Nar – narlar masgalasyna degişli subtropiki gyrymsy miweli baglardyr. Miweleriniň bişip ýetişiş aýartynlyklaryna baglylykda ir bişip ýetişýänlerine nar, giç bişip ýetişýänlerine enar diýilýär.
Adaty nar- Punica granatum
Nar – gyrymsy agaç, boýunyň uzunlygy 5-6 metr, baldagy inçe, ýaş şahalary tikenli. Naryň sütün boýny, 4-5 sany hasyl getiriji
şahalary bolýar. Nar bir ýyllyk çybyklary, düypden çykýanlary bilen köpeldilýär. Nar agajy 15 gradus sowuk howa durnuklydyr. Gyş aýlary howa 20 gradusdan pes bolup, sowasa, naryň ýer üsti bölegini sowuk urýar. Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň howa we toprak şertleri nary gyş aýlary bassyrman ösdürip ýetişdirmeklige mümkinçilik berýär. Güli iki jynsly, diametri 2-3 sm, iki dürli güli bolýar.Küýze şekilli gülüniň miweligi uzyn bolýar, miwe emele getirýär. Jaňjagaz şekilli gülünde miweligi gysga bolýar, miwe emele gelmeýär.
Hasyl berýän nar bagynyñ hatar arasy sürülip ýa-da ýorunja ekilip saklanýar. Nar agajyny iýmitlendirmek üçin, dekabr-ýanwar aýlary gektara 20 tonna ders dökülýär we 60 kg kaliý dökünleri dökülip toprak gurplandyrylýar. Hasyl berýän nar agaçlaryna ösüş döwri 10-12 gezek joýalar bilen suw tutulýar. Gyş aýlary 5-10-njy fewralda kesim we timarlaýyş işleri geçirilýär. Kesim işi yzgar toplaýjy suwdan soñ geçirilse, nar agajyna 15-18 0С sowuk howa zyýanly täsirini ýetirmeýär. Nar agajynyñ ilkinji nobatda çykan öserleri arassalanyp aýrylýar. Hasyl berýän nar agajynyň döwülen şahalary kesilip, ýer üsti böleginde 5-6 sany hasyl getiriji şahalar galdyrylýar. Naryñ ýer üsti böleginden ýogyn öserler kesilip arassalanýar. Nar agajynyñ bir ýýlyk baldaklarynýn üçden bir bölegi kesilip täzelenýär.Kesim we timarlaýyş işleri geçirilenden soñ nar bagyna suw tutulýar.
Nar köplenç wegetatiw usuly – kökden çykýan çybyklar bilen köpelýär. Maýda-iýunda gülleýär, miwesi sentýabrda-oktýabrda bişýär Aşgabadyñ botanika bagynda we Türkmenistanyñ ösümlikleriñ genetiki resurslarynyñ tejribe stansiýasynda Garrygalada ösdürip ýetişdirilýär.
Weliýewa Aýnabat
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy