Suwotular suwda, çygly toprakda ýaşaýarlar. Olar bir öýjükli we köpöýjükli bolýarlar. Suwotular iýmitlenişi boýunça awtotrof ösümliklerdir. Olar wegetatiw, jynsly we jynsly däl ýollar bilen köpelýärler. Wegetatiw köpelende bedeniň kömegi bilen, jynsly däl köpelende zoosporalaryň kömegi bilen, jynsly köpelende izogamiýalaryň, geterogamiýalaryň we oogamiýalaryň kömegi bilen köpelýär. Bir öýjükli suwotulara hlorella we köp öýjükli suwotulara spirogira, laminariýa degişlidir. Hlamidomonada bir öýjükli ýaşyl suwotudyr. Onuň üsti dury bardajyk bilen örtülip, onuň aşagynda sitoplazma bilen ýadro ýerleşýär.

Tomsuna amatly şertlerde hlamidomonada bölünmek bilen köpelýär. Bölünmezden öň ol hereket etmegini bes edýär we bogunlyk şekilli ösüntgilerini ýitirýär, soňra onuň ýadrosy we sitoplazmasy bölünýär, iki öýjük emele gelýär. Bu öýjükler öz gezegine bölünýärler.

Ýaşaýyş üçin amatsyz şertler başlananda (sowuk düşende, howdanyň guramagy) hlomidomonadanyň içinde gametalar döreýärler. Gametalar suwa aralaşýarlar we jübütleýin birleşýärler. Şunda zigota emele gelýär, ol galyň barda bilen örtülýär we gyşlaýar. Ýazyna zigota bölünýär, bölünmegiň netijesinde dört öýjük ýaş hlomidomonada emele gelýär.

Gök –ýaşyl suwotular öz gelip çykyşy boýunça has bir gadymy we ýönekeý gurluşy bolan ösümliklerdir. Olaryň Ýer ýüzünde 150-ä golaý urugy, 1500-e ýakyn görnüşi, Türkmenistanda hem 135-e golaý urugy, 1200-den gowrak görnüşleri bardyr. Gök-ýaşyl suwotular ýata suwly howuzlarda, süýji suwly ýaplarda, suw howdanlarynda, derýalarda, köllerde hat-da topragyň üstünde hem gabat gelýär. Olaryň arasynda ýylylygy halaýanlary, sowuga çydamlylary, ýokary temperaturaly gyzgyn çeşmelerde ýaşap bilýänleri hem köpdür. Tomus aýlary gök –ýaşyl suwotulary köpçülikleýin ösen wagtlary suwy “gülledýärler”. Şonda suw howdanlarynda, köllerde we beýlekilerde suw gögimtil – ýaşyl reňkde, ýakymsyz ysly we tagamly bolýar. Gök –ýaşyl suwotularyň wekilleri köplenç, berkleşen toprak emele getirip, planktonda ýaşaýarlar.

Gök –ýaşyl suwotular bir öýjükli, sapak şekilli we köplük bolup ýaşaýan kolonial organizmlerdir. Düzüminde saklaýan pigmentlerine baglylykda olaryň reňki dürli-dürlüdir. Olarda aýratyn hem, hlorofil bilen fikosian köpdür. Onda gyzyl (fikoeritrin) we mämişi (karotin) reňkli pigment hem saklanýar. Gök-ýaşyl reňkden başga her dürli reňkleriň birleşmegi suwotulary bezäp, oňa gülgüne hat-da mawy öwüşgin hem berýär.

 Annaýew Bezirgen

 Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby