Türkmenistanyň oba hojalygy ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Oba hojalygynyň ösüşiniň esasy wezipeleri ekologik taýdan arassa ýokary hilli azyk önümlerine bolan ilatyň talaplaryny doly kanagatlandyrmak, gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün etmek, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak we täze hojalyk gatnaşyklaryny emele getirmek hem-de şonuň esasynda ýurduň azyk howpsyzlygyny berkitmek bolup durýar. Öňde goýlan maksatlar şu wezipeleriň çözülmegini talap edýär:
– oba hojalyk haryt öndürijileriniň ählisi üçin deň ykdysady.şertleri döretmek;
– agrosenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamak ulgamyny kämilleşdirmek;
– azyk bazarynyň infrastrukturasyny ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmak;
– agrosenagat toplumyny dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak;
– obada hojalygy dolandyrmagyň netijeli görnüşlerini we usullaryny durmuşa omaşdyrmak;
– ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň maýadarlaryny oba hojalyk pudagynyň ykdysadyýetine giňden çekmek hem ähli ykdysady serişdeleri peýdalanmagyň has netijeli ugurlaryny kesgitlemek, maliýeleşdinnegiň ähli çeşmelerinden gelýän serişdeleriň ýokary derejede peýda bermegini gazanmak, oba ýerlerinde durmuş ulgamyny, inženerçilik infrastrukturany ösdürmek üçin şertler döretmek.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurduň oba hojalygynda ykdysady özgertmeler giň gerim bilen durmuşa geçirilýär.
Daýhan birleşikleriň maliýe taýdan goldanylmagy, ýer, suw serişdeleri üçin tölegleriň ujypsyz bolmagy, salgyt tölemekden doly boşadylmagy, öndürilen önümleri eksport etmäge mümkinçiligiň berilmegi we beýleki ýeňillikler oba hojalyk önüm öndürijilere
Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan tehniki hyzmatlar, dökün satyn almak we beýleki harajatlar üçin 50%-lik ýeňillikler bermek arkaly goldaw berilýär. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişini höweslendirmek maksady bilen, etiň, süýdüň, ýumurtganyň, miwe we gök önümleriniň nyrhlary erkinleşdirildi. Bularyň hemmesi oba hojalyk önümçiliginiň gerimini giňeltmek üçin şertler döredýär.
Hekimow Guwanç
Türkmen oba hojalyk institutynyñ Weterinar lukmançylygy fakultetiniñ 1-nji yyl talyby