Toprak bejergisiniň görnüşlerine we usullaryna doly we dogry baha bermek üçin ozaly bilen toprak bejeriji gurallar arkaly oňa täsir edilende nähili tehnologiki hadysalaryň bolup geçýändigini göz ýetirmek zerurdyr.

Esasy we ýüzleý toprak bejergisiniň gurallarynyň köp dürlidigine garamazdan olaryň topraga edýän täsiriniň tehnologiki taraplary şeýle köp däldir. Ollaryň esasylaryna agdarma, owranma, ýumşama, haşal otlaryň kesilmegi we beýlekiler degişlidir.

Agdarma – topragyň ýokarky we aşakgy gatlarynyň özara orunlaryny çalyşmagy. Oba hojalyk ekinleri ekilenden tä hasyl ýygnalyp bolýança birnäçe faktorlaryň täsir etmegi bilen topragyň üstki gatlagy dykyzlaşýar. Netijede sürümli gatlakda dürli fizikomehaniki häsýetli täze gatlak emele gelýar. Agdarma netijesinde dykyzlaşan gatlak owranýar we ujalyň düýbüne düşýär. Aşakdaky gatlak bolsa ýokary galýar. Ösümlikleriň galyndylary ders we beýleki dökünler haşal otlaryň galyndylary we ýere dökülen tohumlary, kesel döredijiler we zyýanly mör-möjekler topraga çuň gömülýärler. Agdarmanyň çuňlugu ekin dolanşygyndaky ekinleriň görnüşlerine, olaryň biologiki aýratynlyklaryna, meýdanlaryň haşal otlar bilen hapallanan derejesine, topragyň özleşen derejesine, şorluk we başga-da birnäçe sebäplere baglydyr. Türkmenistanyň suwarymly ekerançylygynda agdarmanyň aýratyn ähmiýeti bardyr.

Owranma–iri toprak bölejikleriniň maýdaja zerrelere dargamagy netijesinde bejerilýän gatlagyň ýumşaklygyň üýtgemegi. Topragyň ownujak digirli bolmagy onyň suw-howa we beýleki häsiýetlerine oňaýly täsir edýär.

Ýumşama –toprak zerrejikleriniň özara orunlaryny üýtgetmegi netijesinde has ulurak boşluklaryň emele gelmegi. Ýumşama netijesinde toprakda howa aýlanşygy we onuň suw geçirijiligi gowulanýar. Bu bolsa organiki maddalaryň çüýreme hadysasyny tizleşdirýär we netijede biohimiki hadysalar güýçlenýär hem-de ösümlikler üçin zerur bolan iýmit elementleriniň köp toplanmagyna ýardam edýär. Şoňa görä-de ýumşatmanyň esasy wezipeleriniň oba hojalyk ekinleri üçin ýaramly iýmit maddalarynyň we yzgaryň ýeterlik derejede toplanmagyna mümkinçilik döreýär. Toprak ýumşak bolanda ekinleriň kökleri has aşakdaky gatlara aralaşyp bilýär. Dürli ekinleriň biologiki aýratynlyklary bilen baglanşykda, olaryň topragyň ýumşaklyk derejesine bolan talaplary birmeňzeş däldir. Topragy ýumşatmak üçin dürli azallar, kerçeleýjiler, dyrmyklar, kultiwatorlar ulanylýar.

Garyşma-toprak zerrejikleriniň özara orunlaryny çalyşmagy. Garyşma netijesinde topraga dökülýän dökünler onda gowy ýaýraýarlar we toprakda endigan gatlak emele gelýär.

Dykyzlanma-toprak zerrejikleriniň özara jebisleşmegi we olaryň arasyndaky boşlajyklayň kiçelmegi. Dykyzlaşma netijesinde topragy ýel çalma hadysasy peselýär we yzgar ýitgisi azalýar, ekiş döwründe topraga düşen tohuma yzgar gowy barýar we çalt gögerýär.

Tekizlenme-topragyň üstündäki nätekizlikleriň düzlenmegi. Topragyň üsti tekiz bolanda ekişiň ýokary hilli geçmegi üçin, ýagny tohumyň gyradeň çuňluga düşmegi, hatarlaryň göni bolmagy, şeýle hem ekinleriň soňraky edegi üçin ýaramly şertler döreýär. Nätekiz topraklarda yzgaryň bugarşy tekiz topraga garanyňda ýokary bolýar. Şu ýokarda agzalan we başga-da birnäçe tehnologiki hadysalar toprak bejergisiniň dürli usullaryndan peýdalanmak arkaly amala aşyrylýar.

 Babažanow Atabek

 Türkmen oba hojalyk institutynyň

 Weterinar lukmançylygy fakultetiniň

    3-nji ýyl talyby