Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyza medeni mirasymyza uly sarpa goýulýar. Ahalteke bedewlerimiz, halylarymyz, şaý seplerimiz, saz gurallarymyz ýaly Alabaý itleri hem milli baýlyklarymyzyň biri hasaplanýar. Bu gymmatlyklary ata-babalarymyz gözüniň göreji ýaly saklap, biziň günlerimize ýetirip bilipdirler. Köp asyrlaryň dowamynda öz asyl durkyny ýitirmän gelýän Alabaý itlerimiz ynsanyň dosty, ýalňyzlykda ýoldaşy, goragçysy hasaplanýar. Tükmen halky gadym wagtlardan bäri Alabaý itleri güjükliginden terbiýeläp, özüne ynamly, buýsançly itler edip ýetişdiripdirler. Türkmen halky Alabaýlarynda eýesine çäksiz wepalylyk, mähirlilik, duýgurlyk ýaly gowy häsiýetler jemlenendir.
Halkymyz adama wepaly ýoldaşy hökmünde Alabaýa halk döredijiliginde hem uly orun beripdir. Alabaý baradaky täsin maglumatlara halkymyzyň gadymy eserlerinde, dessanlarynda, eposlarynda we daşary ýurtly alymlaryň, şahyrlaryň, ýazyjylaryň eserlerinde hem duş gelmek bolýar. Olar öz eserlerinde Türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan Alabaý itleriniň wepalylygy, gaýduwsyzlygy, güýçliligi barada meşhur eserlerinde görkezilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Muňa mysal edip XIII-XIV asyrlarda ýaşap geçen beýik türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň Kysasyl Rabguzy (Kysasyl Enbiýa) II jiltlik eseriniň ikinji kyssa Hezreti Adam alaýhyssalamyň wakasynyň beýany bölüminde Adam ata bilen How enäniň ýere geleninde ilkinji dostunyň it bolandygy we onuň ýyndamlygy barada maglumatlara duş gelmek bolýar. Bu maglumatlaryň Türkmen Alabaýlary öz gözbaşyny uzak taryhdan adamzat emele gelende bilen emele gelen we şol döwürden bäri özüniň ýyndamlygyny, wepalylygyny, gaýduwsyzlygyny saklap gelendigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý ýaly meşhur taryhy-medeni ýadygärliklerinde we beýleki ýerlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda Alabaýlaryň ýüze çykarylan köp sanly arheologik tapyndylary itleriň iň gadymy tohumalarynyň biridigini tassyklaýar.
Taryhy maglumatlara ser salanynymyzda çeşmelerde saklanan arheologiýa we etnografiýa maglumatlarynyň tassyklaýşy ýaly, eziz Watanymyyzň çäklerinde şanly taryhymyzyň dürli eýýamlarynda gadymy Oguz han döwründe ýaşaýyşyň gülläp ösen gadymy ekerançylyk obalarynda, şa döwletleriň paýtagt şäherlerinde göwresi ägirt uly itleri, sähra şertlerinde küren-küren oba bolup ýaşan maldarlaryň hojalyklarynda bolsa çopan itlerini ýetişdirmek tejribesi giňden ýaýrapdyr. Munuň üçin tejribeli itşynaslar tarapyndan ýörite seçgi işleri geçirilip, itiň tohumynyň sapanlylygy berk gözegçilikde saklanypdyr we olar aýratyn naharlar bilen iýmitlendiripdirler. Netijede, türkmen sährasynda edil şirpeleňlere bäs gelýän türkmen alabaýlarynyň tohumy kemala gelipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylda neşirden çykan “Türkmen Alabaýy” kitaby ähmiýetli ylmy-barlag materiallarynyň toplumyna esaslanan bolup, türkmen halkynyň milli baýlygynyň türkmen Alabaýlarynyň düýpli öwrenilmegine uly goşant goşýar.
Bu eser diňe bir bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Türkmenler öz itlerinde batyrlyk we mertebe, gaýduwsyzlyk hem-de wepalylyk ýaly häsiýetleri terbiýäläp ýetişdirmegi başardy.
Mundan başga-da Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň edebi döredijiliginde Alabaý itleri barada:
“Pälwansyň sen, Alabaýym,
Edermensiň sen Alabaýym.
Gerek bolsa gerçeksiň sen, Alabaýym,
Türkmen milletiniň buýsanjysyň sen,
Alabaýym”. – diýip belläp geçýär.
Gahryman Arkadagymyz özüniň şahyrana döredijiligi bilen Alabaýlaryň gaýduwsyzlygyny we edermenligini wasp edip, olary milletiň buýsanjy we gymmaty hasaplaýan ahalteke bedewleri bilen bir hatarda görýär.
Zehinli pederlerimiziň yhlasly bilen ýetişdirilen alabaýlara soňky ýyllarda uly gyzyklanma bildirilýändigini nazara alyp, şeýle hem olary köpeltmegiň dürli ugurlar boýunça taýýarlamak meselelerine wajyp ähmiýet berilýär. Bu babatda ýurdumyzda nusgalyk işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan milli gymmatlyklarymyz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý olaryň janlary sag, belent başlary aman, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan döwletli işleri dowamat dowam bolsun!
Ogulnur Ataýewa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň uly mugallymy