Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda nika bozulmasynyň sany iň bir az bolan döwletleriň biridir. Biziň jemgyýetimiziň ahlak binýady täze Galkynyş eýýamynda has-da berkeýär. Şeýle-de bolsa, ýaşlary milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemek jemgyýetiň hemişelik aladasy bolmaklygynda galýar. Maşgala şahsyýet bilen jemgyýetiň özara täsirini, olaryň islegleriniň we höwesleriniň bitewligini hem ileri tutulmalaryny üpjün edýän esasy institutlaryň biridir. Ol adama durmuşy maksatlar we gymmatlyklar dogrusynda, şeýle hem başçykaryjylyk we özüňi alyp baryş hakynda düşünjeler berýär.

Döwletiň ösýän şahsyýetiň bilim-hünär kämilliligi bilen bir hatarda onuň geljekki durmuşynyň doly manylylygyny üpjün etmäge niýetlenen aladalarynyň biri-de olary maşgala gurmaklyga taýýarlamak işidir. Şeýle alada jemgyýetçilik terbiýesiniň bir bölegi görnüşinde alnyp barylýar. Mekdep, maşgala, jemgyýetçilik bu işi guramakda ösýän şahsyýetiň dörediljek maşgalanyň häzirki zaman jemgyýetindäki ornuny aňlamaklygyny, onuň asyl maksat-meýline göz ýetinnekligini gazanmakdan ugur alýar. Maşgala onuň üçin öz aladalarynyň bir bölegini ýanýoldaşyňa geçirmeklige mümkinçilik berýän, öňküleriň üstüne goşulýan ýene-de bir oňaýlylyk görnüşinde kabul edilmeli däldir. Bu işde, bir tarapdan, göz öňünde tutulýan täze maşgalanyň durkunyň, çatynjalaryň ondaky özüni alyp baryş nusgalarynyň ulular tarapyndan boýdan-başa maksatnamalaşdyrylmagy ýa-da ulularyň oňa goşulman, işi özakymyna goýbermek ýaly birtaraplaýynlyklara ýol berilmeli däldir. Ösýän şahsyýeti maşgala gurmaklyga taýýarlamaklyk, bir tarapdan, adamzat jemgyýetiniň şu günki gününde bu hadysanyň mazmuny we hereketlenişini, ikinji tarapdan bolsa, halkyň milli medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşlylygyna laýyklykda amala aşyrylmalydyr. Eger-de iki juwanyň nika arkaly birleşmeginiň taryhy deslapky döwürlerinde hojalyk, ykdysady, köpeliş, terbiýe hyzmatlary ähmiýetli bolan bolsa, häzirki döwürde onuň duýgy-emosional, psihologik goldaw hyzmatlary aýgytlaýjydyr. Adamyň dünýäde özüniň ýeke-täkligini we şahsy gaýtalanmazlygyny aňlamaklygy ony ýekeligi ýeňip geçmeklige ugrukdyrýar. Ol kimdir biriniň özüne düşünmegine, kimdir biriniň özüni gereklemegini isleýär. Söýmek we söýülmekligi arzuwlaýar. Meseläniň çözgüdini nikada, maşgalada tapmaklygy göz öňünde tutýar. Adamyň durmuşy öz ýakyn gurşawyň, milli gymmatlyklaryň ugrukdyryjy täsirinde kabul edip, öz iş-gatnaşyklaryny guraýandygy mälimdir. Ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamagy türkmen maşgalasynyň nesilleriň arabaglanyşygynyň we aragatnaşygynyň tebiýeçilik goruny ulanmaga mümkinçilik berýän köpagzalylygy, dürlünesilliligi, ulularyň at- abraýynyň kiçiler üçin şertsizligi hem beýleki aýratynlyklaryny nazarda tutup guramak bu işiň ulgamlaýyn maksatnamasynyň eriş-argaç düzüjisi bolmalydyr. Taýýarlyk işiniň şahsyýet tarapyndan kemala getirilmeli sypat – ösýän şahsyýetiň nika, maşgala ruhy-psihologik taýýarlygy bolup, ol ýaş maşgalalaryň durnuklylygyny we berkligini kepillendirýän täsirdir. Nika taýýar bolmak jemleýji sypat bolup, öz gezeginde şahsyýetiň ýanýoldaşyna, geljekki çagalaryna degişlilikde üstüne täze borç-aladalary almak, şahsyýetara gatnaşyklara we arkalaşyga taýýarlygy, ýanýoldaşyň rowaçlygyny özüňkiden ileri tutmak, duýgularyň hem özüňi alyp barşyň ýokary estetiki medeniýeti, konfliktleri ylalaşykly çözmek, öz paýhasyňy we hereketiňi dolandyrmak ýaly häsiýetlerden durýar.

 Toraýew Allaberdi

 Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş taýýarlyk ugrynyň 1-nji ýyl talyby