Türkmen halky öz garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra täze dünýägaraýşyň zerurlygy mese-mälim duýuldy. Ýurtda XX asyryň uzak döwründe agalyk eden synpy bähbitleri goraýan marksistik taglymat türkmen halkynyň bähbitlerini aňlap bilmedi. Ol milli gymmatlyklary ma- nylaýyn kabul etmän, hakykatda inkärläp geldi.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda adamlar onuň täsirinden doly çykyp bilmeýändikleri sebäpli, olaryň aňy garaşsyzlyga düşünip ýetişmeýärdi. Şonuň üçin olar şindi baknalyk psihologiýasyndan azat däldiler. Şol sebäpli täze adamy ýetişdirmeklik döwletiň çözmeli iň.wajyp meselesine öwrüldi. Başlangyç döwürde bu meseläniň çözgüdi ilki bilen milliligi berkitmeklik bilen baglanyldy. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra bu iş milli türkmen döwleti tarapyndan amala aşyryldy. Milli gymmatlyklardan ugur alýan bu döwlet biziň jemgyýetimizde geçýän ähli özgerişleriň, şol sanda ykdysady, syýasy we medeni özgerişleriň gözbaşynda durup, olary milletiň bähbidine gönükdirmeklige hem-de milliliginiň dikeldilmegine hyzmat etdi. Bu wajyp iş biziň jemgyýetimiz üçin örän ähmiýetlidir. Sebäbi geçmişde taplanan türkmeniň aňy azat hem-de erkin durmuşy gumamaklyga gerek bolan zähmet endikleriniň hem ahlak kadalarynyň degerli görnüşlerini öz içine alandyr. Biziň ata-babalarymyz öz hereketlerini doly ylmy esasda gurnamasalar-da, umuman, olar akylly-başly hereket edip bilipdirler. Şonuň üçin geçiş döwründe geçmişde halkymyzyň toplan baý medeni mirasyny we durmuş tejribesini jemgyýete gaýtaryp getirmeklik işinde şol döwürde döredilen Milli medeni miras merkezi, Türkmenistanyň ilkinji Prerzidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň “Ruhnama” eseri hemaýat etdi. Geçiş döwründe jemgyýetçilik aň-düşünjesini kemala getirmegiň ýolunda wajyp menzil geçildi. Şu ugurda edilen işleriň iň möhümi şol ýyllarda dikeldilen we häzirki döwürde ösdürilýän milletimiziň milli ruhy gymmatlyklary hem däp-dessurlary bolýar. Biziň ata-babalarymyz öz geljekki nesillerine baý medeni mirasy goýup gitdiler. Özbaşdaklyga eýe bolanymyzdan soňra, şu mirasyň hakyky mirasdüşerleriniň, oňa eýe bolmaklaryna şert döredi. Bu ýyllar geçmişde halkymyzyň galkynyşlaryna itergi beren türkmeniň asyl mhy ýörelgeleri esasynda jemgyýetiň özgeriş ýoluny kesgitlemeklige çalşyldy. Halkymyzyň ruhy dünýäsine çuňlaşyp, ony millet eden adamkärçilik pähimleriniň dürdänelerini ýüze çykarmak, häzirki we geljekki nesilleriň olary özlerine nusga edinip almaklary üçin bu gymmatlyklary jemgyýete gaýtaryp getirmek örän möhüm iş boldy. Olar jemgyýetiň ähli edaralaryna, onuň durmuşyny özgerdýän ýörelgelerine milli häsiýet bermeklige esas döretdi.
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünariniň 4-nji ýyl talyby Artykow Dessan