Häzirki wagtda MKS-iň içindäki kosmonawtlaryň hiç biri hem ýangynyň Awstraliýadaky ýaly «aýylganç möçberlerdäki» görnüşini hiç wagt görmändi. Bu barada italiýaly astronawt Luka Parmitano özüniň Twitter sahypasynda ýazypdyr.
Ol şeýle hem sosial torlarda MKS-iň içinde ýangynyň kosmosdan alnan suratlaryny ýerleşdiripdir we häzirki wagtda kontinentiň ýüzüni kül örtendigini ýazypdyr. Halkara kosmos stansiýasynda (MKS) häzirki wagtda Parmitanodan başga-da, russiýaly Aleksandr Skworsow we Oleg Skripoçka, şeýle hem amerikaly Kristina Kuk, Endrýu Morgan we Jessika Meir bar.
Awstraliýada eýýäm birnäçe aýdan bäri elhenç ýangyn dowam edýär. eýýäm 8 million gektardan gowrak tokaýlar ýok edildi, 2000-den gowrak öýler ýandy. Dürli maglumatlara görä, ýangyn sebäpli milliarda golaý haýwan aradan çykdy.