzümindäki fosforyň saklanylyşy 49,5 % çenli artýar. Edagum mikrobiodöküni borly dökünler bilen utgaşdyryp ulanylan halatynda dänede kaliniň toplanylyşy 31,6 % -e çenli artýar. Bu bolsa onuň uzak wagt saklanylyşyna ýardam berýär. Edagum bilen iýmitlendirilen güýzlük bugdaýyň düzüminde gerekmejek maddalar azalyp, deregine krahmalyň köp toplanyp, kleýkowina-özlülik belogynyň artmagy başlanýar, şeýle hem krahmal we belok indeksiniň kadaly bolmagyna oňaýly täsir edýär.
Firuza Dosçanowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby