Täze jemgyýet gurluşyna geçiş döwrüniň başynda ilki bilen ozalky synplaryň, sosial toparlaryň we gatlaklaryň raýdaşlygynyň esaslary gowşady hem kem-kemden dargamak bilen.boldy. Sebäbi turuwbaşdan döwlet eýeçiliginiň ýeke-täk we ählumumy agalyk ediji görnüşinde bolmagynyň soňuna çykyldy.
Hususyeýeçiligiň döremekligine we ösmekligine hukuk esaslary döredildi. Bu döwürde türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy dikeldilip, dünýägaraýyşlaryň, pikirleriň hem ruhy gymmatlyklaryň dürli-dürliligi emele geldi. Jemgyýetiň düzüminde täze gatlaklar we toparlar: telekeçiler, ýer eýeleri, mülkdarlar ýüze çykyp başlady. Dürli bähbitli ykdysady toparlaryň köpelmegi we bölünmegi, paýlaýşyň görnüşleriniň üýtgemegi, jemgyýetçilik baýlygyndan peýdalanmagyň usullarynyň özgermegi, söwda, alyş-çalyş gurşawynda, bank-karz, dolandyryş ulgamlarynda girdeji edinmegiň täze mehanizmleriniň döremegi hususyýetçileriň düzümini köpgörnüşli edýär. Şolaryň täsiri bilen ýurtda täze döwrüň sosial gatlaklarynyň döremegi üçin mümkinçilikler açylyp ugrady. Olar sosial kökleri, eýeçiligiň gelip çykyşy, işewürlik medeniýeti, milli.däp- dessurlar, durmuş keşpleri bilen tapawutlanýarlar. Olar jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda işleýänleriň, ozalky synplaryň we gatlaklaryň hasabyna köpelmäge mümkinçilik alýarlar. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllary işçiler synpynyň düzüminde üýtgeşmeler bolup geçdi. Onuň esasy bölegini döwlet sektorynda işleýän işçiler düzýär.
Ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk ýaly ykdysadyýetiň esasy pudaklary entäk döwletiň elinde saklanýar. Şonuň üçin bu ýyllar döwlet eýeçiligi bilen baglanyşykly bolan industrial işçiler bu synpyň esasy bölegi bolup galdy. Önümçiligi alyp barmagyň täze düzümleriniň bu pudaga aralaşmagy (paýdarlar jemgyýetleri, konsernler, önümçilik birleşmeleri, bilelikdäki.kärhanalar we başg.) industrial işçileriň bir bölegini bazar gatnaşyklaryna iterýär. Olar tilsimaty we ykdysady täzelikleriň meýdançasyna çekilýärler. Industrial işçileriň beýleki bir topary bazar gatnaşyklaryna taýyn däl. Bu topar ykdysadyýetiň owalky gurluş bilen baglanyşykly, geçiş döwrüniň başynda taryhy inersiýaň hereketi bilen ýaşaýan pudagynda özüni oňaýly duýýar. Bu gatlak özüniň sosialykdysady derejesiniň üýtgeýänligine garamazdan, ruhy-ahlak jähtden özüni täze ykdysady düzümler bilen baglap bilenok. Onuň sosial nazarlanmasy döwlet tarapyndan berilýän, üpjün edilýän aýlyk haka, dürli töleglere hem kömeklere gözügen. Bu gatlagyň agzalary konserwatiw meýilli. Täzelikler olary gorkuzman duranok. Şol bir wagtda hem täzeden ösýän dokma, ulag we beýleki pudaklarda işçiler synpynyň täze bir gatlagy kemala gelip başlaýar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünariniň 4-nji ýyl talyby Ahmedow Ahmet